Dubaý şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda çykyş eden Dubaýyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Ahmed bin Said Al-Maktum öz çykyşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýynyň emele gelendigini belledi.
“Orient” neşiriniň habaryna görä, ol “Dragon Oil” kompaniýasynyň Türkmenistandaky nebit ýataklaryny özleşdirmek işine işjeň gatnaşýandygyny belläp, 23 ýyldan gowrak wagtdan bäri bilelikdäki işiň netijesinde 8 milliard dollardan gowrak maýa goýumlaryň goýlandygyny belledi.
Ahmed bin Said Al-Maktum öňümizdäki 15 ýylyň dowamynda hem ýene-de şonça möçberde maýa goýumlaryň özleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Şeýle hem ol energetika pudagynda düýpli özgerişlikleriň geçirilýändigini belläp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine hem aýratyn ähmiýet berilýändigini mälim etdi. Türkmenistanyň hem bu ugurdaky başlangyçlaryny goldaýandyklaryny belläp, Ahmed bin Said Al-Maktum BAE-niň Gün, wodorod ýaly alternatiw energiýa çeşmeleriniň önümçiligi boýunça tejribesiniň uludygyny aýtdy.