TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dubaý dünýäniň iň iri çüwdürimli şüweleňine eýe bolar

Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Dubaýda dünýäniň iň uly suw we yşyk şüweleňiniň açylmagyna garaşylýar.

Ol «The Palm Jumeirah» adasynda ýerleşýär. Şol bir sanda «The Pointe» söwda-restoran toplumynyň nobatdaky gözelligine öwrülýär. Onuň açylyş dabarasynda dünýäniň täze rekordynyň goýulmagyna garaşylýar. Şonuň üçin bu dabara Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri hem gatnaşar.

Çüwdürimler bilen sazyň ajaýyp sazlaşygyndaky täsin toplum 1,5 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Çüwdürimleriň belentligi bolsa 105 metre çenli ýeter. Olaryň ýagtyltmak üçin LED çyralarynyň 3 müňüsinden peýdalanylar.

Täze toplum her gün sagat 19-dan ýarygijä çenli işlär. Şu aralykda onuň bäş tomaşa görkezmegine garaşylýar. Her tomaşa-da 3 minut dowam eder.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle