DÜNÝÄ

Dünýädäki iň uzyn welosiped ýoly

Türkiýäniň Hataý welaýatynyň Samandag we Arsuz etraplaryny birleşdirýän 25 kilometrlik awtoulag ýolunyň gapdalynda döredilen welosiped ýoly “dünýäniň iň uzyn welosiped ýoly” ady bilen meşhurdyr.

“Dünýäniň iň uzyn ýoly” 25 kilometr uzynlygynda bolup, ýoluň ini 2,3 metre barabardyr. Bu ýer Türkiýäniň welosiped sürüjileriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri hasaplanýar.

Bu ýer özüniň tebigy gözelligi bilen hem tapawutlanýar. Deňiz bilen özboluşly sazlaşýan bu owadan ýolda syýahat etmek her bir ynsana lezzet paýlaýar. Soňky wagtlar koronawirus pandemiýasy sebäpli welosipede bolan islegiň has-da artýandygyny hem aýratyn bellemegimiz gerek.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasy hyzmatdaşlygyny ösdürer

ABŞ-da prezident saýlawlary: 70 million saýlawçy ses berdi

Türkmenistan Monako ilçi belledi

Täjigistanda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi

Türkmenistanda Halkara täjirçilik arbitraž merkezi dörediler

Türki dünýäsiniň sammiti: Ärdogan döwlet, Orban resmi sapar bilen Gyrgyzystana barar