TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz Şapolat atly bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezim etdi.

Bu gün Diýarymyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň diňe bir bu pudagyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýaş hünärmenleriň-atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň kemala gelmegine ýardam edýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz bedewi çapuw ýodasyna çykyp, ony öz erkine goýberdi. Şapolat gorgunlap barşyna aýaklaryny ýazdy. Bu görnüşler bedewiň seýsiniň ýetendiginiň nyşanydyr.

Ajaýyp ahalteke bedewlerinine aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiz olary wasp edýän birnäçe eserleri döretdi. Şolarda halkymyzyň guwanjyna öwrülen bedewleriň taryhyna, gözelligine we dünýädäki abraýyna bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we dünýä okyjylarynyň söýgüli eserlerine öwrülen şol kitaplarda pederlerimiziň yhlasyndan we zehininden kemal tapan hem-de şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bedewler halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeläpdir, türkmenler bedewleri ýakyn syrdaşy saýyp geldiler. Hut şu ýörelgeleri hem ahalteke atlarynda nusgalyk häsiýetleriň jemlenmegini üpjün etdi. Bu gün seýisleriň, halk seçgiçileriniň ussatlygy netijesinde, milli atşynaslygyň asylly däpleri aýawly saklanylýar hem-de ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle