30/10/2020 11:58
Home DÜNÝÄ Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

 

Nobel baýragy diýlip atlandyrylýan abraýly halkara baýragyň Ykdysadyýet ugry boýunça ýeňijiler mälim edildi. Amerikaly alymlar Pol Milgrom we Robert Wilson “auksion teoriýasyny kämilleşdirendigi üçin” bu baýraga mynasyp görüldi, baýragyň eýeleri diýlip yglan edildi.

Bu teoriýa, adaty görnüşde satmasy kyn bolan harytlar we hyzmatlar üçin niýetlenendir. Bu dünýädäki satyjylara, alyjylara we salgyt töleýjilere peýdaly boldy.

Pol Milgrom 72 ýaşynda, Robert Wilson 83 ýaşynda. Ikisi hem Stenford uniwersitetinde mugallymçylyk kärini ýöredýär.

Alfred Nobeliň hatyrasyna Ykdysadyýet baýragy 1968-nji ýylda döredildi. Baýragyň pul sowgady Nobel gaznasyna Döwlet banky tarapyndan berilýär. Baýrak Stokgolmda ýerleşýän Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasy tarapyndan berilýär.

Baýraga dalaşgär görkezmek hukugy Şwesiýanyň Korollyk Ylymlar akademiýasynyň agzalaryna, ykdysadyýet baýragynyň eýelerine, Daniýa, Islandiýa, Norwegiýa, Finlýandiýa we Şwesiýa uniwersitetleriniň ykdysady ylymlar boýunça mugallymlaryna degişlidir.

Häzirki wagta çenli Nobel baýragynyň Ykdysadýet ugry boýunça 84 alyma berildi. Olaryň 82 erkek alym bolup, diňe 2 sanysy zenan alymdy.

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  Habarymyz-türkmen metbugatynda

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji...

Ankarada Türkmenistan sergisi

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy  we 2020-nji Türkmenistan Bitaraplygyň Mekany ýyly mynasybetli, 2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen TÜRKSOÝ guramasynyň bilelikde...

Çempionlar ligasy: “Lokomotiwden” garaşylmadyk oýun

Düýn Çempionlar ligasynda gyzykly duşuşyklar geçirildi. Olaryň biri hem Russiýanyň Moskwa şäherinde bolup geçdi. Ýagny “A” toparda “Lokomotiw Moskwa” futbol topary öz meýdançasynda ýaryşyň...

Dünýäde sosial mediýa ulanyjylaryň sany artdy

“Global Statshot Digital 2020” statistikasy oktýabr aýynyň hasabatyna görä, dünýädäki internet hem-de sosial mediýa ulanyjylaryň sany kesgitlendi. “TheNextWeb” web saýtynyň hasabatynda, dünýädäki sosial media...