Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde söwda toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Şoňa laýyklykda, ýanwar — awgust aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 199 sany birža söwdasy geçirilip, 24173 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasynda ýerine ýetirilen işler boýunça 109 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 11 sergi we 34 maslahat geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz, birža söwdalaryny geçirmek netijesinde pagta ýüplügini hem-de matalary ýerlemekden gelýän girdejileriň möçberini artdyrmak, taýýar tikin önümleriniň önümçiligini giňeltmek gerek. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmalydygyny, hasaba alynýan şertnamalary seljermek hem-de olaryň taslamalaryny tassyklamak üçin elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynyň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça usulyýet kömegini güýçlendirmelidigini hem-de hususy önüm öndürijilere täze bazarlary, önümleri ýerlemegiň usullaryny gözlemekde ýardam edilmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.