Dünýä pulunyň gysgaça taryhy

Pul, alyş-çalyş serişdesi hökmünde işlemegi netijesinde iki haryt ýa-da hyzmat alyş-çalşygy wagtynda üçünji haýyr hökmünde oýnaýar we bu alyş-çalşygy dürli döwürlerde we ýerlerde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Alyş-çalyş serişdesi bolmak funksiýasyny ýerine ýetirmek bilen, bu iki haryt  ýa-da hyzmatlaryň şol bir ölçeg birligi bilen beýan edilmegine mümkinçilik berýän hasap we baha birligi bolmak funksiýasyny ýerine ýetirýär. Pul adamzadyň ösüşine we öndürilen gymmatlyklary goramagyň zerurlyklaryna hyzmat edýändigi sebäpli, ýokarda sanalan iki esasy funksiýadan başga-da, toplanmagyň elementi hökmünde hem görülýär. Häzirki döwürde puluň bu aýratynlyklaryndan başga-da ösen ýurtlarda ykdysady syýasaty durmuşa geçiriş guraly bolmak aýratynlygynyň goşulandygyny aýdyp bileris.

Kagyz görnüşinde pul dolanyşygy biziň eramyzyň VII asyrynda Hytaýda bolup geçipdir . Gazylyp alynýan magdanlardan ybarat bu gymmatlyk saklaýyş gurallary, eýelerine gorag zerurlygyny getirdi. Hususan-da, söwdagärler bu gymmat bahaly metallary syýahat wagtynda daşamakda kynçylyk çekmezlik we töwekgelçilik etmezlik üçin ynanýan adamlaryna ynanypdyrlar we öwezine ýazmaça resminama alyp başlapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu ynam bellikleri möhürlenip, üçünji taraplara geçirildi, ýagny ykdysady gymmatlyklaryň dolanyşygynyň çaltlaşmagyna sebäp boldy. 1120-nji ýyla çenli merkezi hökümetler puluň ähmiýetine we artykmaçlygyna düşündiler we pul çap etmekde monopoliýa döredip, döwlet pullaryny çap edip başladylar.

Banknotyň Ýewropa sebitinde ykrar edilmegi biziň eramyzyň XIII asyrynda Marko Polo ýaly syýahatçylaryň kömegi bilen bolup geçdi. Bu banknotlaryň töleg serişdesine öwrülmegi XVII asyryň ortalarynda, puluň bahasyna nädip baha bermelidigi hakda pikirlenip başlandy.

Okap bilersiňiz  2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde syýahatçylaryň sany 83 göterim azaldy

XIX asyryň ortalaryna çenli täjirçilik banklary öz banknotlaryny çykarmagyny dowam etdirdiler. Häzirki zaman manysynda puluň bu dürlüligini ýok eden ilkinji merkezi bank, 1844-nji ýyldaky Bank Hartiýasy Kanuny bilen özüni tapdy. 100% altyn we kümüş ätiýaçlyklaryny saklamak ýörelgesi 1930-njy ýyllara çenli agdyklyk etdi. Şeýlelik bilen, pul üpjünçiligine ýeke-täk täsir Angliýa Bankynda galdy. 1921-nji ýylda hökümete 100% altynyň öwezine 14 million funt sterlinge çenli pul çap etmek hukugy berildi.   Bu amalda banklar banknotlary şol bir wagtyň özünde ulanmazlar öýdüp, fiziki ätiýaçlyklarynyň umumy bahasyndan ýokary bolan banknotlary karz görnüşinde hödürlediler. Bu nukdaýnazardan seredeniňde, pul indi metalyň içerki bahasyndan garaşsyz sosial we kanuny ähmiýete eýe bolup, puluň häzirki kesgitlemesi dünýä indi.

Bu döwrüň netijesinde dolanyşykdaky puluň gymmaty gadymy döwürlerdäki ýaly metal däl-de, nominal bahalar bilen kesgitlenýär. Nominal bahasy, hökümet tarapyndan kanuny tender hökmünde berlen kagyz puludyr, ol kabul edilmeli we gymmat bahaly metala öwrülip bilinmez.

Ilki teňňeler, soň bolsa banknotlar bilen dowam edýän puluň ösüşi, Bitcoin ýaly wirtual walýutalaryň hem şu gün sahnada bolandygyny görýäris. Şeýle-de bolsa, bu wirtual walýutalaryň hiç hili düzgüne tabyn däldigi we alyp barýan töwekgelçilikleriniň ululygy ýaly negatiwlikler wirtual walýutalaryň banknotlary çalşmagyny kynlaşdyrýar.

 

Orazjemal ÇARYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň uly mugallymy

 

Hytaýda ykdysady galkynyş başlady

 

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Okap bilersiňiz  3D paýhasly haly

Ýewro-2020: Şu günüň duşuşyklary

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar