25/01/2021 23:02
Home DÜNÝÄ Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlarynyň netijesi

Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlarynyň netijesi

Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlary geçirildi. Berlen sesleriň 98 göteriminiň sanalmagy esasynda ýurduň Prezidenti we premýer-ministri wezipelerini öz ýerine ýetiren Sadyr Japarowyň ýeňiş gazanandygy mälim edildi. Bu barada dürli metbugat gulluklary habar berýär.

Sadyr Japarow sesleriň 79,2 göterimine eýe boldy. Bu görkezijide onuň ýeňiş gazanmagyna mümkinçilik berýär.

Şeýle hem ýurtda prezident saýlawlary bilen bir hatarda ýurdy dolandyrmagyň görnüşini üýtgetmek babatda hem sala-salyşlyk geçirildi. Saýlawçylaryň agramly bölegi ýurduň prezident respublikasy bolmagy üçin ses berdi.

Ýurt boýunça saýlawlar gününde 2,4 müň saýlaw uçastogy hereket etdi. Şol saýlaw uçastoklarynda 3,5 million gyrgyz raýaty ses bermek mümkinçiligine eýe boldy.

Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan dalaşgär Sadyr Japarow ýakyn iki-üç ýylyň içinde ýurduň täzeden ösüş ýoluna girjekdigini belledi.

Ýurtda geçirilen prezident saýlawlaryna 17 dalaşgär gatnaşdy.

Sadyr Japarow 1968-nji ýylyň 6-njy dekabrynda dünýä indi. Gyrgyz döwlet bedenterbiýe institutyny hem-de Gyrgyz-rus slawýan uniwersitetini hukuk fakultetini tamamlady.

1994-2005-nji ýyllar aralygynda birnäçe nebitgaz kompaniýalaryna ýolbaşçylyk etdi. 2005-nji ýylda ýurduň parlamentine saýlandy. Birnäçe döwlet edaralarynda işledi.

Okap bilersiňiz  Türkmen metbugatynda- 28.02.2019

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Okap bilersiňiz  Hepdelik täleýnama (28-sentýabr, 4-oktýabr)

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Sport we bedenterbiýäni ösdürmek üçin täze maksatnama

Ýurdumyzda  “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy” kabul edildi. Bu babatda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde degişli Karara gol...

“Umytly dalaşgär”

Sabyrsyzlyk bilen gyzynyň habaryna garaşyp oturan Dünýä gelnejäniň el telefonyna jaň geldi we ol jaň edýäniň kimdigine-de seretmän dessine aldy. Jaň edýän kişi bolsa...

Sanly ykdysadyýetde alnyp barylýan işler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, ýurdyň töleg ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini...

Adam Ata bilen duşdy

“Magtymguly, Sözüm Gysga, Şerhı Köp” atly makalamyza dowam edýäris. Aýdyşyk häsiýetli şygyr 10 bent, 40 setirden ybaratdyr. Aslynda goşgy ataly (Azady) ogul (Magtymguly) arasyndaky...