TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty:“Açyk Gapylar 2023”

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Mugallymlar gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň  3-nji we 10-njy maýynda sagat 14:00-da institutyň baş binasynda  ýerleşýän mejlisler zalynda geçirilýän «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Şol günlerde ýaşlar institutda okuwlaryň guralyşy, terjime işleriniň alnyp barlyşy, ýokary okuw mekdebinde öwredilýän hünär dilleri, geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler bilen tanşyp, okamak isleýän ýaşlara bildirilýän talaplar, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri, olaryň hukuklary we borçlary barada maglumat alyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň

Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-84-08; 36-87-41.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş instituty:“Açyk Gapylar 2023”

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda çagalaryň dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna badalga berildi

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaralar

«Ýylyň talyby-2023» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

1 teswir

Melek 2023-05-10 at 15:15

Salam diñe özümi synamak üçin siziň institutyñyza synag tabşyryp bilerinmi özüm entäk kiçi ýöne arzuw etýän girmegi we taýynlanyp ýörün

Teswirle