28/01/2021 20:57
Home DÜNÝÄ Özbegistan “Oskara” dalaş edýär

Özbegistan “Oskara” dalaş edýär

Özbegistanyň Oskar komiteti tarapyndan Ýolkin Tuýçiýewiň “Faridanyň 2 müň aýdymy” atly filmi “Iň gowy halkara çeper film” ugry boýunça “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Bu barada “Özbekkino” milli agentliginiň maglumat gullugy habar berýär.

93-nji “Oskar” baýragyna mynasyp bolan ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki meşhur “Dolby” teatrynda geçiriler. Deslapky baha bermelerine görä, baş baýragy Sem Medensiň “1917” atly filminiň almagyna garaşylýar. Häzirki wagtda kino dünýäsiniň iň uly baýragyny iň köp ugur boýunça gazanan film “Jokerdir”. Ol 11 ugur boýunça bu baýraga mynasyp boldy.

Ýolkin Tuýçiýewiň “Faridanyň 2 müň aýdymy” atly filmi Iň gowy halkara çeper film” ugry boýunça bu baýraga hödürlendi. Bu film “Özbekkino” milli agentliginiň buýurmasy boýunça “Fox Music Cinema” kompaniýasy tarapyndan surata düşürildi.

Filmde Bahrom Matçonow, Ýulduz Rajabowa, Elmira Rahimjonowa, Marjon Uljaýewa, Sanobar Haknazarowa, Hodira Hojikulowa we beýlekiler surata düşdiler.

Özbegistanyň Oskar komiteti “Özbekkino” milli agentligi, Yaşlar guramasy we Özbegistanyň Milli film komissiýasynyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda döredildi.

Okap bilersiňiz  Türkmen-german hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Okap bilersiňiz  Ýurdumyzda mekdep bazarlary açylýar

IŇ TÄZE HABARLAR

Aşgabatda dabara: Baş Assambleýanyň başlygy Wolkan Bozkyr çykyş eder

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndna 2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýilip yglan edildi. Halkara parahatçylyk we...

Kosmosa syýahat

Amerikanyň “Axiom Space” atly kosmos syýahatçylyk kompaniýasy bu gezek syýahatçylary “NASA, EKA” we beýleki kosmos agentlikleriň kosmonawtlaryň bolýan halkara kosmos stansiýasyna syýahatçylyga ibererler. Şeýle...

“Gazprom” Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagyny ýokarlandyrar

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 2020-2035-nji ýyllarda Türkmenistandan tebigy gaz satyn almagy artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada TASS habarlar gullygy tarapyndan 2035-nji ýyla çenli Russiýada gaz pudagyny...

Garaşsyz Diýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze 2021-nji ýylda mähriban Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar.
Okap bilersiňiz  Hadise Türkmenistan’da Konserde Sahne Aldı
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Gahryman Arkadagymyzyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmen dilinde ilkinji onlaýn krossword :Atavatan Krossword

Ählimize 24 sagat deň  berilýär. Esasy zat, şu berlen 24 sagady nädip peýdaly we şol bir wagtda gyzykly ulanmagymyz bilen baglydyr. Bu habaryň özeni,...

Elektrik energetika ulgamynda goşmaça ylalaşyklar

“Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda möhüm desga—Kerki--Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy ulanylmaga...

Dünýäniň iň gymmat markalary

“Brand Finans” atly halkara markasyna baha beriş guramasy tarapyndan taýýarlanan “Dünýäniň iň gymmat 500 markasy-Global 500-2021” gözleg işlerini tamamlady. Gözleg işleriniň jemi boýunça “Apple”...

Angliýanyň ekologiýa taýdan arassa topary

BBC teleýaýlymy we BMG guramasynyň “Sport – howany goramagyň tarapynda” atly maksatnamasy bilen bilelikde Angliýanyň milli futbol çempionaty bolan “Premýer-liga” çempionatynda ekologiýa taýdan iň...