TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Döwlet maslahatynda gol çeken kararyndan soň ýurdumyzda tapawutlanyp zähmet çeken adamlaryna birnäçe Döwlet baýraklarynyň gowşurylyş, hormatly atlaryň dakylyş we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Onda ýüzlerçe watandaşymyz Döwlet baýraklaryna, hormatly atlara eýe boldular. Biz hem şolaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek arzuwlaryny atavatan-turkmenistan.com saýty üçin ýazga geçirdik.

 

Wepa Işangulyýew – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gepleşikleri utgaşdyryjy bölüminiň baş režissýory-utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi:

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri ata Watanymyz görlüp-eşidilmedik özgerişlere eýe boldy, pajarlap ösdi, ösýärem. Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň milli medeniýetiniň dünýä ýaýylmagynda giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Biz döredijilik işgärleri hem bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, ilhalar ençeme kinolary, sahna eserlerini döredýäris. Menem şu wagta çenli “At-myrat”, “Gül açan miras”, “Köpetdag-esger ýigdiñ arzuwy”, “Ülkämiñ kuwwatly ganaty”, “Asudalygyñ goragynda”, “Çapar” ýaly birnäçe filmleri surata düşürdim. Häzirem “Uly baýragyñ gymmaty” atly filmi tamamlaýaryn. Meniň we kärdeşlerimiň bitirýän hyzmatlarymyza Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýyny ýapmagy bizi has-da ruhlandyrdy. Bu Şa serpaýy üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn.

 

Begenç Çaryýew – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň “Watan” habarlar bölüminiň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi:

“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän Arkadagly Serdarymyz biziň üçin işlemäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýär. Biz hem bu döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, halkymyza dogry we ynamly habarlary “Watan” habarlar gepleşiginiň üsti bilen ýetirýäris. Biziň bu edýän işlerimiz üçin özüniň Şa serpaýyny ýapan Arkadagly Serdarymyza minnetdarlyk bildirýärin.

 

Batyr Açylow – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň “Watan” habarlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi:

Baýramlary baýramlara, toýlary toýlara ulaşýan eziz Watanymyzda ýene bir ajaýyp senä – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny bütin türkmen halky bolup bilelikde toýlaýarys. Bu ýyl hem hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda işde tapawutlanyp zähmet çeken ençeme adamlara döwlet sylaglaryny berdi. Olaryň arasynda meniňem bolmagym meni tüýs ýürekden begendirýär we buýsandyrýar. Maňa bu ajaýyp sylagy laýyk gören Arkadagly Serdarymyza sag bolsunlarymyň çägi ýok.

 

Kuwwatberdi Hezziýew – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň baş redaktory, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi:

Häzirki ösýän, özgerýän eýýamda bu özgerişlikleri, üstünlikleri, täzelikleri halka ýetirmekde, olary wagyz etmekde, ilkinji nobatda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine uly orun degişli. Biz hem “Miras” teleradioýaýlymymyzda agzybir döredijilik toparymyz bilen ajaýyp Watanymyzyň milli mirasyny, taryhy ýadygärliklerini, halkymyzyň el sungatyny tomaşaçylarymyza ýetirýäris. Biziň bu bitirýän işlerimiz üçin döredijilik toparymyzyň birnäçe işgäri bilen birlikde maňa hem Arkadagly Serdarymyz özüniň Şa serpaýyny ýapdy. Biz bu Şa serpaýlar üçin “Miras” teleradioýaýlymynyň ähli işgärleriniň adyndan sag bolsun aýdýarys.

 

Altyn Ataýewa – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň “Çar tarapdan” radioýaýlymynyň habarlar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi:

Adam çeken zähmeti üçin sylaglansa ýa-da onuň şol zähmeti tapawutlandyrylsa, ol ýene has beýik sepgitlere ýetmäge we täze üstünlikler gazanmaga ruhlanýan eken. Bu aýdýanym maňa hem miýesser etdi. Ýagny, meniň edýän işime Arkadagly Serdarymyzyň ýokary baha bermegi maňa we maşgala agzalaryma ganat baglady. Bu sylag meni geljekde has hyjuwly işlemäge ylhamlandyrýar.

 

Aşyrmät Garlyýew – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnalynyň we “Adalat” gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi:

Bu gün meniň ykbalymda aýratyn ähmiýetli günleriň biri. Çünki bu ajaýyp gün maňa Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagtyny peşgeş berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk menziliniň her pursaty ösüşlerden doly. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni bagtyýarlygymyzyň buşlukçysy.

Görogly beg: «Külli türkmen balasyny men söýer men ili bilen» diýýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Jan Watanym, Türkmenistan!» diýýär.

Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän sözleri bolsa Watan mertebesiniň halk bilen aýrylmaz baglydygyny dabaralandyrýar.

 

Sag boluň, taňryýalkasyn, Arkadagly Serdarymyz!

Eserlerden, dessanlardan, aýdymlardan aňa guýlan,

Sabanyň ak daňlaryna, Gün agansoň şa:ma guýlan,

Watan buýsanç baýdagymdyr, pederlerden gana guýlan,

Heý, türkmen ýaşabilermi ata Watanyny söýmän?!

Buýsanjyma buýsanç goşdy Siziň şa serpaýyňyz.

Sag boluň, taňryýalkasyn, Arkadagly Serdarymyz!

 

Özüňi öwrenip gezmeli.

Aslyň kimdir, aňryň kimdir?!

Oguz handan gaýdan türkmen taryhda sütün-sütündir.

Watan beýik mertebedir.

Ýörelgämdir. Taglymymdyr,

Watana yşk — düýn, şu güne, ertirlere tagzymymdyr.

Buýsanjyma buýsanç goşdy Siziň şa serpaýyňyz.

Sag boluň, taňryýalkasyn, Arkadagly Serdarymyz!

 

Agzybirlik-jebislik — bagt.

Ýaşaýarys bagty guçup,

Halkymyzyň ykbalynda Garaşsyzlyk galkymy şü.

Täze döwre gadam basdyk.

Şatlyk-şowhun halkyň içi,

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy.

Buýsanjyma buýsanç goşdy Siziň şa serpaýyňyz.

Sag boluň, taňryýalkasyn, Arkadagly Serdarymyz!

 

Nurjahan Saparowa – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň “Miras” radioýaýlymynyň tolkuna goýberiş bölüminiň jogapkär kätibi-topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri:

Maksat, ilki bilen, meni hormatlap, sylap gelendigiň üçin saňa uly minnetdarlyk bildirýärin. Bu gün bütin türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşynda jebisleşip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny toýlaýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda maňa hem ajaýyp buşluk habary gelip gowuşdy. Ol buşluk hem Arkadagly Serdarymyzyň meni Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri diýen hormatly ady dakmagy. Ýüregim buýsançdan, guwançdan doly. Bu sylagy almagym meniň üçin uly dereje, bagt. Meni şu bagta eýe eden Arkadagly Serdarymyza tüýs ýüregimden sag bolsunymy aýdýaryn.

 

Orazgül Gurdowa – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), Türkmenistanyň halk artisti:

Maňa şol hormatly Arkadagly Serdarymyzyň serpaýynyň gowşurylyşyny ilki düýşdir diyip oýladym. Sebäbi munuň ýaly ýagdaý mende birinji gezek bolýar. Biz halkyň berekellasyny almak üçin ençeme ýyllap işledik. Maňa berlen bu hormatly at meniň ömrümiň arzyly sowgady boldy diyip aýdyp bilerin. Bu hormatly at meni has güýçli, has yhlasly işlemäge iterdi. Meniň indiki maksadym ozalky ýerine ýetiren aýdymlarymy ýaşlara miras goýmak. Bize şunuň ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýaryn.

 

Gözel Öwezowa – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti:

Men maňa berlen bu Şa serpaýyny bütin sungat işgärlerine, halypalaryma goýlan sylag, sarpa hökmünde kabul edýärin. Çünki men Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň şägirdi bolup, olardan aýdym aýtmagyň ençeme syrlaryny, tärlerini öwrendim. Şolaryň beren öwüt-ündewleri, maslahatlary meni şu derejelere ýetirdi. Munuň üçin men olardan ömürboýy minnetdar. Meni Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada eýe eden Arkadagly Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýaryn.

 

Batyr Çaryýew – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti:

Şahyrlaryň biri “Ömür diňe belli-belli günler üçin ýaşalýar” diýýär. Men muňa ýene bir gezek şaýat boldum. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Arkadagly Serdarymyz maňa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen derejäni berdi. Bu dereje meniň täze sepgitlere, işde has hyjuwly işlemäge çelgi boldy. Çünki bu dereje biziň işimiziň nähili jogapkärlidigini hemişe maňa ýatladyp durar. Menem bu ajaýyp Şa serpaýy üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz sag bolsunlarymy aýdýaryn.

 

Leýli Ökdirowa – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Estrada artistleri” toparynyň ýokary derejeli artisti – wokalisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti:

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem biz medeniýet we sungat işgärlerine uly üns berýär. Döwletimiz tarapyndan biziň döredijilikli işlemegimiz üçin uly mümkinçilikler döredilip berilýär. Bu ýyl hem döredijilik işinde tapawutlanyp zähmet çeken ençeme kärdeşlerimize Şa setpaýlary gowşuryldy. Şolaryň arasynda menem Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen dereje bilen sylaglandym. Munuň üçin Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan minnetdarlygymy bildirýärin.

 

Jumageldi Annaýew – “Diýar” žurnalynyň redaksiýasynyň uly edebi işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi:

-Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyñ taýsyz tagallalary bilen Ata Watanymyzda taryhy işler amala aşyryldy. Halkymyz parahat, asuda eşretli durmuşyň hözirini görýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň ýoly ynamly dowam  etdirilýär. Ýurdumyzda taryhy işler amala aşyrylýar. Şu gün Türkmenistanyň medeniýet  merkeziniň Mukamlar köşünde geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda maňa-da hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyñ Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu Şa serpaý meni diýseň buýsandyrýar, şeyle-de geljekde ilhalar eserleri döretmäge borçlandyrýar. Şu pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy we bütin türkmen halkymyzy şanly Garaşsyzlyk baýramçylygynyň 31 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Diňläp Arkadagyñ öwüt-pendini,

Gurýarys täze şäher, oba-kendini,

Ýürek joşup, açdym onuñ bendini,

Halkyň Arkadagly zamanasynda.

 

Gülzara öwürdi bahry- Hazary,

Bu gün bize sary dünýäň nazary,

Tarypyny wasp edýär bagşy-ozany,

Halkyň  Arkadagly zamanasynda.

 

Gündiz nurly, gijesinde ýalkym bar,

Täze bir eýýamda iller galkynýar,

Arkadagly Serdar bilen bagtyýar,

Halkyň Arkadagly zamanasynda.

 

Gülöwser Sopyýewa – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň syýasy jemgyýetçilik bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi:

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly biziň “Miras” teleradioýaýlymymyz üçin düşümli ýyl boldy diýip aýdyp bilerin. Çünki teleradioýaýlymymyzdan halypa Nurjahan Saparowa “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen ada, teleradioýaýlymymyzyň ýolbaşçysy Kuwwatberdi Hezziýew Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyna mynasyp boldular. Men we Ýazjahan Babaýewa bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolduk. Bu baýraga laýyk görüp, özüniň Şa serpaýy bilen sylaglan hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýdýaryn. Garaşsyzlyk baýramymyz hem gutly bolsun!

 

Tawus Mämiýewa – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň tolkuna goýberiş bölüminiň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi:

Bilşiňiz ýaly, bu ýyl “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň işgärleri bolup halkymyzyň göwnünden turýan birnäçe gepleşikleri taýýarlap, tomaşaçylarymyza hödürledik. Teleradioýaýlymyzyň işgärleri biziň milli aýdym-saz sungatymyza döwletimiz tarapyndan berilýän ünsi, halkymyzyň milli medeniýetini wagyz etmekde uly işleri amala aşyryp gelýär. Nesip bolsa, mundan soň hem mundanam has gowy gepleşikleri döredip, halkymyzy begendireris diýip aýdasym gelýär. Pursatdan peýdalanyp, meni şu ajaýyp Şa serpaýyna mynasyp gören Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn.

 

Mähri Hojaýewa – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi:

Sahawatly güýzüň şeýle ajaýyp günlerinde biziň mähriban halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belleýär. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ençeme pudaklarynda zähmet çekip tapawutlanan adamlaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak indi endik bolup gelýär. Bu ýyl şol sylaglananlaryň arasynda maňa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak miýesser etdi. Meni bu Şa serpaýy bilen sylaglan Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymy aýdýaryn.

 

Şatlyk Gurbannazarow – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi:

Üstümizdäki “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň başlarynda maňa halypamyz Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ömrüni beýan edýän filminde halypamyzyň ýaşlygyny janlandyrmak bagty nesip etdi. Indi bolsa Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz meni Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan etdi. “Türkmene bagt goşa-goşadan gelýär” diýilýär. Meni hem bu bagtdan paýly eden Arkadagly Serdarymyzya köp sag bolsun aýdýaryn.

 

Farhad Öräýew – Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi:

Çagalygymdan bäri iň gowy görüp ýerine ýetirýän işim aýdymm aýtmaklyk. Ýaşymyz ulaldygyça aýdyma bolan höwesim, söýgim artdy. Şonuň netijesinde-de halkymyza ençeme aýdymlary ýetirdik. Sag bolsun, halkymyz hem bu aýdymlary gyzgyn garşy aldy we söýüp diňlemäge başlady. Ine, bu gün hem Arkadagly Serdarymyz biziň bu edýän işimize uly baha berip, özüniň Şa serpaýyny berdi. Munuň üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýärin.

 

Arslan Eýeberdiýew – Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi:

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bize – medeniýet işgärlerine çäksiz mümkinçilikleri döredip berýär. Bu mümkinçilikler ähli medeniýet, sungat işgärlerini uly hyjuw bilen işlemäge ruhlandyrýar. Bu ýyl biziň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigimiz “Çapar”, “Istärin”, “Gyzyl kürte” ýaly birnäçe kinolary surata düşürip, halkymyzyň gyzgyn alkyşyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda “Gyzyl kürte” filmimiz halkara bäsleşiklere gatnaşyp, daşary ýurtly tomaşaçylara hem görkezilýär. Biziň bu bitirýän işlerimizi göz öňünde tutup, Arkadagly Serdarymyz özüniň Şa serpaýyny ýapdy. Men bu berlen sylagy birleşigimiziň bütin işgärleriniň adyndan kabul edýärin. Şunuň ýaly ajaýyp mümkinçilikler üçin hem-de Şa serpaýyna laýyk görenligi üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýaryn.

 

Myrat Aradow – Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň baş ýolbaşçysy:

Biziň ajaýyp Watanymyzda ýyllar ýyllardan üýtgeşik gelýär. 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyz hem biziň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrymyz üçin şowly ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl hem biziň teatrymyz birnäçe täze sahna eserleri bilen, ýagny “Balzaminowyň öýlenişi”, “Nuhuň gämisi”, “Magtymguly” operasynyň täze işlenen spektakllar halkymyza ýetirildi. Biziň teatrymyzda görnükli halypa artistlerimiz Orazgül Gurdowa, Halbike Dowyýewa, Nury Hudaýgulyýew, Aýsoltan Kowusowa, Narjan Berdiýewa, Didar Kowusow, Gülnabat Abdullaýewa we ýene-de birnäçe sahna ussatlarymyz arman-ýadaman zähmet çekip ýörler. Şolaryň bitiren işleri göz öňünde tutulyp, bu ýyl biziň teatrymyz döredijilik toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu beren sylagy üçin Arkadagly Serdarymyza döredijilik toparymyzyň adyndan sag bolsunlary aýdýaryn.

 

Aýna Jumaýewa – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi:

Güýz pasly meniň durmuşymda ajaýyp ýatlamalara baý pasyl. Bu ýyl Arkadagly Serdarymyzyň meni bu ajaýyp Şa serpaýy bilen sylaglamagy meniň durmuşymda iň ýatdan çykmajak waka boldy. Meniň muňa buýsanjymyň, begenjimiň çägi ýok. Munuň Arkadagly Serdarymyza uly minnetdarlyk bildirýärin. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

Orazguly Annaýew – “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy”:

Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem biz ýaşuly nesle aýratyn sarpa, hormat goýýar. Çünki geljekki ýaş nesilleri terbiýelemekde ýaşuly nesliň aýratyn uly orny bar. Men hem ençeme ýyllardan bäri “Garagum” žurnalynyň redaksiýasynda zähmet çekip, dürli makalalardyr goşgulary metbugatyň üsti bilen halkymyza ýetirip gelýärin. Häzirki ýaşlaryň köpüsi, tüweleme, ýazyp-pozmaga ökde ýaşlar. Olaryň ençemesi biziň žurnalymyzyň üsti bilen çykyş edip, goşgulary, hekaýalary, ylmy makalalary çap etdirýärler. Biz muňa buýsanmaga hakly. Arkadagly Prezidentimiziň meni “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly ada laýyk görmegi meniň başymy göge ýetirdi. Munuň üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.

 

Gülnabat Abdullaýewa – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti:

-Biziň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrymyzda dürli ýaşdaky adamlara spektakllar görkezilýär. Biziň eserlerimiziň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň eserleri dur. Biziň teatrymyz her ýyl geçirilýän teatr festiwalynda çykyş edip, halkymyzyň alkyşyny alyp gelýär. Meniň şu ýerde ýene bir nygtasym gelýän zat 2018-nji ýylda režissýorymyz Aýnazar Batyrow “Amul-Hazar arasy” spektaklyny sahnalaşdyrdy. Bu sahna eseri 5 bölümden ybarat bolup, men onda Asman perisiniň keşbini ýerine ýetirdim. Bu keşbim teatr festiwalynda “Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirenligi üçin teatr festiwalynda goyuldy. Bu baýragy almagymyň esasy sebäbi halypalarymyzyň maňa beren maslahatlary. Biz daşary ýurtlara gastrollara gidip, ol ýerlerde hem dürli çärelere gatnaşyp, halkymyzyň milli medeniýetini dünýä wagyz edýäris. Teatrymyzda her bir görkezilýän spektaklda aýdym-saz eriş-argaç bolup geçýär. Şol sebäpden hem biziň teatrymyzdaky ähli artistlerimiz aýdymçy-sazanda.

Edilýän isleriň hözirini görmegiň aýratyn lezzetli täsiri bar eken. Muňa biziň döredijilik toparymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy muňa aýdyň şaýatlyk etdi. Biziň döredijilik toparymyzyň bu bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi teatrda zähmet çekýän her bir adam üçin uly bagt. Bu bizi halkymyzyň öňünde has-da borçlandyryar, has köp zähmet çekmelidigimizi aňladýar. Bu bagtdan paýly eden Arkadagly Serdarymyza sag bolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan ähli işleri rowaç bolsun!

Şa serpaýlaryňyz gutly bolsun, hormatly medeniýet, sungat işgärleri!

 Söhbetdeş bolan we ýazga geçiren Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Teswirle