30/10/2020 12:32
Home DÜNÝÄ 16-njy oktýabr Bütindünýä Azyk güni

16-njy oktýabr Bütindünýä Azyk güni

Bütindünýä Azyk güni dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip geçilýär. Bu şanly sene 1945-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň döredilen senesi mynasybetli her ýylyň 16-njy oktýabrda bellenilýär.

Baýramçylygy Bütindünýä Azyk Maksatnamasy we Halkara Oba hojalygy boýunça Ösüş Gaznasy ýaly azyk howpsuzlygy bilen baglanyşykly beýleki halkara guramalar tarapyndan giňden bellenilýär.

Bütindünýä azyk güni 1979-njy ýylyň noýabr aýynda guramanyň 20-nji umumy konferensiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan döredildi. Şondan bäri indi her ýylda 150-den gowrak ýurtda Bütindünýä Azyk güni bellenilip geçilýär.

Ýeri gelende, dünýäniň iň meşhur baýraklarynyň biri bolan Nobel baýragynyň Parahatçylyk ugry boýunça 2020-nji ýylyň ýeňijisi hökmünde Bütindünýä Azyk Maksatnamasynyň mynasyp görülmegini hem aýratyn bellemegimiz gerek.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Welotrek boýunça Dünýä çempionatyna taýýarlyk görler

Türkmenistanda sportuň meşhur görnüşlerini, şol sanda dünýäde giňden ýaýran we Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welosiped sportyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan anyk işler barada hasabat...

Sen gelersiň, gelersiň sen men diýip…

(hekaýa) Adatça bolşy ýaly, bu günem ir bilen işe gitmek üçin duralga bardym. Awtobusam uzak garaşdyrman geldi. Awtobusyň içinde pessaýdan mylaýym ýaňlanýan aýdym adamlaryň göwnüni göterýärdi....

Awtoduralgalar we guşçulyk toplumy hususylaşdyrylar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar...

Stambul metrosynyň täze ugurlary

28-nji oktýabrda Türkiýede “Mejidiýeköý– Mahmutbeý” ugry boýunça täze metro açyldy. Ilkinji ugry göni aragatnaşyk Stambul şäheriniň hkimi Ekrem Imamoglunyň görkezmesi esasynda sagat 12:00-da başlady....