JEMGYÝET

Dünýä belli tälimçi Rojer Meýweýzer aradan çykdy

Floýd Meýweýzeriñ daýysy we tälimçisi bolan Rojer Meýweýzer 58 ýaşynda aradan çykdy.

Rojer Meýweýzer iki agramly derejede dünýäniñ çempion derejesine eýedir. Ol özüniň sport ýoluny tälimçi hökmünde dowam etdirýärdi. Bu ugurda ol öz ýegeni Floýd Meýweýzer bilen türgenleşik işlerini alyp bardy. Sport hünärmenleri Rojer Meýweýzeri dünýäniñ iñ gowy tälimçisi adyna mynasyp boldy diýip, belläp geçýärler.

Floýd Meýweýzer: ” Daýym 50 ýaşynda hem örän garry görünýärdi. Bu ýagdaý boks sportunda kellesine örän howply şikesleriñ almagy bilen baglanyşykly bolsa gerek” diýip belläp geçýär.

Häzirki wagtda Floýd Meýweýzere öz kakasy tälimçilik edýär.

Ýene-de okaň

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini Nowruz baýramy bilen gutlady

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi bilen gutlady