Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow häzirki wagtda çykyş edýän “Bellator” ýaryşynyň çäginde nobatdaky tutuluşygyna çykar. Onuň 8-nji oktýabrdaky tutluşygyndaky garşydaşy polşaly Maseý Ružanski bolar.
Ýarym agyr agramdaky tutluşyk ABŞ-nyň San-Diego şäherinde “Bellator 300” ýaryşynyň çäklerinde bolar. Mälim blýaşy ýaly, Ýagşymyradow şu ýylyň martynda “Bellator 292” ýaryşyň çäkerinde emin agzalarynyň çykaran karary bilen litwaly Žulias Anglikasy ýeňmegi başarypdy.
34 ýaşyndaky Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda “Bellator” ýaryş gurnaýjy kompaniýays bilen şertnama baglaşypdy.
Türkmen pälwany şu wagta çenli 20 ýeňiş gazanyp, 7 tutluşykda ýňeildi we 1 tutluşygy deňme-deň tamamlandy.
Döwletjanyň garşydaşy polşaly Ružanski soňky tutluşygyny şu ýylyň fewralynda “Belator 291” ýaryşynyň çäklerinde geçirip, britaniýaly Karl Murdan ýeňlipdi.
Mälim bolşy ýaly, türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow «Kuruluş: Osman» atly meşhur türk serialynyň dördünji möwsüminiň täze bölüminde surata düşýär.