Dr. Tugba Ýylmaz :Beýik Ýüpek Ýolunyň Çatrygyndaky Medeniýet Merkezleri

Türkmenistanyñ belent mertebeli Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow neşiriň girişinde şeýle diýýär: «Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna gosulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de isjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir… Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ruhy ýörelge edinmegi owal başda bagyş etdi.»

 Hormatly Prezidentiň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoluna ajaýyp taryhy-medeni hadysa hökmünde garalýar. Awtor bu eserinde baý medeni mirasa eýe bolan hem-de geljekki nesilleriň bu hazynany öwrenmegi we goramagy üçin uly tagallalary edýän asyrlaryň örän baý mirasyna sarpa goýulýan we aýawly saklanylýan Türkmenistanyň mysalynda gadymy dünýäniň bu ajaýyp hadysasynyň nähili çuňňur yz goýandygyny açyp görkezýär. Şol sebäpli-de Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň edil ýüregi bolup durýar.

Arkeologik maglumatlara görä b.e.ö. I asyrdan biziñ eýýamymyza çenli Gündogar bilen Günbatary birleşdiren üç ähmiýetli yklymara yol bardyr: Ýüpek Ýoly, Baharat Ýoly, Kral Ýoly. Ähli türki halklar we dünýa, müñlerçe ýyllyk taryhy bolan medeniýetleriñ, ynançlaryñ, kowumlaryñ yzlaryny göteren gadymy Ýüpek Ýolunyñ görküni we syryny düşündirip bilmek üçin “uly ýa-da beýik” sözlerini ulanýarlar. Halk aýtgylaryna görä Ýüpek Ýolundan ozal “Altun Ýoly” beýleki ady bilen “Birunze Ýoly” bar ekeni we Beýik Ýüpek Ýolunyñ günorta ugry-da “Kaşdaşy-Ýeşimdaşy Ýoly” diýip atlandyrlypdyr. Halk arasyndaky aýtga görä: «Älemde iki uly ýol bar; Asmanda Samanýoly, dünýäde Ýüpek Ýoly» diýilýär.

Ýüpek Ýoly, Gündogar bilen Günbatar aralygyndaky gatnaşyklaryñ üstüni açmak üçin taryhyñ içinde alnyp baryljak ýolagçylyk manysyny anladýar. Hytaýyñ Sian (Xi’an) şäherinden başlanýan bu kerwen ýolunyñ iki sany ugry bolupdyr. Demirgazyk ýol Turfanyñ üsti bilen Tañry daglaryny aşyp Pamiri kesip geçip, Fergana we gazak düzlüklerine barypdyr. Günorta ýoly bolsa; Ýarkent, Hotan, Niý, Miranyñ üsti bilen Takla Makan çölüni aşyp Pamiriñ günorta böleginden geçip Baktriýa, Parfiýa, Hindistana, Ýakyn Gündogara we ol ýerden tä Ortaýer deñzine çenli gidipdir. Günorta ýoly gadym asyrlarda Türkmenistanda guralan Parfiýa we Kaşan döwletleriniñ edarasynda bolupdyr.

Hormatly Arkadagyñ  «Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyñ Ýüregi» atly eserinde (s. 36) hem belläp geçişi ýaly Ýüpek Ýoly adalgasyny ilkinji bolup ulananlardan biri wenesiyaly tajir, geograf-jahankeşde Marko Polo bolupdyr. Ýüpek Ýoly üstünde alnyp barlan söwda işlerinde Günbatardan-Gündogara kümüş, mis we magdanlar; Gündogar-Günbatara bolsa ýüpek, ýüpek gurçukçylygy, gymmatbaha daşlardan firuze daşy, ýeşim daşy, haly, kagyz,  farfor, keramiki, dürli baharatlar, gurşun, galaýy, deri  ýaly harytlar göze ilýär. Şol bir wagtyñ özünde bu ýol, Ibn Fadlan, Makdisi, Yakut Hamawy, Marko Polo, Ibn Batuta, Ali Kuşçu, Ewliýa Çelebi, Rejhufin ýaly jahankeşdeler arkaly gündogaryñ dünýä garaýşyny, pelsepesini, medeni çeşmelerini dünýä ýetiren bilim ýoluna öwrülendir. Şol sebäpli Beýik Ýüpek Ýoly; taryhyñ her döwründe, kitaplarda, gözlerde we göwünlerde umumadamzadyñ ünsüni üstüne jemläñ otantiki we pynhan bir ýol bolupdyr.  Bu ýoluñ çatrygynda Merv, Sarahs, Nusaý, Abywert we Amul ýaly medeni şäherleriñ ýerleşmegi Türkmenleriñ hakyky manyda ýüpek ýoluna işjen gatnaşandyklaryny we goşandlary görkezmegi taýdan juda ähmiýetlidir.

Syýahatçylar, alymlar taryhy we arkeologik maglumatlara esaslanyp; Türkmenistanyñ Orta Aziýada ilkinji kowçumlaýyn, soñra oturymly ýaşaýşyñ emele gelen ýeri hasaplanandygyny nygtapdyrlar. Orta asyrlarda üstünden Beýik Ýüpek Ýolunyñ geçmegi bilen Änew, Jeýtun, Köneürgenç, Nusaý, Merw, Dehistan we Amul medeniýetleri, arkeologiýa ylmynyñ açan has gadymy baý medeniýetli we ylmyñ ojaklary hökmünde sebitde giñden tanalýan, juda ösen merkezler bolupdyr.

Elbetde bu medeniýetleriñ gülläp ösüşi; Türkmenistanyñ çuññur hormatlanylýan Prezidentiniñ kitabynda (s. 184) belläp geçilişi ýaly irki gadymy dünyäniň, antik döwrüniň iň bir kuwwatly döwletleri bolan Parfiyanyň, Parlaryñ, Dahlaryñ, Massagetleriñ taryhy bilen ayrylmaz baglanyşyklydyr.

Taryhçy alymlaryň ýazmaklaryna görä, hytaýlylar mundan 5 müň ýyl ozal ýüpek gurçugyndan ýüpek almagyň usulyny tapypdyrlar. Rowata görä, ilkinji ýüpegiň alynmagy imperator aýal Si Ling-Çi tarapyndan üsti açylypdyr. Ol çaý içip otyrka käsesine agaçdan ýüpek gurçugynyň pilesi gaçypdyr. Haçan-da, ol käseden çykarjak bolup piläni çekende, pileden ýüpek sapagy çözülip başlapdyr we ilkinji gezek ýüpek sapagy alnypdyr. Şeýdip Hytaý täjirleri öz harytlaryny Merkezi Aziýanyň bazarly şäherleri bolan Samarkantda, Buharada, Amulda, Horezmde, Merwde we beýleki şäherlerde ýerleşdiripdirler. Adatça hytaýly täjirler Merwden günorta-günbatara Nişapura (Eýrana) ertipdirler, Ýerli täjirler bolsa, harytlary Siriýa, ondan aňryk gämilere ýükläp Müsüre, Wizantiýa, Italiýa ýetiripdirler (Orazgylyjow 2010: 219).

Dünýä ylmynyñ ösmeginde, Gündogar ýurtlarynda dörän ylmy merkezleriñ juda ähmiýetli orny bardyr. Olaryñ biri-de entek 9-njy asyrda ilki bilen Maryda esaslandyrlyp, soñra Bagdada göçürilen “hikmetler öýi” manysyny anladýan “Beýt ul-hikmedir”. Bu merkez ilki kitaphana görnüşinde döredilse-de, köp wagt geçmänkä oña alymlaryñ uly topary ýygnanypdyr. Olar arasynda Ahmet as-Sarahsy, Ahmet al-Merwezi ýaly türkmen alymlary-da bar ekeni we ylmyñ dürli ugurlary boýunça meşgullanypdyrlar.

Gysgaça beýan edilende baý söwdagärler köplenç Bagdat, Babil ýaly şäherlerde bolandygy üçin söwda ýoly wagtyñ geçmegi bilen ylmyñ we ynanjyñ hem merkezine öwrülendir (Aksoý 2009:102).

Türkmenistan hem söwda ýollarynyñ çatrygynda bolandygy üçin dürli ynançlaryñ ýayran ýeri hökmünde paýyny alandyr. Buddizm, Iudaizm, Hristiançylyk, Maniheýçilik ýaly dinleriñ dünýä ýüzüne çykmagynda we ýaýramagynda Beýik Ýüpek Ýolunyñ täsiri uludyr. Ýene Hormatly Prezidentiñ gürrüñi edilen eserinde hem nygtap geçilişi ýaly; Türkmenistan öz ajaýyp arkeologiýa ýadigärlikleridir dünýä derejesine ýeten taryhy-medeni merkezleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň çäginde yslam gelmezinden irki, biziň eyyamymyzdan has öňki, köklerini müňyyllyklaryň gatlaryndan alyp gaydyan Zoroastrizm bolçulygyň, söyginiň, suwuň hem-de ösümlikleriň hudayy Anahita ýaly ynam-ynançlaryň yzlary bardyr (s. 215).

Yslam dininiñ Orta Aziýa bilenem-de bu sebitde uly özgerişikler bolup geçýär. Döwlet adamlarynyñ goldawy bilenem orta asyrlarda ylym, medeniýet, sungat güýçli derejede ösüpdir. Şäherlerde ýörite ylym ojaklary, kitaphanalar, arhitektorlary taýýarlaýan ýörite mekdepler bolupdyr. Mysal üçin Merw, yslam dinini ýaýratmakda ygtybarly daýanç bolupdyr. Ol hatda 813-817-nji ýyllarda arap Hayfatynyñ ikinji paýtagy bolup, “Jahan şasynyñ oturan ýeri”, “Dünýäniñ diregi”, “Yslamyñ gümmezi” ýaly atlary göteripdir. Şeýle-de Merwde, Horezmde, Buharada, Samarkantda, Nusaýda, Bagabatda, Abywertde (Bawert), Gürgende we beýleki şäherlerde Ibn Sina, Al-Horezmi, Faraby, Biruny, Jezmy, Firdöwsi ýaly döwrüñ görnükli wekilleri ýaşapdyr.

Awtoryň döredijilik pikiri “Jeýhunyň ýakasy”,“Gadymy Merw”,“Sarahs bilen Änewiň aralygynda”,“Nusaýdan Dehistana çenli”,“Dasoguzyň gadymy topragynda” atly alty baby özünde jemleýän bu kitabyň gurluşynda-da öz giň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň gündogardan günbatara uzaýan çäginiň bu özboluşly syny gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni ýollaryň merkezinde ýerleşen türkmen şäherlerini we taryhy ýerlerini birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň “geografiýasyny”özünde jemleýär. Munuň şeýledigine dürli eýýamlardaki köp sanly ýadygärlikler, häzirki güne çenli saklanyp galan haýran galdyryjy rowaýatlardyr aýtgylar hem-de halk hakydasy şaýatlyk edýär.Bularyň hemmesi kitabyň awtoryna döredijilik hyjuwyny berýär we gadymy dünýäniň kerwen ýollarynda esasy ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.Hut şonuň üçin hem kitabyň ahyrynyň “Ertekiler dünýäsinde” diýen bap bilen tamamlanmagy logika gabat gelýär. Hormatly Prezident bu bapda “Şol gadymy rowaýatlary öz nesillerimize ata bolup öwüt etmek biziň her birimiziň nesillerimiziň öňündäki borjumyzdyr diýmek isleýärin. Biz beýik eýýamlary döreden ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini şolardaky tymsallaryň manysy bilen baýlaşdyrýarys”diýip belleýär.

Kitaby okan wagtymda ýüregimiñ töründe yz galdyran täsin wakalardan biri Türkmeniñ aýala garaýyşyny we sarpa goýmagyny görkezmek taýdan ýaş geliniñ Hotana barýarka serhetden geçen mahalynda gümrük gullukçylarynyñ juda berk barlag geçirmelerine garamazdan ýolagçynyn hut aýal bolmaklygy sebäpli onuñ başgabyny hem barlamagyñ Türkmen däp-dessurlaryna görä gelşiksiz hasap edilmegi boldy. Bu elbetde bellenilmegi wajyp bir mysal bolup durýar.

Eserden göz ýetirilişi ýaly Türkmenistanyñ öñde duran medeniýet merkezleri;

Merw:

Merw (häzir Mary), taryhyñ ilkinji döwürlerinden başlap, dürli atlar bilen biziñ günlerimize çenli gelip ýeten dünýanyñ sanlyja şäherlerindendir. b.e.ö. 2000-nji ýyllaryna barýan Merw şäheri taryhy jähtden bolşy ýaly bir medeniýet merkezi hökmünde öz ýerleşýän ýerlerinden hem uzaklara ýayrap, dabarasy dag aşypdyr we oña Horasanyñ käbesi, Maru-Şahu-Jahan diýen hormatly atlar berlip, bir syýasy, ykdysady, ylym we medeniýet merkezi bolup taryhy sahypalara giripdir. Şäheriñ taryhy başlangyjynyñ Marguş şäheriniñ galyndylaryndan başlap hasaba alsak, onda onuñ b.e.ö. 2000-nji ýyllar bolandygy belli edilen hem bolsa, ýazuw ýadygärlikleri b.e.ö. 522-nji ýylyndan başlandygyny salgy berýär. Munuñ esasy çeşmesi bolsa şäheriñ adynyñ Margiana görnüşinde ilkinji gezek duşýan ýazuw ýadygärligi Bisutun kitabeleri atly eserine daýanýar. Bu taryhy başlangyç sebäpli 2500 ýyly arka atan we umuman aýdylanda özüniñ 4000 müñ ýllyk taryhy bilen Merw, ÝUNESKO-nyň Bütindünýa mirasynyň sanawyna girendir (Tan 2000: 10-11).

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyñ taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak hakyndaky 1992-nji ýylda kabul edilen karara laýyklykda Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw, Köne Saragt, Gadymy Dehistan, Abywert, Gökdepe galasy ýaly ýadygärlikler Döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýen derejä eýe boludylar. Merw ýaly Nusaý we Köneürgenç ýadygärlikleri hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýa mirasynyň hataryna girizildi. Merw sebitindäki Soltan Sanjar aramgähi, Hangala, Marguş ýadygärlikleri, Erkgala, Gawurgala, Soltangala, Abdyllahangala, Bayramalyhangala, Ýigitler köşgi, Gyzlar köşgi, Bureýda aramgähi, Talhatan Baba metjidi, Muhammed bin Zeýt aramgähi, Hoja Ýusup Hemedany aramgähi, Ahmet Zamça aramgähi, Hoja Ahmet aramgähi şäheriñ gadym bolandygyna şaýatlyk edýär (Aksoý 2009: 94).

Merw, ösüşiniñ jür başyna Selçuklylar döwri bilen çykýär. Şäher dört ýandan özüne gelen söwda ýollary (Ýüpek Ýoly) bilen Merw dünýanyñ dürli ülkelerine baglanypdyr. Bu döwürde Merw, ykdysady, medeni hem-de syýasy ugurlar boýunça dünýäniñ iñ esasy merkezlerinden biri bolupdyr. Dürli ülkelerden bu şähere gelen adamlaryñ maksady diñe bir syýahat ýa-da söwda bolman, eýsem dünýädäki täzelikler hakynda maglumat hem almak bolupdyr. Togrul begden başlap yslam dünýäsiniñ her tarapyny metjit, medrese, kitaphana, saglyk merkezi, keselhana, dürli ymarathanalardyr kerwensaraýlar bilen dolduran Selçuklylar döwriniñ bu babatda iñ ösen şäherlerinden biri Merw bolupdyr (Tan 2000: 1-2).

Merwde Türkmen halkynyñ maddy we ruhy medeniýetiniñ aýrylmaz bölegi bolan binagärçilik ösdürilip, şäheriñ keşbi düýpli özgerdilipdir. Dolandyryş binalary, döwleti dolandyrýan nesilşalygyñ wekilleriniñ köşkleri, dini we medeni-taglym häsiýetli binalar-metjitler, medreseler, bezegli hususy ýaşaýyş jaýlary, kerwensaraylar gurlupdyr. Şäherde mis, demir işläp bejeren ussalaryñ, agaç ussalaryñ, zergärleriñ kwartallary peýda bolupdyr. Şäherde senetçilik, hünärmentçilik, küýzegärçilik (külalçylyk), çeper metal, aýna-çüýşe önümçiligi, dokmaçylyk, söwda we pul dolanyşygy juda ösüpdir. Ussalar, iş gurallaryny, durmuşda ulanylýan zatlary, ajaýyp gazanlary, harby ýaraglary, bezegleri, şaýsepleri ýasapdyrlar. Şol sebäpli-de Merwde uly bazarlar guralypdyr. Bu ýerde diñe uzak yurtlardan getirilen harytlar bolman, eysem, ýerli harytlar hem köp bolupdyr. Hormatly Prezidentiñ gürrüñi edilen eserinde bu barada öz ýerinde öndürilen harytlary şeýle düşündirýär: “Arassa işlenilip, ýalpyldawuk atlazýyaly edilip goýlan goýun derisi, mişi ýassyklar, gulanyň berk derisinden ýüzlenen eýer, kümüş şaýly at esbaplary, deri sagdaklary, ok-ýaý, peýkam, däri, dürli gaýçylar, agaçdan hem metaldan ýasalan hojalyk enjamlary, türkleriň hytaýlylardan ýasamagy öwrenen reňkli aýnasy, nepis ýüpekler, gowaça çigidi, dermanlyk melhemler, arşynlap matalar satylypdyr. Mal bazary hem aýratyn uly ahmiýete eýe ekeni. Bir günüň dowamynda bäş ýüz toweregi düýe satylypdyr, atlaryň birgideni, aňrybaş tohum bedewler, esasan hem türkmenleriň hakyky hazynasy hasap edilýän dowarlaryň söwdasy edilipdir diýen maglumatlar bar” (Berdimuhamedow 2017: 123-124).

Sözümizi jemläp aýsak; Gadymy Merw arkeologiki we tarhy-medeni obýektleriñ arasynda iñ wajyplarynyñ biri bolup dünýäniñ ähli künjeginden syýatçylaryñ, alymlaryñ ünsüni özüne çekmegi başarypdyr. Diñe bu ýerde 12 asyrda gurlan Soltan Sanjaryñ aramgähi öz döwri nazara alynanda gündogaryñ arhitektura nusgasynyñ ýeten derejesine görkezmegi taýdan ýeterliklidir.

Köneürgenç:

Taryhy maglumatlara görä bu şäher, Beýik Horezmşa döwletiniñ paýtagty bolupdyr we öñki ady bolsa gadymy Gürgenç eken. Horezme mongol ýörişleriniň öň ýanynda gelip gören Ýakut al-Hamawy: “Horezm ýaly gülläp ösýän ýeri dünýäniň hiç bir ýerinde görmedim” diýip ýazypdyr. Rowaýata görä her gün şäheriň bir ýüz altmyş bazarynda söwda gyzypdyr. Galanyň dört ýüz kyrk dört derwezesi bar ekeni. Galada ýedi müň ýedi ýüz medrese, her medresede hem hatar hüjreler bolupdyr. (Berdimuhamedow 2017: 230-236).  Müñ derwezeli şäher diýlip ady tutulan bu ýer demirgazyk sebitlerde hünärmentçilik we söwda merkezi bolupdyr. Bu ýerde bişen kerpiçden iri-iri monumental, haşamlanyp salnan kaşañ jaýlar, köşkler, gümmezli metjit-medreseler, derwezedir minaralar salnypdyr. Şäher hünärmenleri her hili kaşañ gap-gaçlar, syrçaly gor küýzeler, golçalar, humlar, ýukadan dury we reñkli aýnalar öndürmäni öwrenipdirler. Şeýle aýna bilen köşkleri bezäpdirler, ýaşaýyş jaý gurluşygynda ulanyp başlapdyrlar. Şu döwürde saz sungaty, nakgaşlyk sungaty ösüpdir, her hili bürünçden, misden, aýnadan, küýzeden ýasalan zatlaryñ ýüzüne surat çekmek bilen diwarlary bezemek, kitaplaryñ sahypalaryna miniatýura suratlaryny çekmek giñden ýaýrapdyr.

Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň kiçi küşt tagtasy

Garaz Ýüpek Ýolunyñ ugrundaky bu gadym  şäherde sungat işgärleriniñ öz eserlerini kemala getirmegi, binagärçilik ylmynyñ ösdürilmegi, kerwen ýolagçylarynyñ dynç almaklary üçin kaşañ kerwensaraýlaryñ ýasalmagy we ilatyñ durmuşda zerur bolan harytlarynyñ üpjün edilmegi ýaly uly mümkinçilikler döräpdir. Bu baradaky mümkinçilikler we ullukan kerwansaraylardan galan ýadygärlikler barada Türkmenistanyñ çuññur hormatlanylýan Prezidenti öz ýazan işinde giñden gürrüñ berýär: “Amul, Merw, Sarahs, Abiwerd, Bagabat, Nusay, Dehistan yaly şäherlerde kerwensaraýlaryň, ýörite gurlan uly howlularyň yzlary ýüze çykaryldy. Mysal üçin, orta asyr Dehistan şäherinde dynç almaga, saglygyňy dikeltmäge ähli zerur mumkinçilikler göz öňünde tutulan kerwensaraýlaryň üçüsiniň arheologik galyndylarynyň alymlar tarapyndan üsti açyldy. Şeýle täsin gurluşly binalaryň galyndylary, gadymy Merwdäki Gurtludepe, Koneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky Daşgala arheologik meýdançanyň çäginde gurlan kerwensaraýyň äpet girelgesiniň galyndylary biziň döwrümize çenli gelip ýetipdir. Eziz Watanymyzda duş gelýän gadymy myhmanhanalaryň iň ajaýyp binagärlik nusgasy Daýahatyn kerwensaraýydyr. Ol XI asyrda Amuldan çykyp, Amyderýanyň kenary bilen Horezmiň paýtagty Köneürgenje barýan söwda ýolunyň ugrunda, hazirki Birata etrabynyň Gabakly obasynyň çäginde ýerleşýär. Bu binagärlik gurluşy tutuş sebitde şeýle maksada hyzmat eden orta asyr binalarynyň abat saklanyp galan ýeke-täk nusgasydyr” (Berdimuhamedow 2017: 54).

Sarahs:                                                                                                                                                                                                                                                              Taryhy maglumatlara görä bu şäheriñ b.e.ö. VI-IV asyrlarda Persler döwründe gurlandygy çaklanylýar. Orta asyr yslamçeşmelerinde bu şäheriñ döremegi gündogaryñ tanymal mifiki şasy Afrasiab, Keýkowus, ve Zülkarneýn bilen baglanylyşdyrylýar. Ýakudyñ beren maglumatyna görä şäheriñ adynyñ gelip çykyşy, bu ýeriñ Keýkowus tarapyndan Serahs b. Hûzrez adyndaky şahsa berilmegi bilen düşündirilyär. Aradan esli wagtyñ geçmegi bilen Beýik İskenderiñ başda durmagy netijesinde şäheriñ binalary dikeldilipdir (Saýan 1988: 540).

Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşýän Sarahs, Seljuk hökümdarlygy döwründe gysga wagtyñ içinde örän uly gülläp ösüşleri başdan geçiripdir. Gadymy Sarahs topragynda yzy galan kowçum-kowçum galalaryñ sudury, ýerli senetçileriñ elinden çykan küýze gap-çanaklaryñ ownuk bölekleri, bu şäheriñ geçmişdäki şowhunly ýaşaýşyndan habar berýär. Ol öz wagtynda orta asryñ iñ uly şäherlerinden biri bolup bellenilmeli tarapy şäher medeniýetiniñ ösmegi bilen binagärçilik sungatynyñ hem kämil derejede ösenligidir. Mysal üçin bu ýerde ýerleşýän we orta asyryñ iñ uly ýadygärliklerinden biri bolan Abul Fazylyñ aramgähini görkezmek bolara. Bu şäher barada Türkmenistanyñ Hormatly Prezidentiniñ işinde şu maglumatlara gabat gelinýär: “Bu şäheriň ýedi sany derwezesi bolupdyr. Ol senetkärleriň, ussalaryň, alymlaryň şäheri bolupdyr. Şäherde dünýäniň dürli yurtlaryndan gelen söwda kerwenleri goş ýazdyryp, bazarynda adyny tutan harydyň tapypdyr, medreseleriň birnäçesi, juda owadan bina edilen, köp mähelleli metjit bar ekeni” (Berdimuhamedow 2017: 158).

Bu şäheri kesip geçen ýol bolsa ýende-de üç uly şähere barýar eken. Ýollaryñ ilkinjisi Nişapur, ikinjisi Herat, üçünjisi bolsa Nusaýa barypdyr. şeýdip bu söwda ýollaryny özünde jemlän Beýik Ýüpek ýoly Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyñ arasyndaky ykdysady, diplomatiki gatnaşyklaryñ berkemegine hem-de türkmenleriñ maddy we ruhy medeniýetiniñ kämil ösüşlerine giñ ýol açypdyr.

Orta asyrlarda ylmyñ dürli ugurlarynda tanymal alymlar bu ýerde ýaşap geçipdir. Mysal üçin dana alym Ibnü’t-Taýýib es-Serahsî, yslam alymlaryndan Ahmed es-Serahsî, Lokmân-ı Serahsî görkezme bolar. Şäher ilatynyñ hem ençeme sungat pudagynda kämillik derejesine ýetendikleri barada maglumat berlipdir. Sarahs şäheri dürli duşman çozuşlaryna sezewar bolandygy üçin we binalar kerpiçden ýasalandygy üçin binagärlik sungatynyñ ajaýyp nusgalary bizin günümize gelip ýetmändir (Saýan 1988: 540).

Abiwert:                                                                                                                                                                                                                                                          Alymlar, Horasanyñ tanymal Abiwert welaýatynyñ Günorta Türkmenistanyñ dag eteklerinde häzirki Badadurmaz demir ýol bekedinden Sarahs sebitlerine çenli bolan aralykda ýerleşendigini belläpdirler. Amatly howa şertleriniñ, mes toprakly ýerleriñ, suwaryş üçin amatly suw üpçünjiliginiñ bolmagy, bu ýerlerde ekerançylyk hojalygynyñ irki döwürlerde hem güýçli ösmegine getiripdir. Bu barada Hormatly Prezidentiñ öz işinde; irki döwürlerde Abiwerd sebitleriniň esasy merkezi Apawarktika şäheri bolupdyr. Şäher ýüpek önümçiligi hem-de eksporty, ýüpek matadan tikilýän eşigiň aýratyn bir gornuşi – zanbaft, şeýle hem künji, künji ýagy bilen meşhur bolupdyr. Gündogar geograflary öz ýazgylarynda Abiwerd sebitiniň bereketli topragy, şäheriň bazary hem-de metjidi hakynda ýatlap geçýärler. Olar Abiwerde derýadan we kärizlerden gelýän suwuň arassadygyny, jana dermandygyny ýazypdyrlar. Abiwerd Merkezi Horasan, ilkinji nobatda hem, Kopetdagyň üstünden geçýän söwda ýolunyň ýörite bir şahasynyň ugrunda ýerleşen – Nişapur bilen ykjam gatnaşykda bolupdyr. Şäheriň demirgazyk tarapy çarwa sahrasyna maldarçylyk hem-de senetkärlik önümlerini satyn almak ücin möhüm bazara sepleşipdir. Arheologlar Abiwerdiň köne galyndylarynda barlag işlerini geçirenlerinde, keramiki önümçiligiň hem-de metal işläp bejermegiň yzlary galan hünärmentler etrapçasyny, uly howuzlaryň hem-de guýularyň yzlaryny, irrigasion ulgamyň nähili ýokary derejede ösendigini görkezýän köne taşlanan ýaplaryň, keramiki turbalaryň tor ýaly bolup giden ugurlaryny ýüze çykardylar” diýip bellenilýär (Berdimuhamedow 2017: 168-169). Ýazuw çeşmeleriniñ we arkeologiýa maglumatlarynyñ öwrenilmegi netijesinde; Orta asyr Abiwerd welaýatynyñ Demirgazyk Horasanyñ iñ bir kuwwatly, gür ilatly, ösen medeniýete eýe bolupdyr we tä mongol basybalyşlaryna çenli bu ýagdaý dowam edipdir. Bu şäheriñ iñ bir gülläp ösen döwrüniñ 11-12-nji asyrlar bolandygy bellenilýär. Gaym döwürlerde bu ýerde suwarymly ýerler özleşdirilipdir, galla ödürilipdir. Alnyp barlan ylmy işleriñ netijesinde gadymy Abiwerden günümize çenli gelip ýeten sudurlar arasynda Namazgadepe, Altyndepe, Ýelkendepe, Ulugdepe, Garadepe, Ýangigala, Tekkemdepe, Elkendepe, Taýtçanakdepäni görkezmek bolar (Lecomte 2013: 167).

Amul:

Arheologik maglumatlara görä, biziň eýýamymyzyň başlarynda Amul şäheriniň (häzirki Türkmenabat) düýbi tutulypdyr. Amul şäherininiň adynyň gelip çykyşy barada hiç hili maglumat ýok. Kuşan döwründe Amuldan Hindistana, Horezme we Gündogar Ýewropa ýurtalaryna söwda ýolary gidýär eken. Amulyň Kuşan döwletiniň düzüminde bolan döwründe, ýagny b.e. I-IV asyrlarynda daşyndaky şähristan bilen bilelikde umumy meýdany 150-175 gektar bolupdyr, onuň daşynda bolsa köp sanly gurulan jaýlar, bagly bakjaly mülkler ýaýylyp ýatypdyr. Amulda hünärmentçilik giň gerime eýe bolupdyr. Amul “Beýik ýüpek ýolunyň”ugrunda ýerleşip onuň ilaty halkara söwdasyna işjeň gatnaşypdyr. Amul şäheri diňe bir Hytaýdan gelýän söwdagärleriň harytlaryny ýerleşdirýän şäher bolman, eýsem Hytaý söwdagärleri ýerli hünärmenleriň öndürýän önümlerini hem satyn alyp başaga ýurtlara äkidipdirler. Şeýlelikde, söwda gatnaşyklaryň ösmegi Amul şäheriniň ykdysady taýdan ösmegine getiripdir (Orazgylyjow 2010: 278).

 

Amul arheologlaryň pikiriçe, iki müň ýyl töweregi öň döräp, Amyderyanyň üstünden amatly geçelgäniň bolmagy şäheriň gülläp ösüşlerine düýpli täsir edipdir. Ikinji bir tarapdan bolsa, bu yerde iri gämi duralgasy bar eken. Şonuň bilen günortadan Hindistandan suw ýoly arkaly harytlar getirilipdir. Garşylykly tarapdan bolsa Bolgariyanyň, Hazaryň, Russiýanyň uzak demirgazyk sebitleriniň harytlaryny Koneürgençden Amula alyp barýan gämiler ýüzüpdir. Gury yer gatnawy hem örän işjeň alnyp barlypdyr, kerwenler Amula gelip, geçelgeden ötensoňlar gündogara, Buhara tarap, çep kenardan demirgazyk tarapa – Horezme, günortada Zemm hem-de Termeze, günbatarda Merwe gidipdirler (Berdimuhamedow 2017: 79-80).

Nusaý:

Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty Aşgabadyň günbatarsynda, Bagyr obasynda ýerleşýän Nusaý galasy bolupdyr. Bu ýerde aralary bir-birinden uzak bolmadyk iki sany Köne we Täze Nusaý diýlip atlandyrylýan galalar bar. Hakykatda bolsa, Täze Nusaý galasy Köne Nusaý galasynyň düýbi tutulmazdan müň ýyldan hem gowrak öň oturymly ekerançylyk obasy ýerleşipdir. Emma bu galada ýaşaýyş XVII-XVIII asyrlarda hem dowam edipdir. Şoňa görä-de oňa Täze Nusaý diýipdirler.

Köne Nusaý galasynda Ärsakylaryň köşk galasy bolup, onda döwlet diwany, ybadathana, hazyna, patyşalaryň maşgalalarynyň, şeýle hem köşge ýakyn adamlaryň ýaşaýyş jaýlary ýerleşipdir. Täze Nusaý esasan şäher ilatynyň ýaşan ýeri bolup, onda ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde jemgyýetçilik ymaratlary hem bolupdyr. Aşgabadyň ýanyndaky Köne Nusaý galasyndan tapylan zatlaryň arasynda mermer daşyndan ýasalan aýal şekili we pil süňkünden ýasalan ritonlar-bulgurlar bar. Olaryň hemmesinde hem ellin medeniýetiniň täsiri mese-mälim duýulýar (Orazgylyjow 2010: 208).

Netije

Ýokarda belläp geçilen şäherlerin taryhyndan hem göz ýetirilişi ýaly Türkmen topragy asyrlaryñ dowamynda bütindünýä medeniýetiniñ, edebiýatynyñ, ylmyñ mesgeni bolupdyr. Türkmenler dünýä medeniýetiniñ genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine, diline örän uly goşant goşan iñ gadymy halklardan biridir.

Beýik Ýüpek ýolundan diñe şalar, korollar, söwdagärler we kerwenler geçmedi, bu taryhy ýoldan Ibn Sina, Al-Horezmi, Faraby, Biruny ýaly akyldarlar, Garajaoglan, Magymguly ýaly şahyrlar we Marko Polo, Ibn Batuta, Ali Kuşçu, Ewliýa Çelebi, Ulug Beg ýaly jahankeşdelerem geçip gitdi…

Umuman aýdylanda bir ýarym müň ýylyň dowamynda Türkmenistanyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly Merw, Köneürgenç, Abywert, Amul, Nusaý, ýaly şäherler dürli halklaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda, kämilleşmeginde, maddy we medeni – ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmeginde uly ýardam beren, döwrüň gülläp ösen uly ylmy we medeni merkezlerine öwrülipdir. Mundan başga-da bu ýerleriñ öz döwrüniñ söwda merkezlerine öwrülendigine hususan gadymy Nusaýyň dörtburç öýünden tapylan bullalardyr zikgeler harytlaryñ uly toplumyny möhürlemek üçin hyzmat eden bomagy mümkin diýip belläpdirler. Bu bolsa eksport-import häsiýetli ösen lomaý söwdanyň şaýady bolup biler.

Garaz, gadymy taryhyñ şan-şöhratyna beslenen Beýik Ýüpek ýolunyñ; Türkmenistanyñ medeniýetine senetçilik, dokmaçylyk, binagärlik, ýüpekçilik we külalçylyk sungatyna täsiri uly bolupdyr. Türkmenistanyñ alyp baran daşary syýasaty netijesinde bu ýoluñ häzirki wagtyñ talaplaryna laýyklykda demirýol we gaz geçiriji ýollary görnüşinde gaýtadan diklemegi bolsa dünýä halklary arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ýardam etjekdigi anykdyr.

Edebiýatlar

BERDIMUHAMEDOW, Gurbanguly, Türkmenistan–Beýik Ýüpek Ýolunyñ Ýüregi, 2017, Aşgabat.

ALÝYLMAZ, Jengiz, Ýüpek Ýoly Çatrygynyñ Soñsuzlyk Eserleri, 2015, Ankara

AKSOÝ, Ýahýa, Si-An’dan Tirana Taryhy Ýüpek Ýoly, 2009, Ankara.

LECOMTE, Oliwer, Activités Archéologiques Françaises Au Turkménistan, 2013.

ORAZGYLYJOW Ý., Gubaýew A., Sahydow T. Türkmenistanyñ Taryhy (Iñ gadymy döwürden 7-nji asyra), Türkmenistanyñ Bilim Ministirligi, 2010.

PURTAŞ, Fırat, Orta Aziýa bilen Günorta Aziýa Arasynda Döwrebap Ýüpek Ýoly Taslamasy, Ahmet Ýasawy Uniwersitedi Neşriyady, 2011, Ankara.

SAÝAN, Ýüksel, Yslam Ensiklopediýasy, 1988, 36-njy tom, sahypa:540 TDW, Ankara.

TAN, Orhan, Merw, TÜRKSAW neşriýat gullugy, 2000, Ankara.

TAŞÝÜREK, Muzaffer, Erzurum Bir Ýüpek Ýoly Şäheri, Bireý Neşriýat, 2009, Stambul.

ÝYLMAZ, Emrah, Mahtumkulu Eserleriniñ Deýimler Sözlügi, Gazi Neşriýat, 2016.

 

Dr. Tugba Ýylmaz,

Ankara Hajy Baýram Weli Uniwersitediniñ

Häzirki Zaman Türki Diller Kafedrasynyñ mugallymy, doktor.

Ankara/Türkiýe