TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Döwrebap bilim özgertmeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir güni taryhy wakalara, şatlykly senelere gurşalýar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, bilim ulgamynda, umuman aýdanymyzda, ähli babatlarda uly sepgitlere ýetildi.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da köp iş­ler ama­la aşy­ry­lyp, uly ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler hal­kyň bäh­bi­di­ne, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ro­waç­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le be­ýik iş­le­riň ha­ta­ryn­da ylym-bi­li­mi ös­dür­mek, ýaş hü­när­men­le­riň bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly ugur­la­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şo­nuň üçin hem bu gün­ki gün­de ylym-bi­lim­li ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek, kä­mil hü­när­men­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Şun­da ýaş­la­ryň wa­tan­sö­ýü­ji bol­ma­gy, mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi uly ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Çün­ki mil­li mi­ra­sy­my­za hor­mat goý­ýan, ata-ba­ba ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän, wa­tan­sö­ýü­ji, mil­li ruh­ly ýaş­lar bi­ziň buý­san­jy­myz­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş­la­ryň mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­ýän­di­gi­, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş­la­ryň ke­ma­la gel­ýän­di­gi ba­ra­da şeý­le bel­le­ýär: «Ýaş ne­sil ba­ra­da döw­let de­re­je­sin­de edil­ýän ala­da öz mi­we­si­ni hem ber­ýär. Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aja­ýyp ýö­rel­ge­le­ri­ne, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za we­pa­ly, ru­hu­be­lent, bi­lim al­ma­ga, hü­när öw­ren­mä­ge, zäh­met çek­mä­ge hö­wes­li ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär». Hä­zir­ki dö­wür­de ylym, bi­lim ul­ga­my­nyň ösü­şin­de tä­ze tap­gy­r baş­lan­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýaş­lar mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz bi­len bir ha­tar­da kä­mil teh­ni­ka­la­ry, teh­no­lo­gi­ýa­la­ry us­sat­lyk bi­len öz­leş­dir­ýär­ler. Şo­nuň üçin ze­hin­li ýaş­la­ryň bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, mu­gal­lym­lar­yň ýaş­la­ra bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek ukyp­la­ry­na bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ry güýç­len­dir­mek döw­rüň esa­sy ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nil­ýär.

Döwrebap bilimi we ösen ylmy döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň, halkyň ýokary ýaşaýyş derejesiniň ygtybarly binýady hasap edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň aň-bilim, ylmy-tehniki kuwwaty täze derejelere çykarylýar. Milli ylym-bilim ulgamynyň hereket edýän hem-de täze gurulýan edara ediş we dolandyryş , okuw-usulyýet binalary döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýan ýokary amatlykly okuw mekdeplerinde ýaşlaryň çuňňur bilim almagy, geljekde saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmagy, ylma-bilime höweslenmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň döw­re­bap hü­när­le­ri ele al­mak­la­ry na­za­ry bi­lim­le­re kä­mil­leş­­mek­le­ri, ama­ly en­dik­le­ri ýo­kar­lan­dyr­mak­la­ry, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öz­leş­dir­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­tiň ösü­şi­niň we aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy ylym ul­ga­myn­da­ky ýag­daý bilen gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Yl­my bar­lag­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýän is­len­dik ýurt­da yl­ma esas­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­lar üs­tün­lik­li or­naş­dy­ryl­ýar. Bu mak­sat­ üçin ýe­ter­lik de­re­je­de ma­li­ýe, mag­lu­mat, önüm­çi­lik we bi­lim se­riş­de­le­ri bö­lü­nip be­ril­ýär.

Hal­ka­ra de­re­je­sin­de yl­my önüm­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ga ukyp­ly ýaş alym­la­ryň tä­ze tap­gy­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek we ola­ry gol­da­mak, ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň ylym­ly-bi­lim­li, Wa­ta­na, hal­ka we­pa­ly, giň göz­ýe­tim­li, mak­sa­da ok­gun­ly, zäh­met­sö­ýer we öň­de­ba­ry­jy ne­sil­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni ga­zan­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. Şo­nuň üçin hem ýaş alym­la­ryň tä­ze we in­že­ner­çi­lik pi­kir­le­ri­ni, se­na­gat-in­no­wa­si­ýa we mag­lu­mat-teh­no­lo­gik iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mek­de äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.

Jemile Kulyýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle