TESWIRLER

Dünýä ýyldyzlary sekiz sagatlyk onlaýn konsert berdi

Billi Aýliş, Ledi Gaga, Pol MakKartni, Elton Jon we beýleki ýyldyzlar göni ýaýlymda 8 sagat onlaýn görnüşde çykyş etdiler. Konsert koronawirus bilen göreşýän lukmanlary goldamak üçin gurnaldy. 8 sagat dowam eden bu çärede 127,9 million dollar haýyr-sahawat ýygnaldy.

Meşhur “The Rolling Stones” rok toparynyň efirde peýda bolmagy tomaşaçylary üçin hakyky sowgat boldy. Konserte gatnaşyjylaryň ähli wideokonferensiýa arkaly öz öýlerinden aýdymlaryny ýerine ýetirdiler, sazlary çaldylar.

“Bir dünýä: Öýde bilelikde” şygary bilen geçirilen onlaýn konsertde adamlaryň arasynda agzybirligiň we raýdaşlygyň möhümdigini bellän we adamlaryň saglygy üçin göreşýän saglygy goraýyş işgärlerine sag bolsun aýtmagy maksat edinen iňlis aýdymçysy Rita Ora “Lonely Together” aýdymyny ýerine ýetirdi.

Konserte gatnaşan Elton Jon “I’m Still Standing”, “The Rolling Stones” topary “You Can’t Always Get What You Want”, Jennifer Lopez “People”, Stiw Wonder “Lean on Me” aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Bu konsert dünýäniň köp sanly teleýaýlymlarynda hem-de “Youtube” ýaýlymynda efire berildi. “Youtube”-däki 8 sagatlyk göni efiri 500-750 müň adam bir wagtyň özünde tomaşa etdi, ýaýlymdan soňky ilkinji 12 sagadyň dowamynda 17 million 500 müň adam konsertiň ýazgysyna tomaşa etdi.

Ýene-de okaň

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri

Çaga Robot Däldir

Ata Watan Eserleri

Arkalaşan dag aşar : Ot almaga gelen ýaly

Ata Watan Eserleri

Dünýä deňelen düýäm

Ata Watan Eserleri