TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Dünýä belli kompaniýanyň bank karty

Günorta Koreýada ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasy “Samsung Money” atly bank kartyny hödürledi. “The Verge” habarlar gullugynyň habaryna görä, “Samsung Pay” ykjam töleg titan kartynda kartyň belgisi, möhleti, CVV kody we goly ýerleşdirilmez. “Samsung Money” diňe smartfon programmasy arkaly ulanylyp bilner. Bu programma bolmasa, fiziki kredit kart ulanylyp bilinmez. Kompaniýanyň bellemegine görä, “Samsung Money” şu tomus ABŞ-da elýeterli bolar. Ulanyjylara bu karty ulanmak üçin hiç hili töleg almaýar. “Samsung” kompaniýasynyň entek ABŞ-dan başga ýurtlarda bank kartyny hödürlejekdigi barada hiç hili habar aýdylmaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle