TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dowardarçylyk pudagynyň ähmiýeti

 Dowardarçylyk pudagyna goýunlary we geçileri idetmek girýär. Bu pudagyň azyk bolçulygyny artdyrmakda örän uly ähmiýeti bolup. Ýurtda ilat tarapyndan sarp edilýän etiň 1/3 bölegi goýun etidir. Şonuň bilen bir hatarda, iri ýüňli saryja tohumyndan bolan goýunlaryň ýüňi türkmen halylaryny dokamak üçin başga zat bilen çalşyryp bolmajak çig mal bolup durýar. Olardan başga-da, pudakda garaköli bagana, deri, goýun süýdi ýaly önümler hem öndürilýär.

Dowardarçylyk pudagy sebitler boýunça ýerleşdirilende, ozaly bilen öri meýdanlarynyň möçberi we ýagdaýy göz öňünde tutulýar. Olaryň jemi baş sanynyň 90%-e golaýy goýunlardyr, galan bölegi bolsa geçilerdir. Goýunlaryň 60%-den gowragy, geçileriň hem 10%-e golaýy ilatyň hojalyklarynda jemlenendir.

Oba we suw hojalygy ministrliginiň düzüminde maldarçylyk hojalyklarynyň 39-sy bolup. Olaryň arasynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň ‘Kirpili“, Tejen etrabynyň S.A. Nyýazow adyndaky, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň „Gyzylarbat“, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň „Ýeňiş“, „Çenebit“ we „Galaýmor“, Tagtabazar etrabynyň „Sarja“, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň „Jeýhun“ we Döwletli etrabynyň „Amyderýa“ dowardarçylyk, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň „Türkmenistan“, Mary welaýatynyň Sakarçäge etranbynyň „Sakarçäge“ çarwadarçylyk hojalyklary bardyr. Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň  welaýatlarynda  owlak – guzy alynýan möwsimi dowam edýär. Käbir welaýatlarda bolsa  dowarlar bilen bilelikde düýeleriň  hem baş sany köpeldilýär.

 

GURBANMYRADOW GÜÝÇMYRAT,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

 

BMW-niň söwdasy rekord derejede ösdi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle