8.9 C
Istanbul
02/06/2020 11:23
Home DÜNÝÄ Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda optiki-süýümli ulgam dörediler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda optiki-süýümli ulgam dörediler

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň we «Azertelekom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň wekilleriniň arasynda wideomaslahat geçirildi. Onuň dowamynda pudaklaýyn türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn duşuşygynda Hazar deňziniň düýbi boýunça Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak hakyndaky taslamany durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugruny öz içine alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşy we Siýazan şäherleriniň baglanyşjakdygy hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda aragatnaşygyň telekommunikasion ugurlaryny kämilleşdirilmegi ugur edinýän hyzmatdaşlygy berkitjekdigi bellenildi.

Türkmen tarapy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekommunikasiýa ulgamy boýunça işjeň strategiýasyndan ugur alyp, bu taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly teklipleri taýýarlady. Ol ykdysady, tehniki we beýleki degişli ugurlar boýunça garamak hem-de ylalaşmak üçin hödürlenildi.

Şeýle hem taraplar telekommunikasiýa pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek meselelerine üns berdiler we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagyň, ulanmagyň, hyzmat etmegiň we goramagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda hukuk hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji...

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy. Sebitleýin...

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dünýäniň iň uly elektrikli uçarynyň synagy

Dünýäniň iň köp ýolagçy kabul edýän elektrik togy bilen işleýän “MagniX” uçarynyň synag uçuşy amala aşyryldy. häzirki wagtda elektrik togy bilen işleýän ulaglar kem-kemden...

Messi gaýdyp gelýär

Dünýäde koronawirus pandemiýasy ýüze çykandan soñ, futbol çempionatlar hem wagtlaýyn arakesme yglan edildi. Indi bolsa şol arakesmelerden soñ futbol älemi täzeden başlaýar. Eýýäm Germaniýanyñ...

DILLERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSI

Dünýäde bäş  müňden gowrak dil bolup, olaryň käbiri köp adamlar tarapyndan ulanylýar. Ýagny, 14 dil 100 milliondan gowrak adamlar tarapyndan ulanylýar. Käbirleri bolsa diýseň...

Bogunlaryň Nanofonologik Molekulalary

Rus dilinde  “15 + 1 = ма-” nusganyň iki gezek gaýtalanmagy bilen emele gelýän dört harply iki bogunly, iki bogny-da açyk bolan söz (ма-ма)...