TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýä habarlary: gysga setirlerde

James Webb ýola düşdi

James Webb adam däl, ol dünýäniň iň güýçli teleskopy. Bu teleskopuň kömegi bilen NASA-nyň birçak ýitip giden ýyldyzlaryň şuglasyny görmäge çalyşjakdygy barada ozal

habar beripdik.

Birki günlükde James Webb ýyldyz gözlegine sary ýola düşdi. Amerikanyň Howa ýollary we NASA eger ahyrky pursatlarda garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykmasa, James Webbiň älem giňişligine uçuryljakdygyny habar beripdi. Hernä, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykmady. Şeýlelikde, dünýäniň iň güýçli älem teleskopy asyl bolmaly ýerine sary ýola düşdi.

Dogry, teleskop bellenilen wagtyndan alty gün dagy soň uçuryldy. Ilkinji iki günlük yza süýşürme teleskopyň ýükleniljek älem gämisindäki berkidiji kabeller bilen bagly ýüze çykdy. Teleskopy gämä ýerleşdirmek işi hem goşamaça dört güni talap etdi. Her niçik hem bolsa, Täze ýylyň bosagasynda teleskop älem giňişligine sary ýola düşdi.

NASA uçuşyň kadaly barýandygyny habar berýär.

                    3D çap edijide gurlan öýe göçüp bardylar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wirjiniýa ştatynda ýaşaýan zenan maşgala we onuň 13 ýaşly ogly dünýäde 3D çap ediji arkaly gurlan öýe göçüp baran ilkinji maşgala boldy. Bu barada CNN 27-nji dekabrda habar berdi.

Ýurtda mätäç hojalyklara jaý gurup bermek boýunça «Habitat for Humanity» taslamasy hereket edýär. 3D çap edijide gurlan jaý şol taslamanyň bir miwesidir. Ony Uilýamsburg şäheriniň eteginde  «Alquist» kompaniýasynyň wekilleri gurdular.

Jaý 110 inedördül metr meýdany tutýar. Ol üç otagdan we iki hammamdan ybarat. Jaý 12 sagadyň dowamynda guruldy.

Penjireleri oturtmak, üçek goýmak we arassalaýyş işleri ýerli gurluşyk edarasynyň wekilleri tarapyndan amala aşyryldy.

Teleýaýlymyň habarynda görä, 3D çap edijide gurlan jaý adaty jaýlardan 15 esse arzan düşýär. Eger bu iş geljekde rowaçlyk tapsa, adamlaryň agramly bölegine jaý edinmek üçin ipoteka karzyna çümmegiň geregi hem çykmaz diýip, teleýaýlymda aýdylýar.

                                      Ulaglardan Täze ýyl arçasy

Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk ülkesindäki awtoduralgalaryň birinde täsin Täze ýyl arçasy dikildi. Ýol-patrul hyzmaty boýunça gullugyň inspektorlarynyň berýän maglumatyna görä, ol 465 awtoulagdan ybaratdyr.

Bu taslamany amala aşyrmaga gullugyň ýolbaşçysy hem goşant goşdy. Ol arçany ýasamak üçin gulluk ulaglarynyň bäşisini berdi. Bu ulaglar arçanyň ýyldyzyny emele getirýär.

Russiýada awtoulaglardan baýramçylyk arçalaryny ýasamak täzelik däl, Ýöne Krasnoýarsk ülkesindäki bu arçanyň ýurtdaky şeýle arçalaryň iň ulusydygyny aýtmak gerek. Onuň açylyş dabarasyna 1000 müň töweregi adam gatnaşdy.

 

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçiriler

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle