TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dünýä belli amerikan ýazyjysynyň doglan güni

Özüniň ýazan ençeme eserleri bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orun eýelemegi başaran amerikan ýazyjysy Mark Twen 1835-nji ýylyň 30-njy noýabrynda  ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Florida şäherjiginde dünýä inýär. Ýazyjynyň hakyky ady Semuel Lenghorn Klemens bolupdyr. Ol özüne Mark Twen lakamyny “Territorial Enterprise” atly gazetde işläp ýören döwürleri, çap edýän makalalarynda ulanypdyr.

Ýazyjynyň döredijiligi filosofik fantastikadan we publisistikadan ybarat bolupdyr. Şeýle-de ýazyjy degişme äheňinde hem birnäçe eserleri ýazypdyr. “Kalawerasly meşhur gurbaga” alty degişme äheňinde ýazan hekaýasy ýazyjyny dünýä meşhur edýär. Hatda ýazyjynyň bu hekaýasy “Amerikada şu wagta çenli döredilen iň gyzykly eser”  diýlip yglan edilýär. Ýazyjy 50 ýaşdan soň satira ýazyp başlaýar. Mark Tweniň dünýä edebiýatyna goşan iň uly goşandy “Geklberri Finniniň başdan geçirenleri” atly kitabydyr. Mark Tweniň iri hekaýalary ýumoristik häsiýetli bolupdyr. “Tennesidäki žurnalistika”, “Mak Wilýams we Krup”, “Men nädip oba hojalyk gazetini redaktirledim”, “Sagat” ýaly birnäçe hekaýalar toplumyny düzýär. Ýazyjynyň iň meşhur eserleriniň biri-de “Tom Soýeriň başdan geçirenleri” atly romanydyr. Ol diňe bir çagalaryň däl eýsem, uly adamlaryň hem söýüp okaýan eserleriniň biridir.

Ýazyjy ömrüniň ahyryna çenli ençeme eserleri ýazýar. Mark Twen zähmet çekmegi diýseň halaýan eken. Ol mydama ‘Iş – dünýädäki iň beýik şatlykdyr” diýen sözleri özüne şygar edinip gezipdir. Dünýä ýazyjylarynyň Mark Tweniň döredijiligine berýän bahasy örän ýokary. Meşhur ýazyjy Uilýam Folkner “Ol ilkinji amerikan ýazyjysy, biz bolsa onuň nebereleridiris” diýmek bilen Mark Twen baradaky öz garaýşyny beýan edýär. Ýazyjynyň ýazan eserleri dünýäniň ençeme dillerine, şol sanda türkmen diline hem terjime edildi.

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Kiçi we orta telekeçiligiň taslamalary maliýeleşdiriler

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle