TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi.

Milli Liderimiz ir bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirmäge taýýarlyk görlendigi barada hasabat berdi.

Harby ýörişe taýýarlyk

Goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip,  şanly sene — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe we harby gulluga çagyryş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz watançylyk terbiýesini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nobatdaky senesi mynasybetli harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Içeri  işler ministri M.Çakyýew garalýan döwürde alnyp barlan işleriň netijeleri, hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen biraýlygyň geçirilmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa berlen hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Şonuň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulag gatnawyny has oňaýly ýagdaýa getirmäge, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler geçiriler.

Pasport barada Perman

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda Permana gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew, Baş prokuror B.Atdaýew, Milli  howpsuzlyk ministri G.Annaýew, Adalat ministri B.Muhamedow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Atyşhana  meýdançasynda ýaraga erk etmek endigi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dag etegindäki okuw-türgenleşik meýdançasyna gelip, atyşhana meýdançasynyň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy, harby gullukçylaryň we serkerdeleriň harby tälimlerden netijeli baş alyp çykmagy hem-de yzygiderli kämilleşmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary nyşana ok atyp, ýaraga erk etmek endigini görkezdiler.

Nyşana ok atmak tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atylan nyşanalary synlady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ähli harby düzümleriň esgerleriniň we serkerdeleriniň ýaraglaryň dürli görnüşlerine endikleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň her biriniň nyşana ok atyşlaryna degişli bahalary berip, olara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nyşana ok atyp, nyşananyň merkezine degmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.

Şeýle hem milli Liderimiz aýry-aýry duran üç sany nyşananyň hersine bir ok atdy hem-de nyşanalaryň her birini dürs urdy.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň nobatdaky gezek iň ýokary netijeleri görkezip, häzirki zaman ýaraglaryndan ussatlyk bilen ot açýandygynyň şaýady boldular. Soňra milli Liderimiz ulag serişdesinde gurnalan häzirki zaman çalt ot açýan ýarag bilen ýörite nyşanadan atyp, ony dürs urdy.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle