DÜNÝÄ

Donald Tramp – ýylyň adamy

Meşhur “Time” žurnaly ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy “Ýylyň adamy” hökmünde yglan etdi. Bu barada žurnalyň “Х” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

“Donald Tramp “Time” žurnaly boýunça “Ýylyň adamy” saýlandy”  – diýlip metbugat beýanatda berilýär.

Üstümizdäki ýylda bu ada eýe bolmak üçin dalaşgärleriň hatarynda ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, Uelsiň şa gyzy Keýt Middlton, işewür Ilon Mask we beýlekiler bardy.

Mundan ozal, Donald Tramp 2016-njy ýylda ýene-de bu žurnal tarapyndan şeýle ada eýe bolupdy.

Geçen ýyl “Time” žurnaly “Ýylyň adamy” adyna amerikaly aýdymçy Teýlor Swifti mynasyp görüpdi.

Ýene-de okaň

Kanada Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen ilçisi Kataryň Baş prokurory bilen duşuşdy

Belarusda prezident saýlawlary üçin wagtyndan öň ses berişlik başlandy

Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy

Prezident Trampyň hödürlän ýolbaşçylary