TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýädäki adaty bolmadyk howa menzilleri

Biz hormatly okyjylarymyzy dünýäniň täsin ýerleri we binalary bilen tanyşdyrmagymyzy makul bildik. Şu nukdaýnazardan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatanturkmenistan.com saýtynyň agzybir işgärleri bolup, mähriban okyjylarymyzy dünýädäki adaty bolmadyk howa menzilleri bilen tanyşdyrmagymyzy makul bildik!

Dubaý – Iň uly howa menzili

Planetamyzda köp uly howa menziller bar, ýöne olaryň arasynda iň görnüklisi Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän “Dubaý” howa menzili bolup durýar. Dubaý howa menzilinde üç terminal bar, ikinjisi şübhesiz dünýädäki iň ulusydyr. Üçünji terminalyň meýdany 1 million inedördül kilometrden gowrak bolup, iki binadan ybarat.

Ikinji terminalyň çäginde ýolagçylary amatly şertler bilen üpjün etmek üçin zerur zatlar bar. Terminalda bäş ýyldyzly myhmanhana, güýmenje merkezleri we fitnes otaglary ýerleşdirilen. Umuman aýdylanda, onuň meýdany 2 million inedördül kilometre çenli uzaýar.

Aeroport  90 awiakompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýär we alty yklym boýunça  40 sany ugra gatnaw amala aşyrýar. Dubaý howa menzili ýylda 90 million ýolagça hyzmat edýär we 2,5 million tonna ýük daşaýar.

Demir ýoly kesip geçýän – howa menzili

Täze Zelandiýanyň demirgazygynda Gisborn şäherinde howa menzili ýerleşýär. Şäheriň töwereginde uly ilatly ýerler bolmansoň, uçarlar bu howa menziline gaty seýrek gonýarlar. Bu howa menziline kiçijik uçarlar gonup bilýärler, sebäbi howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy gaty dar bolup gurlan. Ýerli ýaşaýjylardan başga, onuň barlygy hakda hiç kim bilmeýär. Bu howa menziliniň aýratynlygy, uçarlaryň uçuş-gonuş zolagyndan demir ýol menzili geçýär we bu demir ýol menzili uzak wagt bäri işleýär, şonuň üçin uçarmanlar käwagt hereket edýän otlynyň zolakdan geçmegine garaşmaly bolýarlar.

Iň howply howa menzili

Iň howply howa menzillerinden biri Karib deňziniň Sen-Martin adasynda ýerleşýär. Bu howa menzili Ikinji jahan urşy döwründe gurulýar we doly hukukly howa menziliniň esasyna öwrülýär, şeýle hem bütin dünýäde şa gyzy “Ýuliana” atly howa menzili hökmünde meşhurdyr. Uçuş-gonuş zolagynyň bir ujy “Maho” deňiz kenarynyň golaýynda ýerleşýär. Uçuş wagtynda uçarlar bary-ýogy 10 metr aralykda syýahatçylaryň üstünden uçup geçýärler. Umuman aýdanyňda, Sen-Martin adasy dynç almak üçin ajaýyp ýer hasaplamak bolar. Şu güne çenli howply howa menzili bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlar hasaba alynmady.

Iň gysga zolakly howa menzili

Saba adasy – Sen-Martin adasyndan takmynan 46 km uzaklykda ýerleşýär. “Hianço-Irauskin” howa menziliniň hem bir gyzykly aýratynlygy bar. Uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygynyň bary-ýogy 300 metrden ybarat bolup durýar. Uçarmanlaryň uçary gondurmak üçin wagty gaty az bolup durýar, şonuň üçin diňe ownuk uçarlaryň tejribeli uçarmanlary adada gonup bilýärler.

Gara ýolly-howa menzili

Angliýanyň meýdanynda Gibraltar sebitinde üýtgeşik bir howa menzili gurulan. Onuň uçuş-gonuş zolagy bu sebitde esasy ýol hasaplanýan giň ulag ýoly bilen kesişýär. Uçar uçup ýa-da gonmaga taýynlananda, ýoluň hereketi togtadylýar we awtoulag sürüjileri uçarlaryň uçmagy üçin birnäçe minut garaşmaly bolýarlar. Elbetde, ullakan uçaryň ýolunda awtoulag galmazlygy üçin ýol öňünden ýapylýar. Bu howa menzilinde köplenç harby uçarlar uçýarlar, ýöne käwagt hem beýleki raýat uçuşlary amala aşyrylýar.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle