TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

«Dost-doganlyk ýollary» :Hindistana özboluşly syýahat

Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji döwlet saparynyň hormatyna düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Oňa dostlukly ýurduň Lideri maşgalasy Sawita Kowind bilen bilelikde gatnaşdy.

”Türkmenistan” gazetindäki habara görä, Konsertiň maksatnamasy köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy. Tanymal aýdymçylaryň türkmen hem-de hindi dillerinde ýerine ýetiren şirin owazly aýdymlary, bagşylardyr birleşen sazandalar toparynyň belent heňli sazlary, meşhur tans toparlarynyň çykyşlary birek-biregiň medeniýetine we sungatyna ägirt uly sarpa goýýan türkmen we hindi halklarynyň dostlugynyň nyşany bolup ýaňlandy.

«Dost-doganlyk ýollary» atly teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýa bilen açylan dabarada köpleriň söýgüsini gazanan hindi kinofilmlerinden «Hindistan janym meniň», «Maňa bak ýarym», «Men tansçy» ýaly meşhur aýdymlara orun berilmegi onuň şowhunyny has-da artdyrdy. Göwün göteriji çykyşlar tomaşaçylary hemmeleriň kalbynda köpöwüşginli medeniýetiň, şirin aýdym-sazlaryň, arzuw-hyýallaryňdyr päk söýginiň ýurdy hökmünde orun alan Hindistana gaýybana syýahata çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Teswirle