TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Döwlet býujeti-2023: göz öňünde tutulýan wezipeler

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny ara alyp maslahatlaşyldy.

  • Ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan işlenip taýýarlanylan we hödürlenen taslamalara Milli Geňeşiň Mejlisiniň şu ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky ýigrimi birinji maslahatynda seredildi hem-de olar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna ugradyldy.
  • Döwlet býujetinde durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň paýy 74,9 göterime deňdir. Şunuň bilen baglylykda, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryna, halk hojalygyna meýilleşdirilen pul serişdeleri barada giňişleýin habar aýdyldy.
  • Geljek ýylyň Döwlet býujetinde Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylan maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulandygy habar berildi.
  • Ýurdumyzda düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri her ýyl artdyrylýar. Ýokarda agzalan Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda 1 milliard 354,59 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutuldy.
  • «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3 manada çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr.
  • «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 5 hassahana, 11 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 8 sany umumybilim berýän edara, 1 sany ýokary okuw mekdebi we 1 teatr gurlar.
  • «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 2687 sany täze iş ornuny döretmek, döwlet serişdeleriniň hasabyna 14,44 müň inedördül metr we hususy pudagyň hasabyna 436,38 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde her bir adama ýaşaýyş meýdanyny 23,4 inedördül metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Teswirle