TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady.

Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville Blanche” atly ýene-de bir fransuz restorany barýar. Internet neşiriniň okyjylary bu restoranlary “Arzuw” we “Ajaýyp ýer” diýip atlandyrdylar.

Şeýle hem bu sanawda üçünji orny Argentinanyň “Çila” restorany eýeledi. Mundan başga-da, iň gowy restoranlaryň sanawynyň ilkinji 25-ligine Angliýa, Italiýa, Ispaniýa, Meksika, Ysraýyl, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika, Hytaý we Germaniýa ýaly ýurtlaryň restoranlary girdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Teswirle