TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Döwletli maslahat – ösüşleriň buşlukçysy

Beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe ynamly gadam urýan mähriban Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşylanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň toýuny tutýan şu buýsançly günlerde geçirilen Döwlet Maslahaty ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginlerini çaltlandyrmaga gönükdirilýän içeri we daşary syýasatymyz netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Watanymyzyň we halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň her biri türkmeniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda uly aladalaryň edilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilikli ruhunyň, ýurdumyzda höküm sürýän abadançylygyň, il agzybirliginiň we ählumumy ruhubelentligiň nobatdaky subutnamasydyr.

Mukaddes Garaşsyzlyk düşünjesi türkmen halkynyň aňynda bir bitewi, erkin hem-de gülläp ösýän döwlet hakyndaky amala aşan arzyly arzuwlaryň wysalydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysynda 2022-nji ýyl uly üstünliklere beslendi.

Täze döwrümizde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn milli maksatnamalaryň çäklerinde senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly köp sanly binalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi asylly başlangyçlaryň ýol alýandygynyň mysalydyr. Şunuň bilen bilelikde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny nazarlap, beýik işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi her bir türkmeniň buýsanjyny goşalandyrdy.

Telekeçiligiň ösdürilmegi, ýaş telekeçileriň döwlet tarapyndan goldanylmagy bolsa, ýurdumyzyň at-abraýynyň dünýä bazarlarynda pugtalanmagyna getirýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünliklerdir ýetilen sepgitler il agzybirliginden, ýurt abadançylygyndan nyşandyr. Geljek 30 ýyly nazarlaýan Milli maksatnamada ýaş nesilleriň röwşen geljegi hem göz öňünde tutulandyr.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatynyň barşynda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzda geljek ýyllarda göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn işler barada belläp geçmegi halkymyzyň durmuş ugurly ösüşleriniň täze sepgitlere ýetjekdiginden mysaldyr.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynda geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň has-da pugtalandyryljakdygyny aýdyp: «Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilimi edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys»  diýip belledi.

Ýurdumyzyň geljekki rowaçlyklaryny hem-de halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan maksatnamalaýyn işleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de olar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadyny berkider.

Watanymyzyň pajarlap ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwlet berkararlygymyzyň dowamat dowam bolmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Idris Akbarow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň

Nebiti, gazy gaýtdan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň talyby. 

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle