TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dubaýda «Söýgi köli» döredildi

Dubaý çöldäki gudratlar bilen dünýäni haýran galdyrmagy dowam etdirýär. Ynha ýakynda şäheriň golaýyndaky çöllükde ajaýyp köl döredildi. Bu köl «Söýgi köli» (Love Lakes) diýlip atlandyrylýar.

Çünki kölüň suw howuzlary biri-biriniň içinden geçen iki ýüregiň şekilindedir.

Bu romantik köl al-Kudra çölünde döredildi. Kölüň suwy ýürekleriň ikisine-de ýaýraýar. Kölüň merkezinde kiçijik adalar döredildi, kenaryna daragtlar oturdyldy. Olar iňlis dilinde «Söýgi» (LOVE) diýen ýazgyny emele getirýär.

Köli «Google Maps-da» hem görüp bolýar.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle