BIZNES

Dubaý Türkmenistanyň nebitgaz göçme forumyna taýýar

Üstümizdäki ýylda hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belleýän Türkmenistan şanly sene mynasybetli ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri gurnaýar. Nebitiň hem-de tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň  guramagynda “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy Birleşen Arap Emirlikleriniň esasy şäherleriniň biri bolan Dubaýda öz işine başlaýar. Bu maslahat halkara jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Halkara “Atawatan Türkmenistan” žurnalynyň hem metbugat boýunça hyzmatdaşy bolan bu halkara forum nebitgaz pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly ähmiýete eýedir. “Hyatt Regency Dubai Creek Height” myhmanhanasynda geçiriljek myhmanhananyň daş-töweregi bu halkara forumyň metbugat afişalary bilen bezelipdir.

Şu gün ýerli wagt bilen 9:30-da başlanjak forum 2 gün dowam eder. Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna degişli gyzykly maglumatlaryň beriljek forumy www.atavatan-turkmenistan.com internet sahypasy arkaly okyjylar köpçüligine ýetiriler.

Ýene-de okaň

Ahal welaýatynda polat turbalaryny öndürýän kärhana açyldy

Ýanwar-fewral aýlary: makroykdysady görkezijiler

Türkmen kompaniýalary Astrahanda geçiriljek ulag forumyna gatnaşarlar

5-nji martda göçme birža söwdasy geçiriler

Aşgabat bilen Pariž söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmen işewürleri Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär