Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda “E” toparçada Germaniýa bilen Kosta-Rikanyň arasyndaky duşuşygy zenan emin eminlik eder. Bu futbol boýunçü dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji bolup durýar.
Fransuz emin Stefani Frapper bu möhüm duşuşykda eminlik eder. Bu barada FIFA-nyň “Twitter” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.
Frapper dünýä çempionatynyň duşuşygynda baş emin bolup çykyş edýän ilkinji zenan emindir. Mundan ozal 28 ýaşyndaky fransuz emin Polşa bilen Meksikanyň arasyndaky duşuşykda 4-nji emin boldy.
Frapper Fransiýanyň çempionatynda, UEFA-nyň Superkubogynda, Çempionlar ligasynda eminlik etdi. Fransuz emin bilen bir hatarda dünýä çempionatynda eminleriň toparyna Ruandadan Salima Mukansanga we ýaponiýa Ýosimi Ýamasita hem bar.
Germaniýa bilen Kosta-Rikanyň arasyndaky duşuşyk 1-nji dekabrda geçiriler.