TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Döwlet Baştutanymyz diplomatik düzümiň duaýýeni bilen wideoduşuşyk geçirdi

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirdi.
Onlaýn duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşdy.

Milli Liderimiz russiýaly diplomat bilen salamlaşyp, soňky ýyllarda Täze ýyly bilelikde — Türkmenistanda işleýän ähli diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bellemegiň oňat tejribä öwrülendigini belledi. Ýöne şu ýyl, çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, duşuşyk täze görnüşde geçirilýär.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy hem-de özüniň diplomatik işini strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrýandygyny belledi. Munuň özi daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmakdan hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.
Şu günki ýagdaýa görä, Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar.
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy hereket edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýurdumyzyň özünde daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy işleýär. Türkmenistan halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar.

Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuň üsti bilen ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady. Duaýýeniň belleýşi ýaly, Türkmenistandaky diplomatik düzüm döwlet Baştutanymyzyň onuň işine örän ünsli we hormat goýmak bilen garaýandygyna ýokary baha berýär. Hut şeýle özara hormat goýmagyň esasynda Türkmenistanyň diňe bir Russiýa Federasiýasy bilen däl, eýsem, beýleki köp sanly ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň oňyn
netijeleri gazanylýar diýip, ilçi aýtdy we Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ählisiniň bu sözleri tassyklap biljekdigini belledi.
“Russiýanyň ilçisi hökmünde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan russiýa-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Däp bolan dostluk gatnaşyklary hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gepleşikleriň netijesinde, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretmek başartdy” diýip, A.Blohin sözüniň ahyrynda aýtdy.
Russiýaly ilçi diplomatik düzümiň duaýýeni hökmünde Täze ýyl gutlagy bilen çykyş etmek mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglygyny, bagt we abadançylyk arzuw etdi hem-de “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” diýen sözler bilen çykyşyny jemledi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle