BIZNES

Dubaý näme üçin baý şäher?

Biz Dubaýyň dünýädäki iň baý şäherleriň biridigin bireýýäm bilýäris. Birleşen Arap Emirlikleriniň bu şäheri birnäçe asyrdan bäri ýurtdaky nebitgaz känleriniň hem esasy merkezidir.

Ýöne, dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, Dubaýyň girdeji çeşmesi diňe «gara altyndyr» «mawy ýangyç» bilen çäklenmeýär. Şäher aýlagyň kenarynda ýerleşýär. BAE bolsa aýlagdan, howa menzillerinden we deňiz portlaryndan her ýyl 100 milliard dollar girdeji gelýär. Şu maglumatyň özi hem Dubaýa näçe mukdarda serişdäniň çekýändigini görkezýär.

Diňe bular hem däl. 2000-nji ýylda açylan «Dubay Internet City» şähere maýa goýýanlaryň sanynyň ozalkysyndan birnäçe esse artmagyna sebäp boldy. Gurluşygyna 1,5 milliard dollar sarp edilen BurŽ Halifa, 12,3 milliard dollar sarp edilip gurlan Palma adasy şähere syýahatçylaryň toplum-toplum bolup gelmegini üpjün etdi. Diýmek, tebigatyň beren baýlygy bilen çäklenilmän, şäheri ösdürmek, şol sanda girdejini artdyrmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň ministri: türkmen-azerbaýjan söwda möçberi 10 esse artdy

Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

«Agro-Pak Türkmenistan – 2023» sergisi başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti «Halal EKSPO ─ 2023» sergisine gatnaşdy

Aşgabatda halkara forum geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan dünýäniň işewürleriniň üns merkezinde