Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi

Türkmenistanda Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda çykaran 507-Ö belgili buýrugy bilen Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu Tertip «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasynyň bäşinji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.   Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda 1396 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Buýrugy Size ýetirýäris.

Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň

Tertibi

I bap. Umumy düzgünler

  1.        Şu Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasynyň bäşinji bölegine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.
  2.        Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlary Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň (mundan beýläk – ygtyýarlandyrylan edara) Ýer serişdeleri gullugy, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ygtyýarlandyrylan edaranyň ýer serişdeleri müdirlikleri, etraplarda we şäherlerde – ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri tarapyndan fiziki we ýuridik şahslara olaryň ýazmaça ýüztutmasy boýunça berilýär, döwletiň ýa-da täjirçilik syryny düzýän maglumatlar muňa degişli däldir.
  3.        Döwlet ýer kadastr maglumatlary bermek işleri şu aşakdakylar bilen üpjün edilýär:

1) ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamalary hem-de ykdysady baha berlişi, olaryň ýerleşýän ýeri we ölçegleri barada, şeýle hem olaryň ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar hem-de ýer bölekleriniň kärendeçileri boýunça bölünişi barada resmileşdirilen maglumatlary bermek;

2) fiziki we ýuridik şahslara Döwlet ýer kadastryndan ýer bölegi hakynda maglumatlary bermek;

3) toprak barlaglarynyň netijesi boýunça ýerleriň şorlaşanlyk derejeleri, iýmit maddalary bilen üpjünçiligi barada resminamalaryny toplamak we maglumatlary taýýarlap bermek;

4) ýerleriň hil ýagdaýyna syn etmek (monitoring) boýunça  maglumatlary taýýarlap bermek;

5) topraklaryň bonitirowkasy we ýerlere ykdysady baha bermek  boýunça maglumatlary taýýarlap bermek.

  1.        Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň esasy maksady ýer bölekleri, olar babatda hukuklar we borçlanmalar hakynda maglumatlaryň elýeterliginiň, obýektiwliginiň we yzygiderliliginiň üpjün edilmegi bolup durýar.

Döwlet bähbitlerini goramak maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryna elýeterlilige çäklendirmeler we gadaganlyklar aýratynlykda bellenilýär.

  1.        Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdelerinden maliýeleşdirilyän edaralardan beýlekilere tölegli esasda berilýär. Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlarynyň peýdalanylmagyna nyrhlaryň möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Döwlet ýer kadastryndan maglumatlaryň berlendigi üçin töleg görnüşinde alynýan serişdeler, Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

  1.        Döwlet ýer kadastryndan maglumatlaryň berlendigi üçin tölegiň alynyşyna gözegçilik welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ygtyýarlandyrylan edaranyň ýer serişdeleri müdirlikleri tarapyndan amala aşyrylýar, ýagny olar:

1) etraplarda we şäherlerde – ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri tarapyndan Döwlet ýer kadastryndan maglumatlaryň berlendigi üçin tölegiň alnyşynyň hasabatyny ýöredýärler;

2) etraplarda we şäherlerde – ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri tarapyndan Döwlet ýer kadastryndan maglumatlaryň berlendigi üçin tölegiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz wagtynda tölenilişine gözegçilik edýärler;

3) etraplarda we şäherlerde – ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri tarapyndan Döwlet ýer kadastryndan maglumatlaryň berlendigi üçin tölegiň hasabatyny her çärýekde we ýylyň jeminde jemläp ygtyýarlandyrylan edaranyň Ýer serişdeleri gullugyna berýärler.

II bap. Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermegiň tertibi

  1.        Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny almak üçin  fiziki şahslar ýazmaça arza bilen (şu Tertibe 1-nji goşundy), ýuridik şahslar ýazmaça talapnama bilen degişli ýer serişdeleri müdirlikleriniň etrap (şäher) bölümlerine ýüz tutýarlar.

Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny almak üçin  fiziki we ýuridik şahslar olaryň ýüz tutmalarynda ýer bölegi barada Döwlet ýer kadastryndan gerek bolan maglumatlary görkezmelidirler.

Arzanyň blankasynyň doldurylmadyk böleklerinde kese çyzyk belgisi goýulýar.

  1.        Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny almak üçin  fiziki we ýuridik şahslaryň ýüztutmalaryna şu aşakdakylar goşulýar:

1) fiziki şahs üçin – şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy);

2) ýuridik şahsyň wekili üçin – ýuridik şahsyň esaslandyryş resminamalary, şeýle hem wekiliň özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny we onuň bu ýuridik şahsyň adyndan hereket etmäge ygtyýarlygyny tassyklaýan resminama;

3) daşary ýurt ýuridik şahsyň wekili üçin – şol döwletiň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik şahs bolup durýandygyny tassyklaýan bellenen tertipde kanunlaşdyrylan (legalizirlenen), döwlet diline terjime edilen we notarial taýdan tassyklanan resminamalary, şeýle hem wekiliň özüniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny we onuň bu ýuridik şahsyň adyndan hereket etmäge ygtyýarlygyny tassyklaýan resminama;

4) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçileri üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan resminama;

5) degişli ýer bölegine bolan hukugy tassyklaýan resminama (bolan ýagdaýynda);

6) Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny almak üçin  tölegiň tölenendigini tassyklaýan resminama.

Şu bölegiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary yzyna gaýtarylmalydyr.

  1.        Döwlet ýer kadastryndan maglumatlaryň berilmeginde ýer bölegine bolan eýeçilik hukugynyň Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyna bolan Döwlet namasy, ýerlere kärende hukugy barada Şahadatnamasy, Döwlet ýer kadastr resminamalary, ýagny  kadastr kartalary,  kadastr çyzgylary (planlary), kadastr işleri, ) kadastr resminamalary (kadastr resminamalaryna daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň Döwlet ýer kadastr kitaplary, etraplaryň (şäherleriň) kadastr resminamalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer kadastrynyň kadastr resminamalary we Türkmenistan boýunça Döwlet ýer kadastrynyň kadastr resminamalary degişlidir) esas bolup hyzmat edýär.
  2.      Anyk fiziki we ýuridik şahsa Döwlet ýer kadastryndan degişli maglumatlar diňe şulara berilýär:

1) olaryň hukuk eýelerine;

2) hukuk eýelerinden ynanç hatyny alan fiziki we ýuridik şahslara;

3) ýer bölegine bolan hukuklar hukuk kabul edijilik tertibinde özlerine geçýän şahslara;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýetlere we beýleki ygtyýarly döwlet edaralaryna.

  1.      Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet we beýleki ygtyýarly döwlet edaralaryna maglumatlar welaýat boýunça zerur bolan ýagdaýynda bu maglumatlar welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ygtyýarlandyrylan edaranyň ýer serişdeleri müdirlikleri tarapyndan, Türkmenistan boýunça zerur bolan ýagdaýynda ygtyýarlandyrylan edaranyň Ýer serişdeleri gullugy tarapyndan berlip bilner.

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet we beýleki döwlet edaralary tarapyndan esasly talapnama boýunça olaryň ygtyýarlyklaryna laýyklykda Döwlet ýer kadastrynyň resminamalaryndan nusgalar berlip bilner.

  1.      Maglumatlar ýa-da maglumatlaryň berilmeginden esasly ýüz döndermek barada habar arza berlen gününden başlap ýa-da ýazmaça talapnama gelen pursadyndan başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda ýazmaça görnüşde berilýär.
  2.      Soralýan maglumatlar Döwlet ýer kadastrynda bolmadyk ýagdaýynda, arza ýa-da ýazmaça talapnama bilen ýüz tutan şahsa bu barada habar berilýär.
  3.      Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny özünde jemleýän resminama bu resminamany taýýarlan edaranyň ýolbaşçysynyň (hünärmeniniň) goly goýulýar (ady, familiýasy ýazylyp) we bu edaranyň  möhüri bilen berkidilýär.

Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny özünde jemleýän resminama ony alan şahsa gol çekdirilip berilýär.

  1.       Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny almak üçin fiziki şahslaryň  ýazmaça arzasy boýunça hem-de ýuridik şahslaryň ýazmaça talapnamasy boýunça umumy maglumatlar Döwlet ýer kadastryndan ýer bölegi hakynda Kepilnama (şu Tetribe 2-nji goşundy) görnüşinde berilýär.
  2.      Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak – mellek ýeri üçin we şäherlerde hem-de şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin berlen ýerleriň maglumatlary tablisa gönüşinde taýýarlanylýar. Onda mellek ýeri alan fiziki şahsyň ady, familiýasy we atasynyň ady, ýaşaýan ýeriniň salgysy, mellek ýeriniň möçberi, mellek ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resminamalar ýazylyp beýan edilýär.
Okap bilersiňiz  Dünýäde ilkinji sanjym: “Sputnik-V” diýlip atlandyryldy

Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak – mellek ýeriniň peýdalanylyşy barada maglumatda (şu Tertibe 3-nji goşundysy) şu aşakdakylar görkezilýär:

1) 1-nji sütüninde raýatlaryň oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin we şäherlerde hem-de şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin berlen ýerleriň umumy meýdany 0,01 gektara  çenli ýazylyp görkezilýär;

2) 2-nji sütünde sürümli ýerleriň meýdany görkezilýär;

3) 3-nji sütünde miweli baglaryň meýdany görkezilýär;

4) 4-nji sütünde üzümleriň meýdany görkezilýär;

5) 5-nji sütünde tutlaryň meýdany görkezilýär;

6) 6-njy sütünde beýleki köp ýyllyk agaçlaryň meýdany görkezilýär;

7) 7-nji sütünde jaýlaryň we beýleki kömekçi gurluşyklaryň ýerleri görkezilýär;

8) 8-nji we 9-njy sütünlerde mellek ýerlere we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin berlen ýerleden peýdalanmaga hukuk berýän resminamalaryň seneleri we belgileri ýazylyp görkezilýär.

Ýokarda ýazylan maglumatyň görkezijileri bir setirde ýazylyp görkezilýär.

  1.      Suwarymly ýerleriň häzirki ýagdaýda peýdalanylyşy barada maglumatlary tablisa gönüşinde taýýarlanylýar.

1) Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleriniň peýdalanylyşy baradaky maglumat (şu Tertibe 4-nji goşundy) berlende  daýhan birleşigiň we beýleki oba hojalyk kärhananyň ady, ýer böleginiň umumy meýdany, suwarymly ýerler, sürümli, köp ýyllyk agaçlar, mellek ýerler we beýleki ýerler ýazylyp beýan edilýär.

2) Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleriniň peýdalanylyşy baradaky maglumat berlende:

  1. a) 1-nji sütüninde daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerleriniň umumy meýdany gektar hasabynda ýazylyp görkezilýär;
  2. b) 2-nji sütünde suwarymly ýerleriň meýdany görkezilýär;

ç) 3-nji sütünde sürümli ýerleriň meýdany görkezilýär;

  1. d) 4-nji sütünde köp ýyllyk agaçlaryň meýdany görkezilýär;
  2. e) 5-nji sütünde miweli baglaryň meýdany görkezilýär;

ä) 6-njy sütünde üzümleriň meýdany görkezilýär;

  1. f) 7-nji sütünde tutlaryň meýdany görkezilýär;
  2. g) 8-nji sütünde beýleki köp ýyllyk agaçlaryň meýdany görkezilýär;
  3. h) 9-njy sütünde oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak üçin berlen mellek ýerleriniň meýdany görkezilýär;
  4. i) 10-njy sütünde beýleki ýerleriň meýdany ýazylyp görkezilýär.

Hemişelik we wagtlaýyn berkidilip berlen ýerler aýratyn setirlerde ýazylyp beýan edilýär.

  1.      Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerleriniň toprak baradaky maglumatlary tablisa gönüşinde taýýarlanylýar.

1) Topraklaryň görnüşleri boýunça:

  1. a) Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinde geçirilen toprak barlag işleriniň netijeleri boýunça tablisada topraklaryň görnüşleriniň tertip belgisi, topraklaryň görnüşleriniň doly atlary, meýdanlary, topragyň görnüşleriniň tutýan meýdanlary göterim hasabynda ýazylyp beýan edilýär.
  2. b) Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerleriniň topraklary barada maglumat (şu Tertibe 5-nji goşundy) berlende:

1-nji sütüninde daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň peýdalanýan ýerlerinde geçirilen toprak barlaglarynyň netijesinde anyklanan topraklaryň görnüşleriniň tertip belgisi ýazylyp görkezilýär;

2-nji sütünde anyklanan topraklaryň görnüşleriniň doly atlary ýazylyp görkezilýär;

3-nji sütünde anyklanan topraklaryň her bir görnüşi boýunça olaryň tutýan meýdanlary ýazylyp görkezilýär;

4-nji sütünde anyklanan topraklaryň görnüşleriniň her biri boýunça umumy meýdana bolan gatnaşygy göterim hasabynda görkezilýär.

2) Mehaniki düzümi boýunça:

  1. a) Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň peýdalanýan ýerlerinde geçirilen toprak barlag işleriniň netijeleri boýunça tablisada topraklaryň mehaniki düzüminiň tertip belgisi, topraklaryň mehaniki düzüminiň, ýeňil-çäge we çägesöw, orta-ýeňil we orta toýunsow, agyr-agyr toýunsow we toýun diýip doly atlary,  meýdanlary, mehaniki düzüminiň tutýan meýdanlary göterim hasabynda ýazylyp beýan edilýär.
  2. b) Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerleriniň topraklarynyň mehaniki düzümi boýunça maglumat (şu Tertibe 6-njy goşundy) berlende:

1-nji sütüninde daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň peýdalanýan ýerlerinde geçirilen toprak barlag işleriniň netijesinde anyklanan mehaniki düzüminiň tertip belgisi ýazylyp görkezilýär;

2-nji sütünde toprak barlaglarynyň netijesinde anyklanan mehaniki düzüminiň doly atlary ýazylyp görkezilýär;

3-nji sütünde anyklanan mehaniki düzüminiň her biri boýunça olaryň tutýan meýdanlary ýazylyp görkezilýär;

4-nji sütünde anyklanan mehaniki düzüminiň her biri boýunça umumy meýdana bolan gatnaşygy gektarda we göterim hasabynda görkezilýär.

3) Şorlaşanlyk derejeleri boýunça:

  1. a) Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň peýdalanýan ýerlerinde geçirilen toprak barlag işleriniň netijeleri boýunça tablisada topraklaryň şorlaşanlyk derejeleriniň tertip belgisi, topraklaryň şorlaşanlyk derejesiniň şorlaşmadyk we gowşak şorlaşan, orta şorlaşan, güýçli şorlaşan diýip doly atlary, meýdanlary, şorlaşanlyk derejesiniň tutýan meýdanlary göterim hasabynda ýazylyp beýan edilýär.
  2. b) Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerleriniň şorlaşanlyk derejeleri boýunça maglumat (şu Tertibe 7-nji goşundy) berlende:

1-nji sütüninde daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň peýdalanýan ýerlerinde geçirilen toprak barlaglarynyň netijesinde anyklanan şorlaşanlyk derejeleriniň tertip belgisi ýazylyp görkezilýär;

2-nji sütünde toprak barlaglarynyň netijesinde anyklanan şorlaşanlyk derejeleriniň doly atlary ýazylyp görkezilýär;

3-nji sütünde anyklanan şorlaşanlyk derejeleriniň her biri boýunça olaryň tutýan meýdanlary ýazylyp görkezilýär;

4-nji sütünde anyklanan şorlaşanlyk derejeleriniň her biri boýunça umumy meýdana bolan gatnaşygy gektarda we göterim hasabynda görkezilýär.

  1.      Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerleriniň toprak barlaglarynyň netijesi boýunça ýerlere ykdysady bahasynyň kesgitlenilen ballary boýunça topragyň häsiýetnama görkezijileri baradaky maglumatlary taýýarlap bermek:

1) Daýhan birleşikleriň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň peýdalanýan ýerlerinde geçirilen toprak barlag işleriniň netijeleri boýunça kesgitlenilen ykdysady bahalary tablisada toparlaryň belgileri, öndürilen önümiň gymmaty boýunça ýere goýulan bal, toparlaryň topraklaryna häsiýetlendirme, şeýle hem olaryň tutýan meýdanlary, toparlaryň tutýan meýdanlary göterim hasabynda ýazylyp beýan edilýär.

2) Daýhan birleşiginiň  suwarymly ýerleriniň ykdysady bahasynyň  häsiýetnama görkezijileri barada maglumat (şu Tertibe 8-nji goşundy) berlende:

  1. a) 1-nji sütüninde ýer eýeleriniň we ýerden peýdalanyjylaryň, ýer kärendeçileriniň suwarymly ýerleriniň alan ykdysady bal bahalary boýunça degişli toparynyň belgileriniň hemmesi ýazylyp görkezilýär;
  2. b) 2-nji sütünde öndürilen önümiň gymmaty boýunça ýere goýlan degişli ykdysady bal bahasy ýazylyp görkezilýär;

ç) 3-nji sütünde ýerlere berlen ykdysady bal bahasy boýunça degişli topara häsiýetnama ýazylyp görkezilýär;

  1. d) 4-nji sütünde her topryň aýratynlykda meýdanlary gektarda ýazylyp görkezilýär;
  2. e) 5-nji sütünde her toparyň tutýan meýdanynyň umumy meýdana bolan gatnaşygy, göterim hasabynda ýazylyp görkezilýär.

 

III bap. Jemleýji düzgünler

 

  1.      Berlen maglumatlar hakynda maglumat Fiziki we ýuridik şahslaryň Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermek  baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynda (şu Tertibe 9-njy goşundy) hasaba alynmaga degişlidir.

Fiziki we ýuridik şahslaryň Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny bermek  baradaky ýüz tutmalaryny hasaba alyş kitabynyň ýörediliş Tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

  1.      Hemme maglumatlary ýazmak üçin bir sahypa ýeterlik bolmasa, maglumatlar goşmaça sahypalarda beýan edilýär. Şunda hemme sahypalar tikilýär, sahypalara olaryň san belgileri goýulýar, iň soňky sahypanyň arka tarapynda sahypalaryň umumy sany görkezilýär. Şeýle hem, iň soňky sahypasynda tikilen ýüpleriň soňy ululygy 3×3 sm kiçi bolmadyk dört burç kagyz bilen ýelmenilýär. Bu ýelmenilen dört burç kagyzda bu resminamany taýýarlan edaranyň ýolbaşçysynyň goly goýulýar hem-de bu edaranyň möhri bölekleýin dört burç sahypada (ady, familiýasy ýazylyp) we iň soňky sahypasynda basylmalydyr.
  2.      Maglumatlaryň berilmeginden ýüz dönderilmegi ýa-da nädogry maglumatyň berilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.
  3.      Maglumatyň esassyz berilmezligi ýa-da nädogry maglumatyň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
  4.      Döwlet ýer kadastrynyň maglumatlarynyň berilmegi, onuň töleglerini tölemek bilen baglanyşykly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň  beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen düzgünleşdirilýär.