TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dört sagatda million agza toplady

Britaniýaly tebigatşynas we telealypbaryjy Dewid Attenboro Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy — diýip, täsinlikler neşiriniň resmi saýtynda ýazylýar.

Eýsem, ol näme gahrymançylyk görkezdi? 94 ýaşly Attenboronyň «Instagramdaky» sahypasyna bary-ýogy dört sagadyň içinde bir million adam agza boldy.

«Men 60 ýyllap radioda we telewideniýede işledim. «Instagrama» bolsa ilkinji gezek girişim» diýýän tebogatşynas, sosial ulgamdaky ilkinji habarynda howanyň maýlamagy bilen bagly çykyş etdi.

Aýdylyşyna görä, sahypany onuň özi dolandyrmaýar. Oňa bu işde «Neftlix»-iň «Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş» filminde bile işleşen dostlary Kollin Batfild bilen Jonni Hýuzlar ýardam berýär.

Ozalky rekord aktrisa Jennifer Ennistona degişlidi. Ol 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda öza sahypasyny açanyndan 5 sagat 16 minut soňra million agza toplap bilipdi.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle