TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

Dünýä deňelen düýäm

“Düýe maly-dünýe maly” diýen halkymyz düýeden başga ýeke janlyny-da dünýä deňemändir. Munda iňňän uly many-mazmun bar.  Beýle ýokary baha berilmegine onuň müň derdiň dermany çaly, süýdi, gymmat bahaly ýüňi, armazak-ýadamazak, ýükden basylmajak aýagulaglygy sebäp boldumyka?! Mümkin. Ýöne onda beýleki mallara meňzemeýän häsiýetler, alamatlar, aýratynlyklar hem bar. Aslyýetinde, şol tapawutlar düýe malyna aýratyn garalmagyna sebäp bolaýmasyn?! Bu-da ähtimal. Her näme-de bolsa, düýe-tapylgysyz, üýtgeşik mal. Düýe janawaryň özboluşly gylygy hakda öz bilýänlerimiň käbirini aýdyp geçeýin.

Düýäniň ödi ýok, süýdi bişirilmäni peýdalanylýar, ýüňi boýag tutmaýar. Düýäniň keselleriniň başga mallara geçmeýşi ýaly, özge mallaryň dertleri hem oňa ýokuşmaýar. Duýgur, namysjaň, unutmazak. Azaşmaýar, suwsyz  heläk bolmaýar. Düýe mallarynyň arasynda iner-maýalarynyň arwanalara görä has häsiýetligi barasynda turuwbaşdan aýdyp geçmesem, gürrüňimiň duzsuz tagam ýaly lezzetli bolmaz. Sebäp näme diýseň, iner-maýalaryň hemmetaraplaýyn düýe ady dakylan mallaryň naýbaşyşy hasaplanylýar. Bu ýazgydaky gürrüňem, esasan, şolar hakda bolar.

Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynda, has takygy, urşuň gutaranyna birki ýyl geçen gabatlary Türkmenbaşy etrabynyň 115-nji düýedarçylyk zawodynyň (häzirki «Türkmenistan» daýhan birleşigi) 10-15 sany düýe çopany Goýmat obasyna göçüp barypdylar. Olaryň arasynda biziň öýümizem bardy. Men ol mahal 10 ýaşlaryndaky oglandym. Awçy aganyň bakýan sürüsinde mäkäm güýjüne giren bir köşekli maýa sagyn bilmeýärdi. Çopan oňa ýanýoldaşy bilen näçeler sagyn öwretjek bolsa-da, başartmaýar. Muňa jany ýanan ony toýrylap (toýry-gamçynyň uly görnüşi, düýe hamyndan örülýär-H.N.) ýenjýär. Heniz özüne taýak galdyrylmadyk sarç, özdiýenli maýa muny ýokuş görüp, nogtasyny gyryp, ümdüzine tutdyrýar. Awçy aga ony näçeler çöl söküp idese-de, ýere giren ýaly tapyp bilmedi. Haýran galmaly, 2-3-gün soňra köşegi-de asmana uçan ýaly gürüm-jürüm boldy. Bu ahwalatyň bolan uçurlary tomsuň epgekli yssy günleridi. Şondan aý ýarym çemesi wagt geçenden soňra, başga bir çopan obanyň garşysyndaky aşa zerurlyk çykaýmasa, tomus aýlary adam aýagy sekmeýän gumluga tötänden aralaşsa, şol tazygyp gaçan maýa nazary kaklyşýar. Yzynda hem köşegi bar. Maýanyň gözi adama düşen dessine köşegini yzyna tirkäp, adam boýundan ösgün gandym-çerkezli, sözen-sazakly äpet-äpet gumlaryň jümmüşine siňip, zym-zyýat bolýar. Soňra ol köşekli maýany ähli oba adamlary bolup tutýarlar. Görseler, maýanyň içi gapyrgasyna ýapyşyp ýatan çekginem bolsa, etini, ýagyny bermändir, gurgun. Köşegem syçrap dur, ösüpdir, enesiniň bäri ýany bolupdyr. Maýa şunça wagtlap suw içmän nädip oňduka?

Düýedarlar üçin bu geň täzelik däl. Gum gyr ýaly däl, özünde yzgary köp saklaýar. Beýle toprakda tomsuň sörtükli yssysynda hem gök otlara gabat gelmek bolýar. Onuň borjak, sazak, gandym deýin gyrymsy agaçlarynyň pürleri özünde şire, yzgar saklaýar. Köşek üçin-ä enesiniň süýdi suw ýerini kemsiz tutyp bilýär. Maýa gündiz üstüne abanyp duran çaly-çerkezleriniň kölegesinde buky ýerde abanyp duran, gijäň salkymynda otlaň bolmaly. Çölde arwana mallaryň köşegine möjek uly howpan bolsa, maýanyň ýele ýanyndan gelip bilmeýär. Onuň boýnunyň gür, uzyn çogdasyna (ýüňüne) agyz uryp, soňra dişini aýryp bilmän ölüp galan möjegiň asyl-asyl bolup gelen maslygynam oglankak görüpdik. Oba adamlary onuň gijäniň ümüş-tamşynda hiç kese görünmän, köşeginiň nogtasyny dişläp gyryp, alyp gaçyşyna hasam haýran galdylar. Çopan düýesiniň ugurtapyjylygyna, hilegärlegine telpek goýup, gaýdyp oňa sagym öwretjegem, göwnüne degjegem bolmady.

Ol döwürde dädem düýedarçylyk toparynyň ýolbaşçysydy, baş çopan diýilmeýärdi. Garamagynda dört sany çopany bardy. Her çopanyň öz jogapkärçiliginde kyrk sany düýesi bolsa-da, hemmesi bileleşip bakardy. Dädem topara umumy jogapkärem bolsa, düýe bakmazdy. Olar bilen arkalaşardy, çarwaçylyga derwaýys ähli zatlar bilen üpjin ederdi. Düýeler garym-gatym bakylmazdy. Mysal üçin, köşekli düýe bir başga, torumly düýe bir başga, bogaz düýe bir başga…  Şol ýyllar hojalygyň 7 müň töweregi düýesi bardy. Toparda çopan bolup işleýän Gurtgeldi aganyň esrik erkegi gyş aýlary urşanlarynda, biziň inerimizi ýeňipdi. Ol mahal biziň inerimiz nähoşlap lagar düşüpdi. Bir gezek Gurtgeldi aganyň ogly Rejep ikimiz odun ýygmaga gidipdik. Düýeler çala-çula garbandyrlar-da, kirşeňli takyrda çöküp, agynap, aýaklaryny deň uzadyp ýatdylar. Şonda biziň inerimiziň tarsa ýerinden turdy-da, Gurtgeldi aganyň erkeginiň boýnunyň üstünden çökäýdi. Biz görüp ýetişäýdik. Ýogsam… iner janawar özüçe ýok maldan urşup ýeňlendigini unutman, namys bilip, ahmyrly gezip ýören ekeni.

Gyzylgaýa şäherçesinde Agöýli aga diýen asyl käri mugallym, segseni sermeläp ýören bir ýaşuly ýaşaýar. Düýe hakda köp zatlary bilýär. Sebäbi onuň dädesi Malak aga-da ömrüni düýe çopany bolup ötüren gojady. Agöýli 10-12 ýaşly oglan mahaly dädesiniň ineri bilen çöle rowana bolýar. Barmaly ýerem bir göç ýer  barmyş. Öňki hepde odun ýükläp getiren inerini dädesine gowşurmalydy.  Gyş aýlary günüň salymy barmy?! Öýlänki okuwyny tamamlap, ýaňy ýola düşüp ugranda, gün ýaşyp, garaňky gatlyşýar. «Durnanyň üstüne urna» diýen ýaly, edil şol mahal hem gar ýagyp başlaýar-da, az wagtyň içinde ýol-ýodany gömýär. Agöýli birbada aljyraýar. Nädip ugur tapjak? Emma ineriň ýol tapyjylygy hakda eşidenleri ýadyna düşüp, onuň burunlygyny boýnuna çolaýar-da, hataba ýapyşyp oturyberýär. Iner gijäniň birmahaly Agöýlini sag-aman dädesiniň çopan kümesine aşyrýar.

Indiki aýtjak wakamy dädem pahyrdan eşidipdim. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň başynda dädem dagy Jemer diýen ýerdäki guýuda düýe bakýan ekenler. Şol ýyl subutly ygal ýagmansoň, öri meýdanlarynda ýetik ot çykman, gurakçylyk bolupdyr. Ýyl gurak gelse, näçe oňşukly, näçe çydamly bolsa-da, düýe janawaryň hem haly teň bolýar.  Iki çöküp gelen düýeleri agşamara suwa ýakyp başlaýarlar. Şonda bir maýa abşaryp durýar-da, gaýra bakyp zaryn-zaryn, yzyny üzmän bozlaýar. Dädemden 7-8 ýaş çemesi uly Malak aga:

-Nazar, düýelere suwa ýakmany togtadaý! Maýa janawar bir zad-a syzýar. Güýçli sowuk, gaý-gar abanyp gelýän bolaýmasyn. Ol ýersiz-ýere beýdip zaryn bozlamaz. Munuň ýaly gara gyşda düýe suwsyzlykdan däl-de, garnynda doňup galan suwdan zyýan çeker-diýýär. Düýeleri tizden ýataga salýarlar. Gijäniň ýary bolup-bolmaka, ilki-hä sowuk şemal öwüsýär. Yzyndan göz-gözi görmeýän petdeläp ýagýan garyň ahyry gar syrgynyna öwrülip, dumly-duşy apy-tupan gaplap alýar. Çopanlar ertesi irden biline çenli gar basan kümeden zordan çykyp, ýataga seretseler, agşam suw içip ýetişen 10-12 sany düýäniň içen suwy içinde doňup, gatap galypdyr. Galanlary aman-esen eken.

Düýeleriň ýüni, hamy barada-da biraz durup geçeýin. Göz-dil degmezlik üçin gelin-gyzlar öňler boýunlaryna düýe ýüňüniň erşini dakylar ekeni. Namazlygyň  (parhy ýokdur, çitdenmi, kakmamy, keçemi) sežde edilýän ýerinde hökman düýe ýüňünden nyşan bardyr. Diňe şunuň özi düýäniň gudraty, hatyrasy barada aşa köp zatdan habar berýär. Gelin-gyza göz-dil degmezlik, ýaman pällileriň pis niýeti, gargyşy, dogasy ýöremezlik üçin ötenlerimiz boýunlaryna düýe ýüňüniň erşini dakynar ekenler. Çopanlar çölde ýatanlarynda, düýe ýüňünden işilen ýüpi bir ädim daşyna aýlap goýýardylar. Olaryň ynanjyna görä, zäherli mör-möjekler şonuň üstünden aşyp bilmezmiş. Janyny gadyryny bilýän maşgalalar ýorgan-düşeklik matalarynyň içini pamykdan däl-de, torum ýüňünden doldurýarlar. Guragyrydan, böwrekden ejir çekýän nähoşlar biline, dyzlaryna, bogunlaryna düýe ýüňünden örülen guşak daňyp haýyrlanýarlar. Düýe hamyndan tikilen çaryk döwründe gyşda sarsmaz gala hyzmat edýär. Ol ýeňil, ýyly, suw, gar geçirmeýär. Mal ýakmak üçin ulanylýan gowany hem düýe hamyndan tikýärler. Torum hamyny birkemsiz düýe çalyna eýläp, uzak wagtlap arman-ýadaman owkalap, pamyk ýaly ýumşak hala geçende, ondan düşekçe ýasap, keçe ornunda ulanyp oturan öýlerem gördük. Bular hakda ýene näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Men obada önüp-ösemsoň, çarwaçylykda duş gelýän, ulanylýan mallaryň ählisine diýen ýaly bäş barmagym ýaly belentdirin öýtsem-de, hiç bir sözi düýe hakda batyrgaý aýdyp biljek däl. Çüňki ol matal ýaly bilmesi kyn, geň mal. Ol hakda köp zatlary bilýändirin diýsemem, soňra birmahal onuň ýene bir täsin häsiýetiniň üstünden barýarsyň. Gepiň gysgasy, düýe-keramatly mal.

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle