TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Dünýä çempionatynda şu gün Maksat Meredow ýaryşar

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyndaky çykyşlary şu gün erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde Maksat Meredowyň çykyşy bilen dowam eder. Biziň ildeşimiz bu agramyň «A» toparçasyna wekilçilik edýär. Bu toparçanyň ýaryşlary şu gün agşam sagat 19:00-da başlanar.

                             Aziýanyň wise-çempiony

Maksat Meredow bu agram derejesinde şu ýylyň aprel aýynda Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medalyň eýesi bolupdy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 21 ýaşly talyby karýerasynda başga-da halkara ýaryşlaryň ençemesine gatnaşyp, olarda netijeli çykyş etdi.

                            Medal mümkinçiligi

Halkara agyr atletika federasiýasy tarapyndan taýýarlanan jemleýji maglumatda görkezilişi ýaly, biziň ildeşimiziň şahsy rekordy 337 kilogram. Elbetde, bu netije onuň albaniýaly, tailandly we indoneziýaly garşydaşlarynyňkydan az. Muňa garamazdan, tutanýerli agyr atletikaçydan medala garaşyp bolar.

                    Maksat Meredowyň garşydaşlary kimler?

«B» toparça

  1. JAMALI BOULAAYOUN Ismail, doglan wagty: 02.12.2003, döwleti: Ispaniýa. Şahsy rekordy: 300 kg.
  2. CHIANG Tsung-Han, doglan wagty: 27.07.1996, döwleti: Hytaý Taýpeýi. Şahsy rekordy: 300 kg.
  3. HORST Jacob Christian, doglan wagty: 15.07.1997, döwleti: ABŞ. Şahsy rekordy: 300 kg.
  4. SSEMPEREZA Hakim Musoke, doglan wagty: 04.10.1995, döwleti: Uganda. Şahsy rekordy: 210 kg.
  5. MASINDE Anthony Libasia, doglan wagty: 30.08.1989, döwleti: Keniýa. Şahsy rekordy: 253 kg.
  6. KURUKULASOORIYAAGE Anton Sudesh Peiris, doglan wagty: 02.03.1985, döwleti: Şri-Lanka. Şahsy rekordy: 290 kg.
  7. DISSANAYAKE Mudiyanselage Indika Chathur, doglan wagty: 08.06.1989, döwleti: Şri-Lanka. Şahsy rekordy: 300 kg.

«A» toparça

  1. ABDULLAH Rahmat Erwin, doglan wagty: 13.10.2000, döwleti: Indoneziýa. Şahsy rekordy: 340 kg.
  2. ASANIDZE Kakhi, doglan wagty: 10.01.2000, döwleti: Gruziýa. Şahsy rekordy: 320 kg.
  3. QERIMAJ Erkand, döwleti: 08.10.1988, döwleti: Albaniýa. Şahsy rekordy: 330 kg.
  4. SHEULI Achinta, doglan wagty: 24.11.2001, döwleti: Hindistan. Şahsy rekordy: 315 kg.
  5. JEONG Hansol, doglan wagty: 18.11.1992, döwleti: Koreýa. Şahsy rekordy: 330 kg.
  6. CALJA Briken, doglan wagty: 19.02.1990, döwleti: Albaniýa. Şahsy rekordy: 347 kg.
  7. STRANSKY Petr, doglan wagty: 08.10.1997, döwleti: Çehiýa. Şahsy rekordy: 311 kg.
  8. PETROV Sergei, doglan wagty: 17.02.1994, döwleti: Russiýa. Şahsy rekordy: 335 kg.
  9. JEERAM Suttipong, doglan wagty: 04.04.2000, döwleti: Tailand. Şahsy rekordy: 345 kg.
  10. MUHAMMAD Erry Hidayat, doglan wagty: 24.11.1999, döwleti: Malaýziýa. Şahsy rekordy: 310 kg.

21 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykyp belledi

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle