TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” bilen şertnama baglaşdy

Başa-baş göreş boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.  Bu barada “allboxing.ru” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

“Absolute Championship Akhmat” (ACA) ýaryşynda ýarym agramda çykyş eden Ýagşymyradow 24 tutluşyk geçirip, onuň 18-sinde ýeňiş gazandy. Döwletjan häzirki wagtda soňky sekiz tutluşykda gazanan ýeňşi bilen barýar.

“Bellator” kompaniýasy bilen şertnama gol çekişen türkmen türgeni 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda bu kompaniýanyň gurnamagynda ilkinji tutluşygyny geçirer.

Mälim bolşy ýaly, Döwletjan Ýagşymyradow iň soňky tutluşygyny geçen ýylyň dekabrynda geçiripdi. Ol şonda rus türgeni Alekseý Butorini ýeňip, ikinji gezek çempionlyk derejesini gorapdy.

Ýeri gelende aýtsak, Döwletjan Ýagşymyradow ACA-da (Absolute Championship Akhmat) ýaryşýan we çempion bolan ilkinji türkmenistanly pälwandyr.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew rus futbolyna dolanmakçy

Katar-2022: Ronaldo we Neýmar ýaşyl meýdança çykýar

Katar-2022: Ispaniýadan 7:0-lyk uly hasaply ýeňiş

Teswirle