8.9 C
Istanbul
29/05/2020 5:03
Home DÜNÝÄ Ýapon kompaniýasyndan Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklipleri

Ýapon kompaniýasyndan Türkmenistana hyzmatdaşlyk teklipleri

Energetika ministrliginde Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen wideomaslahat görnüşdäki duşuşyk geçirildi. Onda garalan meseleleriň hatarynda ykdysady taslamalar babatda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we onuň geljegi ýaly ugurlar boldy.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy we beýleki pudaklarda tagallalary utgaşdyrmagyň has netijeli boljakdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýapon tarapynyň wekilleri maýa goýum, öňdebaryjy tehnologiýalaryny we önümçiligiň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda toplumlaýyn başlangyçlary öňe sürdüler. Olaryň pikirine görä, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda tehnologik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde işewür gatnaşyklar üçin ähli zerur şertler döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanmalary beýan edildi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çagalar sungat mekdebi okuwa kabul edýär

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin saz gurallarynyň dürli ugurlary we görnüşleri boýunça şu aşakdaky bölümlere...

Diplom ykrar etmek :Döwlet Synaglarynyň Guralyşy

Daşary ýurtlarda alynan diplomlary ykrar etmek üçin olaryň eýeleri Türkmenistanyň jemgyýeti öwreniş we hünär ugruna degişli dersler boýunça Döwlet synaglaryny bellenen tertipde tabşyrýarlar. Döwlet synaglary ...

Gün urmadan goranalyň

Tomus paslynyň golaýlamagy bilen ýiti Gün şöhlesini emele getirýär. Käwagtlar tomus paslynyň ýiti Gün şöhlesi adamlarda gün urma hadysasyny emele getirýär. Biz hem gündelik...

Niderlandlar bilen gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyk

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleler ara...