TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki döwürde Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” kabul edildi. Olaryň çäklerinde ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, täze awtomenzilleriň gurluşygy amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda awtomobil ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegidir. Soňky ýyllarda Diýarymyzda döwrebap awtomenziller, demir ýol we awtomobil köprüleri, gözel paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Halkara awtoulag terminaly guruldy. Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtobanlarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ulag taslamalary ýurdumyzyň sebitlerini gysga ýol arkaly birleşdirer. Awtomobil pudagynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder.

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki günüň möhüm wezipesidir.

Häzirki wagtda Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-logistika düzümini ösdürmek babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýakynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna badalga berilmegi bolsa bu sogaply işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini tassyklaýar. Täze köpriniň bina edilmegi, oňa barýan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýoly bilen birleşdirjek ýoluň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistika hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilmegini artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzdan çar tarapa uzaýan awto- ulag ýollary, howa we demir ýollary hem halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu ýollaryň umu- madamzat gatnaşyklarynda ylalaşygy üpjün etmekdäki, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen mundan birnäçe ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen, Demirgazyk buzly ummanyndan Hindi ummanyna çenli aralykda halk hojalyk ýüklerini daşamaga we ýolagçy gatnatmaga giň mümkinçilikleri açan, Uzak Gündogary, Aziýa we Ýewropa yklymlaryny baglanyşdyrýan Demirgazyk — Günorta halkara demir ýoly bu gün köp döwletleriň we halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň berkemegine, ýurtlaryň söwda-ykdysady kuwwatynyň has-da ýokary derejelere göterilmegine ýardam berýär.

Eýýup Abdyýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň

Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň talyby.

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle