TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Uly durmuş-ykdysady üstünlikleriň gazanylmagynda her ýyl üçin kabul edilýän esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetiniň ähmiýeti örän uludyr. Şu ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Milli Geňeşiň agzalarynyň we giň jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary jemi 95,1 milliard manat möçberde meýilleşdirilip, 2022-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasyndan 11,1 göterim ýokarydyr. Döwlet býujetiniň I derejesiniň girdejileri we çykdajylary 29,1 milliard manat bolup, şu ýylyň görkezijilerinden 13 göterim artýar. Çykdajylaryň 75 göterime golaýyny durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge harçlamak meýilleşdirilýär.

  • Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 39 göterimi bilimi, 14,1 göterimi saglygy goraýşy, 2,6 göterimi medeniýeti, 34,7 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,6 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.
  • Býujetiň II derejesiniň girdejileri we çykdajylary 65,9 milliard manat möçberde meýilleşdirilip, 2022-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasyndan 10,3 göterim ýokarydyr. 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly depginler bilen ösmeginiň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarda 6,5 göterime çenli derejede emele gelmegine garaşylýar.
  • Maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göterimi önümçilik hem-de 33,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda özleşdiriler. Bu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlary, hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, umumy bilim berýän orta mekdepler, medeniýet öýleri, suw hem-de lagym, elektrik geçirijileri, awtomobil ýollary gurlar.

  • Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, döwlet goldawyny bermek arkaly hususyýetçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2023-nji ýylda 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär.

Ýene-de okaň

Türk kompaniýasy tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryna gatnaşmakçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler

“Dragon Oil” kompaniýasyna maýa goýum teklipleri hödürlendi

Teswirle