TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýä adaty durmuşa dolanýar (27-nji maý)  

— Serbiýada soňky iki aýyň içinde ilkinji gezek koronowirus bilen kesellän ýekeje adam hem hasaba alynmady.

— Ispaniýanyň Ibisa adalaryndaky ýüzüş howuzlary boşap galdy. Tebigatyň ajaýyp künjeginde, tropik howa şertlerinde ýerleşýän bu howuzlarda häzir adamlara derek siňekler we çirkeýler «suwa düşýär». Ýerli häkimiýetiň wekilleri howuzlary tizden-tiz arassalamaga girişdiler. Çünki ýurda gelýän syýahatçylaryň uly topary bu adalara gelip görmäge we hut şu howuzlarda suwa düşmäge uly isleg bildirýärler.

— Maldiw adalary daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylary kabul edip başlady. Munuň üçin syýahatçylar ilki bilen lukman barlagyndan geçirilýär, ondan soňra olar myhmanhanalarda ýerleşdirilýär.

— Ukrainanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtdaky futbol ýaryşlaryny 30-njy maýdan başlap dowam etdirmäge rugsat berdi.

— Hökümet syýahatçylygy dikeltmäge ýykgyn etse-de, Kubanyň lukmançylyk gulluklary syýahatçylara ýurda girmäge rugsat bermekden heniz biraz saklanýarlar. Ýöne ýurtdaky karantin ozalkysyndan ep-esli gowşadyldy.

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle