JEMGYÝET

Döwletjan Ýagşymyradow final tutluşygyna çykar

29-njy noýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) garyşyk söweş sungaty boýunça “PFL World Championship 2024” ýaryşy geçiriler. Şol gijäniň esasy tutluşygy ýarym ýeňil agramly PFL Gran Pri finaly bolar. Onda türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow we amerikaly Impa Kasanganaý çempionlyk guşagy hem-de 1 million dollarlyk baýrak ugrunda bäsleşer.

35 ýaşly türkmen türgeni ABŞ-nyň Florida ştatynyň Golliwud şäherinde geçirilen PFL 8 ýaryşynda awstraliýaly Rob Uilkinsony eminleriň biragyzdan ses bermegi bilen ýeňenden soň, bu ady almak hukugyna eýe boldy

Bu Ýagşymyradowyň yzygider altynjy ýeňşi we PFL-de üçünjisi boldy. Garyşyk söweş sungatynda onuň 24 ýeňşi we 7 ýeňlişi bar, ýene-de bir tutluşygy deňme-deň netije bilen tamamlandy.

30 ýaşly Kasanganaý hem güýçli türgenleriň biridir. Onuň hem 18 tutluşykda gazanan ýeňşi we 4 gezek ýeňilen duşuşyklary bar.

Her iki türgen PFL 2024 möwsüminde oňat netije görkezip, 3 tutluşykda hem ýeňiş gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy