TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibi tassyklandy

Türkmenistanda soňky döwürde sanly ykdysadyýete geçiş tizleşýär, täze-täze internet saýtlary hereket edip başlaýar we bir-birinden gyzykly domen atlary bellige alynýar. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda çykaran 63 belgili buýrugy bilen «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň Tertibi tassyklandy. Bu tertip «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 111-nji maddasyna hem-de «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna, şeýle hem aragatnaşyk çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda 1359 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan bu Tertibi www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylary üçin saýtymyza ýerleşdirýäris.

«.TM» ýokarky derejeli milli domende

domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň

TERTIBI

 

I bap. Umumy düzgünler

 

  1. Şu «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň Tertibi (mundan beýläk – Tertip), “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 111-nji maddasyna, “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna hem-de “Aragatnaşyk hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, şeýle hem aragatnaşyk çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibini, şeýle hem «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlarynyň bellige alynmagy bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýar.
  2. Şu Tertibiň kadalary, ikinji derejeli we üçünji derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlarynyň bellige alynmagy bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup, domen atlarynyň kömegi bilen, maglumatlary saklamaklyk we (ýa-da) maglumatlary ýaýratmaklyk bilen bagly bolan gatnaşyklara degişli däldir.
  3. Şu Tertibiň maksatlary üçin aşakdaky adalgalar we düşünjeler ulanylýar:

1) domen adyny bellige almak, domen adynyň bellige alnyşynyň möhletini uzaltmak ýa-da domen adyny bellige alnanda berlen maglumatlary üýgetmek barada ýüztutma (şu Tertibe 1-nji goşundy, mundan beýläk-arza) – domen adyny bellige almak, domen adynyň bellige alnyşynyň möhletini uzaltmak ýa-da domen adyny bellige alnanda berlen maglumatlary üýgetmek üçin gerekli maglumatlar goşulyp Peýdalanyjy tarapyndan ugradylan resmi hat we onuň goşundysy;

2) domen atlary (domen) – domen atlarynyň ulgamynda (DNS) ulanylýan tor salgylanmasy üçin bellige alnan nyşan belgi;

3) domen atlaryny peýdalanyjy (mundan beýläk – Peýdalanyjy) – domen atlaryny bellige almak bilen bagly bolan hyzmata isleg bildirip arza bilen ýüz tutan ýa-da ulanýan fiziki we ýuridik şahs;

4) domeniň administratory – Peýdalanyjynyň adyna bellige alnan domeni dolandyrmak işini ýerine ýetirýän Peýdalanyjy tarapyndan bellenen jogapkär işgär;

5) domen ady baradaky maglumatlary ýöretmek – domen adyna we onuň administratoryna degişli bolan maglumatlary maglumatlar goruna girizmek, üýtgetmek we aýyrmak boýunça Milli bellige alyjynyň hereketleri;

6) domeni dolandyrmak – domeniň administratory tarapyndan şu Tertipde kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmegi;

7) domen atlaryny bellige almak-arzanyň esasynda domen atlary, olaryň administratorlary barada we gaýry gerekli maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmegi;

8) domen adynyň bellige alnyşyny ýatyrmak – maglumatlar gorunda (reýestrde) bellige alnan domen ady barada maglumatlaryň aýrylmagy we şol domen adynyň dolandyrylmagynyň bes edilmegi;

9) domen adynyň delegirlenmesi – “delegate” iňlis dilinden terjime edilende ygtyýarlandyrmak, ygtybarlygy geçirmek bolup, domen ady we oňa degişli DNS serwerleri barada maglumatyň başga bir DNS serwerlerinde ýerleşdirlendigi barada maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmek we saklamak, ýagny, domen adyny ulanmaga hukugy bir serwerden başga bir serwere geçirmegi;

10) DNS – domen atlary barada maglumat almak üçin ýerleşişi boýunça paýlanan (merkezleşdirilmedik) köp basgançakly (iýerarhiki) kompýuter ulgamy. DNS, esasan kompýuter ýa-da internet bilen bagly başga enjam boýunça IP-salgysyny almak üçin ulanylmagy;

11) DNS serweri – tor salgylaryna (IP-salgylaryna) domen atlarynyň iberilmegini üpjün edýän programmalaýyn-enjam toplumy;

12) fişing – Internet aldawçylygyň bir görnüşi bolup, onuň maksady, meşhur markalaryň, banklaryň we ş.m. adyndan köpçülikleýin elektron hatlary ýaýradyp, internet toruny Peýdalanyjylarynyň gizlin maglumatlaryny, login, parollaryny almagy;

13) tor salgylary- kompýuter torlarynda işleýän gurluşlary barabarlamak üçin belgileri (IPv4, IPv6 we ş.m.);

14) hostingiň internet-hyzmatlary – internet torunda serwer giňişliginiň we programma üpjünçiliginiň böleklerini Peýdalanyjylara (uzaklaşan kompýuterlere) bermek, şeýle hem web-serwerlerinde peýdalanylýan web-saýtyň iş ukyplylygyny saklamagy;

15) internet resurs – web-saýt, web-sahypa, web-portal, forum, blog, sms alyşmaklygyň usuly (çat), mobil gurluşlary üçin programmalar we beýleki internet toruna birikmekleri bolan resurslary;

16) internet toruny peýdalanyjy – maglumatlary kabul etmek ýa-da bermek maksady bilen internet toruna birikdirilen ahyrky enjamdan peýdalanýan şahs;

17) ikinji derejeli milli domen – ady ýokarky derejeli milli domeniň «.TM» adyny we öz adyny içine alýan domen “GOV.TM”, “EDU.TM”, “COM.TM” we beýlekiler Türkmenistanyň ikinji derejeli milli domenleri bolup durýarmagy;

18) maglumatlar gory (reýestr) – bellige alnan domen atlary, olaryň administratorlary barada maglumatlary we gaýry gerekli maglumatlary öz içine alýan Milli utgaşdyryjynyň maglumatlar saklanýan programma-tehniki serişdeleri;

19) Milli utgaşdyryjy – Türkmenistanyň we dünýäniň internet toruny peýdalanyjylarynyň bähbitlerini goramak maksady bilen ikinji derejeli milli domenleri dolandyrmak işini amala aşyrýan we maglumatlar gorunyň işjeňligini gurnaýan “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan bellenilen ýuridik şahs;

20) Milli bellige alyjy – «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny bellige almagy amala aşyrýan, bellige alnan domen atlarynyň maglumatlar goruny ýöredýän we hostingiň internet-hyzmatlaryny edýän, Milli utgaşdyryjy tarapyndan bellenilen ýuridik şahs;

21) domen adynyň bellige alnyş möhletiniň uzaldylmagy – maglumatlar gorunda (reýestrde) bellige alnan domen adynyň möhletini uzaltmaklyk barada maglumatlary girizmegi;

22) programma-tehniki serişdeleri – bir ýa-da birnäçe meňzeş tabşyryklary (işleri) ýerine ýetirmek üçin bilelikde işleýän tehniki we programmalaýyn serişdeleriniň ýygyndysy;

23) üçünji derejeli domen– ikinji derejeli milli domeniň adyndan we öz adyndan ybarat bolan domeni;

23) web-serwer – internet toruna birikdirilen kompýuter ýa-da tor serişdelerine elýeterliligi amala aşyrýan, müşderiçilik teklibine ýa-da kompýutere maglumat berýän programma. Web-serwer web-sahypalar görnüşinde guralan maglumaty saklaýar we internet toruna berýär;

24) web-sahypa – ýazgyny, grafiki, ses we wideo faýllary, animasiýany özünde saklap bilýän, aýratyn salgy (URL) bilen üpjün edilen, web-saýtyň özbaşdak bölegi, internet torunda aýratyn resminama;

25) web-saýt –papkalar, salgylanmalar we tehniki bölüm bilen tematiki taýdan baglanyşykly web-sahypalar topary;

26) WHOIS ulgamy (hyzmaty) – iňlis dilinden terjime edilende “kim bu” diýmekligi aňladyp, domen atlarynyň kime degişlidigi baradaky maglumatlary aýdyňlaşdyrýar, ýagny bu awtomatlaşdyrylan ulgam bolup, internet peýdalanyjylaryna bu ulgama girizilýän domen atlary barada maglumatlara elýeterliligini üpjün edýär;

27) wirus – zyýanly programma üpjünçiligiň görnüşi. Wirus beýleki programmalaryň koduna, ýadyň sistemleýin bölegine, ýükleýji sektoryna ornaşyp, aragatnaşyk kanalyň üsti bilen köpelýärler. Onuň esasy maksady ýaýramak, köpelmek, kompýuterleri zäherläp gizlin maglumatlary almak, programma-tehniki serişdeleriniň işini bozmak, faýllary, operatiw ulgamlary bozmak bolup durýar;

28) ýokarky birinji derejeli milli domen – standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy (ISO 3166-2) tarapyndan tassyklanan, ady Türkmenistanyň kody bilen berlen domen. Türkmenistan üçin ýokarky derejeli milli domeniň «.TM» diýen belgisi bardyr we ol Türkmenistanyň emlägi bolup durýar. «.TM» domeni dolandyrmak Türkmenistanyň çäginden amala aşyrylýar.

  1. Domen atlary ýokarky birinji, ikinji, üçünji derejelerden ybaratdyr. Domen atlarynyň derejeleri nokat bilen bölünip sagdan – çepe okalanda birinji, ikinji, soňra üçünji derejeli yzygiderliligi boýunça domen atlary düzülýär. Mysal üçin “turkmendomain3.com2.tm1”.
  2. Domen atlaryny bellige almaklyk bilen bagly hyzmatlaryň ýerine ýetirilişiniň şertleri we tertibi, şu Tertip we Milli bellige alyjy bilen Peýdalanyjynyň arasynda baglaşylan Domen atlary bellige almak hyzmatlaryny bermek barada şertnama (mundan beýläk – Şertnama, şu Tertibe 2-nji goşundy) esasynda kesgitlenilýär.
  3. Milli bellige alyjy bilen Peýdalanyjynyň arasynda baglaşylan Şertnamada kesgitlenilen talaplar, Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de şu Tertibiň kadalaryna garşy gelmeli däldir.
  4. Peýdalanyjy tarapyndan degişli maglumatlar we olary tassyklaýan resminamalar Milli bellige alyja Şertnama baglaşylmazdan öň tabşyrylýar, talap edilýän resminamalar, maglumatlar takyk bolmalydyr, şeýle hem öňki beren maglumatlarynyň üýtgän ýagdaýynda, ol bu barada haýal etmän Milli bellige alyjyny resmi hat üsti bilen habarly etmelidir.
  5. Eger-de, domen adyny dolandyrmak maksady bilen Peýdalanyjy üçünji şahslar (dellallar) bilen şertnamalaýyn gatnaşyklara girýän bolsa, şu Tertipde we Şertnamada göz öňünde tutulan Peýdalanyjynyň we Milli bellige alyjynyň özara hukuklary we borçlary şol üçünji şahslar (dellallar) üçin hem Milli bellige alyjy tarapyndan Peýdalanyjynyň domen adyny bellige almak, onuň möhletini uzaltmak ýa-da domen ady bellige alnanda berlen maglumatlary üýgetmek baradaky arzasy hasaba alnyp, domen ady bellige alnan pursatyndan başlanýar.

Eger-de, Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, üçünji şahsyň nädogry hereketlerinden gelip çykýan ýa-da hereketsizligi bilen bagly bolan ähli töwekgelçilikler üçin(maddy we maddy däl ýitgiler, çykdaýjylar) jogapkärçiligi Peýdalanyjynyň üstüne ýüklenilýär.

  1. Milli bellige alyjynyň hereketsizliginde we (ýa-da) gaýragoýulmasyz goşulmagyny (gatnaşmagyny) talap edilýän ýagdaýlarda, Milli bellige alyjynyň hökmany bolan käbir ýa-da hemme borçlaryny Milli utgaşdyryjynyňýerine ýetirmäge hukugy bardyr. Bu ýagdaýda Milli utgaşdyryjy Peýdalanyjynyň we Milli bellige alyjynyň öňünde öz hereketleri üçin jogapkärçilik çekýär.

 

II bap. Domen atlaryny bellige almak

 

  1. Domen atlaryny bellige almaklyk Peýdalanyjynyň domen atlaryndaky (domendäki) internet resurslarynda atlandyrylan belgiler arkaly girmeklik maksady bilen amala aşyrylýar.
  2. Domen atlaryny bellige almak üçin bildirilýän talaplar:

1) domen ady şahsy adyndan, ikinji derejeli milli domeniň we ýokarky birinji derejeli  milli domeniň adyndan ybarat bolmalydyr;

2) domen atlaryndaky şahsy ady şu aşakdaky tehniki talaplara laýyk gelmelidir:

  1. a) iki belgiden az bolmaly däldir;
  2. b) 63 belgiden köp bolmaly däldir;

ç) harp ýa-da san bilen başlanyp, tamamlanmalydyr;

  1. d) harplardan, sanlardan we kese çyzykdan üýtgeşik belgileri öz içine almaly däldir (latyn elipbiýiniň harplaryny ulanmak rugsat edilýär uly we kiçi harplar tapawutlandyrylmaýar);
  2. e) bir wagtda 3-nji we 4-nji belgileriň arasynda kese çyzyklar goýulmaly däldir;

ä) halkymyzyň milli däplerine garşy gelýän ýa-da ekstremizmi, terrorçylygy wagyz edýän sözleriň goýulmagyna ýol berilmeli däldir;

3) Milli bellige alyjy tarapyndan domen ady bellige alynmazyndan öň, ozalky bellige alynan domen atlarynyň içinde bar bolan şahslaryň atlaryna deň gelmeýänligi barlanylmalydyr;

4) Peýdalanyjynyň öz domen atlarynda jemgyýetiň we döwletiň  bähbitlerine, ynsanperwer we ahlak esaslaryna (şol sanda paýyş manyly, adamzadyň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen häsiýetli, adamlaryň abraýyny we dine bolan garaýşyna bagly duýgularynyň we ş.m. sözleri) garşy gelýän sözleri ulanmaga hukugy ýokdur.

  1. «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlarynyň paýlanylyşy şu aşakdakylar üçin niýetlenilendir:

1) “GOV.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň domen atlaryny bellige almaga;

2) “EDU.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan Türkmenistanyň çäginde ýerleşen ähli bilim edaralarynyň domen atlaryny bellige almaga;

3) “COM.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, telekeçilik işi amala aşyrýan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän fiziki we ýuridik şahslarynyň domen atlaryny bellige almaga;

4) “NET.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Internet hyzmatlaryny üpjün edijiler we beýleki IT kompaniýalary ýaly tor tehnologiýalary bilen meşgullanýan guramalarynyň domen atlaryny bellige almaga;

5) “MIL.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň domen atlaryny bellige almaga;

6) “CO.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlete degişli bolmadyk, täjirçilik däl hem-de şu bölegiň 1-5-nji bentlerinde göz öňünde tutulmadyk şahslaryň domen atlaryny bellige almaga.

  1. Domen adyny bellige almak Peýdalanyjynyň arzasy esasynda, Milli bellige alyjy bilen Şertnama baglaşylyp, domen ady barada degişli maglumatlar maglumatlar goruna (reýestre) girizilenden soňra bellige alnan diýlip hasaplanylýar.
  2. Peýdalanyjynyň domen adyny bellige almak, onuň möhletini uzaltmak ýa-da domen ady bellige alnanda berlen maglumatlary üýgetmek baradaky arzasyna seretmek, arzanyň  Milli bellige alyja gelip gowşan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
  3. Milli bellige alyjy tarapyndan domen adynyň bellige alynmagy Şertnama baglaşylan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
  4. Şol bir domen adyna bir wagtyň özünde birnäçe arzalar bolan halatynda, Şertnamany ilkinji baglaşan Peýdalanyjynyň arzasy kanagatlandyrylýar.
  5. Domeni dolandyrmak hukugy domen ady bellige alnan pursatyndan başlap bellige alyş möhletiniň hereket edýän döwründe hereket edýär.
  6. Milli bellige alyjy domen adyny bellige almakdan şu aşakdaky ýagdaýlarda ýüz dönderip biler:

1) bellige alynmagy haýyş edilýän domen ady maglumatlar gorunda öň bar bolsa;

2) domen ady şu Tertibiň on birinji böleginiň 1-2-nji bentlerinde bellenen tehniki talaplara laýyk gelmese, şeýle hem şu Tertibiň on birinji böleginiň 3-4-nji bentlerinde beýan edilen ýagdaýlar ýüze çykarylsa;

3) Peýdalanyjy tarapyndan şu Tertibiň otuz bäşinji we otuz altynjy böleklerinde hem-de Şertnamada bellenilen domeniň administratory baradaky maglumatlar berilmedik bolsa;

4) Peýdalanyjy Milli bellige alyja, domen adyny bellige almak üçin talap edilýän resminamalary we maglumatlary bermedik bolsa.

  1. Peýdalanyjy tarapyndan saýlanan domen ady boýunça şu Tertipde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplardan başga ýagdaýlarda, saýlanan domen adyny bellige almakdan ýüz döndermäge Milli bellige alyjynyň hukugy ýokdur.
  2. Milli bellige alyjy tarapyndan domen adyny bellige almakdan ýüz dönderilen ýagdaýynda Peýdalanyja ýüz döndermeginiň sebäplerini esaslandyryp habar bermäge borçlydyr.
  3. Käbir sebäplere görä domen ady bellige alynmadyk bolsa, Peýdalanyjy tarapyndan domen adynyň bellige alynmagy barada arza berlendigi hakynda maglumaty we bellige almak üçin berlen maglumatlary ýaýratmaga Milli bellige alyjynyň hukugy ýokdur.
  4. Milli bellige alyjy boşan domen atlary, olary bellige almaklygyň nyrhlary, arzalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmekligiň gaýry şertleri barada maglumatlar soralan ýagdaýynda, Peýdalanyjylaryň dykgatyna ýetirmelidir.
  5. Milli bellige alyjy boşaýan domen atlaryny bellige almaklyk hyzmatyny sargap biljek Peýdalanyjylaryň sanyny çäklendirmeli däldir, käbir Peýdalanyjylara ýa-da käbir Peýdalanyjylar toparyna edilýän hyzmatlar barada maglumatlary almakda artykmaçlyklar döretmeli däldir.
  6. Milli bellige alyjynyň domen adyna we domeniň administratoryna degişli bolan Peýdalanyjy tarapyndan berilýän maglumatlaryň ýa-da maglumatlar gorunda saklanylýan maglumatlaryň dogrudygyny, şol sanda Peýdalanyjydan tassyklaýjy we (ýa-da) anyklaýjy maglumat almak bilen, barlamaga hukugy bardyr. Nädogry, nätakyk maglumatlaryň ýüze çykarylan halatynda, Peýdalanyjy bu barada elektron poçtasynyň üsti bilen duýdurylýar.

 

III bap. Domen atlarynyň bellige alnyşynyň möhleti we onuň uzaldylmagy

 

  1. Domen adynyň bellige alnyşynyň möhleti bir ýa-da 2 (iki) ýyl bolup durýar.
  2. Peýdalanyjynyň domen adynyň bellige alnyşynyň möhletiniň uzaldylmagy çäklendirilmeýär, ýagny bu möhlet Peýdalanyjynyň islegine görä uzaldylýar.
  3. Şertnamada bellenilen öňki möhleti tamamlanýança Şertnamanyň taraplarynyň haýsy hem bolsa biri tarapyndan Şertnamanyň ýatyrylmagy barada isleg bildirilmese, Şertnama ilki baglaşylan möhletine uzaldylan hasaplanylýar, şunda möhletini uzaltmak üçin arzanyň berilmegi talap edilmeýär.
  4. Şertnamanyň taraplarynyň haýsy hem bolsa biri tarapyndan Şertnamanyň ýatyrylmagy barada isleg bildirilse, şertnama ýatyrylýar. Şunda öň bellige alnan domen ady öňki Peýdalanyja berilmegi üçin 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda hiç bir Peýdalanyja berilmän saklanylýar. Bu möhlet geçeninden soňra şol domen ady boýunça arza kabul edilip bilner.

 

IV bap. Domen atlary barada maglumat we olaryň ulanylyşy

 

  1. Domen atlary barada maglumat (domen atlary barada maglumata beýleki maglumatlar bilen birlikde  onuň administratory bilen bagly maglumatlar hem girýär), Peýdalanyjylar tarapyndan berilýän domen atlary barada maglumatlaryň kabul edilişi, işläp taýýarlanylyşy we maglumatlar gorunda saklanylyşy Şertnama esasynda, şu Tertibiň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen kesgitlenilýär.
  2. Domen atlary barada maglumatlar Milli bellige alyjy tarapyndan maglumatlar goruna girizilýär.

Milli bellige alyjynyň Peýdalanyjy tarapyndan berlen domen atlary barada maglumatlary şu Tertipde we Şertnamada göz öňünde tutulmadyk maksatlar üçin ulanmaga hukugy ýokdur.

  1. Milli bellige alyjy domen atlary barada maglumatlary şu aşakdaky maksatlar üçin Milli utgaşdyryja geçirmäge borçludyr:

1) bellige alyş ulgamynyň durnukly işjeňligini üpjün etmek üçin;

2) maglumatlar gorundaky maglumaty barlamak üçin.

  1. Maglumatlar gorundaky maglumatlar şu aşakdaky maksatlar üçin ulanylyp bilner:

1) domen adynyň bellige alyş ýagdaýyny tassyklamak üçin;

2) domen adynyň administratory bolup duran şahsy kesgitlemek üçin;

3) internet ulgamynda salgylanmasyny üpjün etmek üçin;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu Tertip bilen kesgitlenilen tertipde domen atlary barada maglumatlary bermek üçin.

  1. Milli utgaşdyryjy maglumatlar gorundaky maglumatlary bikanun ulanylmagyndan goramak üçin hemme zerur we tehniki çäreleri görmäge borçludyr.
  2. Maglumatlar gorundaşu aşakdakylar saklanylýar:

1) tehniki maglumatlar, şol sanda bellige alyş ulgamynyň işjeňligi üçin zerur bolan maglumatlar;

2) domeniň administratoryny barabarlamak üçin niýetlenilen maglumatlar;

3) domeniň administratory bilen habarlaşmak üçin aragatnaşyk maglumatlar.

  1. Maglumatlar gorunda domeniň administratorlaryny barabarlamak üçin niýetlenilen şu maglumatlar saklanylýar:

1) ýuridik şahslary üçin:

  1. a) ýuridik şahsyň doly atlandyrylyşy;
  2. b) latyn elepbiýi we ASCII-7 kodunyň beýleki belgileri bilen atlandyrylan domeniň administratorynyň ady (eger mümkinçilik bar bolanda);

ç) hukuk salgysy;

  1. d) salgyt töleýjiniň hususy salgyt belgisi;

2) fiziki şahslar üçin:

  1. a) ady, familiýasy we atasynyň ady;
  2. b) doglan senesi;

ç) ýaşaýan ýeri;

  1. d) şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy.
  2. Domeniň administratory bilen habarlaşmak üçin maglumatlar gorunda şu maglumatlar saklanylýar:

1) poçta salgysy;

2) telefon belgisi;

3) telefakslaryň belgileri;

4) elektron poçtasy;

5) gaýry elektron poçta.

  1. WHOIS ulgamynda (hyzmaty) domen atlary barada şu aşakdaky maglumatlary saklanylýar:

1) DNS serweri barada maglumat;

2) delegirlenen domen ady barada maglumat;

3) latyn elepbiýi we ASCII-7 kodunyň beýleki belgileri bilen atlandyrylan domeniň administratorynyň ady;

4) domen administratorynyň elektron poçta salgysy;

5) domen adynyň bellige alnan senesi;

6) bellige alnan domen adynyň möhletiniň tamamlanýan wagty;

7) bellige alyjy barada maglumat.

  1. Peýdalanyjy, administratiw we tehniki jogapkärler özleri barada maglumatlary, ýagny olaryň adyny, familiýasyny we aragatnaşyk maglumatlaryny hem-de domen adyny bellige almak bilen bagly beýleki maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmeklige we “WHOIS” hyzmatynda aýan etmeklige razylyk berýär. Bu maglumatlar (belli bir şahsa degişli bolsa) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, “şahsy maglumat” bolup durýar.

Şeýle hem, Peýdalanyjy tarapyndan administratiw we tehniki jogapkär hökmünde bellenilen adamyň öz maglumatlarynyň maglumatlar goruna (reýestre) girizmekligine razylygy ony bellän Peýdalanyjy tarapyndan alynýar. Maglumatlar goruna (reýestre) girizilmäge degişli maglumatlar hem-de Peýdalanyjy tarapyndan alnan bu maglumatlaryň maglumatlar goruna (reýestre) girizilmegine we “WHOIS” hyzmatynda aýan edilmegine Peýdalanyjy tarapyndan Milli bellige alyja razylyk berilýär.Bu barada Şertnamada görkezilip bilner, Şertnamanyň baglaşylmagy, agzalan razylygyň berlendigini ykrar edýär.

Peýdalanyjy, administratiw ýa-da tehniki jogapkärler maglumatlar goruna (reýestre) girizilýän käbir şahsy maglumatlarynyň, ýagny adynyň, familiýasynyň aýan edilmegini gizlemek üçin “WHOIS” hyzmatlarynyň üsti bilen gizlemek (konfidensiallyk) hyzmatyny saýlap alan halatynda, onuň ady, familiýasy gizlinleşdirilip bilner.

Domen atlary barada maglumatlary goramak “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryndaky maglumatlary goramak bilen bagly talaplaryny ýerine ýetirmek arkaly amala aşyrylýar.

  1. Ikinji derejeli domen atlarynyň hemmesiniň üçünji derejeli domen atlary hökmünde ulanylmagy gadagandyr. Mysal üçin “edu.edu.tm” belgilenen görnüşli belgilemek gadagan edilýär.
  2. Ýokary derejeli domen atlarynyň üçünji derejeli domen atlary hökmünde ulanylmagy gadagan. Mysal üçin “com.gov.tm” we “net.com.tm”.
  3. Maglumatlar gorunda, maglumatlaryň dogry saklanylmagyna Milli utgaşdyryjy tarapyndan gözegçilik edilmelidir.
  4. Domen atlary şu aşakdaky ýagdaýlarda çäklendirilip bilner:

1) domen atlaryny ulanmak ýa-da bellige almak bilen bagly kazyýet önümçiligi alnyp barylýan mahaly;

2) ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazyýetler (kazylar) tarapyndan bellenilen tertipde  çykarylan çözgüt esasynda domen atlary ulanmakda ýa-da bellige almakda käbir hereketlere çäklendirme girizilende;

3) domen administratorynyň şu Tertibiň talaplaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýynda.

Bu agzalan ýagdaýlarda, Milli bellige alyjy maglumatlar goruna domen atlary bilen bagly bolan hereketlere çäklendirmeleri girizmek we/ýa-da çäklendirmeleri aýyrmak barada zerur maglumatlary girizýär.

Milli bellige alyjy we Milli utgaşdyryjy Peýdalanyjynyň öňünde domen atlary bilen bagly bolan hereketlere çäklendirmeleriň girizilendigi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

  1. Domen atlary kazyýetiň bellige alnan domen adyny ýatyrmak barada çykaran çözgüdi esasynda ýatyrylyp bilner.

 

V bap. Hukuklar, borçlar we jogapkärçilikler

 

  1. Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory şu aşakdylara hukuklydyr:

1) domen atlaryny özbaşdak saýlamaga;

2) ýüz tutma esasynda, maglumatlar gorunda saklanylýan özüne degişli domen ady barada hemme maglumaty almaga;

3) Şertnamany ýatyrmaga. Milli bellige alyjy bilen ylalaşyp Şertnama üýtgetme, goşmaça girizmäge;

4) boşan domen atlary we olary bellige almaklygyň nyrhlary, arzalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmekligiň gaýry şertleri barada maglumatlary soramaga;

5) bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän web saýtynda öz eýeçiligine degişli maglumatlary, ýerine ýetirýän işleri, hyzmatlary, garamagyndaky eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar, edaralar we guramalar baradaky maglumatlary hem-de okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlarynyň habarlaryny ýerleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga, täze maglumatlar çykan ýagdaýynda ony täzeläp durmaga.

  1. Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory şu aşakdylara borçludyr:

1) Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlary üçin töleglerini öz wagtynda tölemäge;

2) saýlanan domen ady boýunça ýüze çykan düzgün bozulmalar üçin;

3) maglumatlar goruna (reýestre) girizilen, Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory tarapyndan berlen maglumatlaryň dogrulygyny anyklamak üçin talap edilýän resminamalary we şunuň bilen bagly beýleki maglumatlary, maglumatlaryň talap edilen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda  Milli bellige alyja bermäge;

4) maglumatlar gorunda (reýestrde) saklanylýan maglumatlaryň üýtgän halatynda, haýal etmän 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda Milli bellige alyja habar bermäge;

5) domen adynyň administratoryny we tehniki jogapkäri bellemäge, şeýle-hem ol jogapkärler barada gerekli maglumatlary Milli bellige alyja bermäge;

6) domen adyny bellige almaga arzasyny bermezden öň şu Tertip bilen tanyşmaga;

7) bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän web saýtynda öz eýeçiligine degişli maglumatlary, ýerine ýetirýän işleri, hyzmatlary, garamagyndaky eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar, edaralar we guramalar baradaky maglumatlary ýerleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga, täze maglumatlar çykan ýagdaýynda ony täzeläp durmaga.

Domeniň administratory, bellige alnan domeni dolandyrmak işini ýerine ýetirýär, öz hereketsizliginden ýa-da nädogry hereketlerinden gelip çykýan ähli töwekgellikler (maddy we maddy däl ýitgiler, çykdaýjylar) we ähli hukuk bozulmalary üçin hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Tertibe garşy gelýän hereketleri boýunça Peýdalanyjynyň we Milli bellige alyjynyň önüňde jogapkärçilik çekýär.

Şeýle hem, bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän internet-resurslarynda urşy, milletçiligi, teniniň reňki boýunça, jynsy ýa-da dini ýigrenji, agzalalygy we duşmançylygy wagyz etmeklige gönükdirilen maglumatlar bar bolsa Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýär.

  1. Milli bellige alyjy şu aşakdylara hukuklydyr:

1) Peýdalanyjydan domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlarynyň tölegini öz wagtynda tölenilmegini talap etmäge;

2) Milli utgaşdyryjy tarapyndan ýa-da internet tory ugry boýunça ygtyýarly edara hökmünde görkezilen edaralardan, domen atlary bilen salgylanýan maglumat ulgamyny aşakdaky maksatlar üçin ulanylýandygyny tassyklaýan (delillendirilen) ýüzlenme esasynda, domen atlarynyň delegirlenmesinden ýüz döndermäge we (ýa-da) bellige alnan domen atlaryny togtatmaga:

  1. a) domen atlarynyň meňzeşligi üçin, domen atlarynyň nädogry resmileşdirilişi üçin ýa-da domen atlary fişingiň netijesinde üçünji şahslary ýalňyş pikir eder ýaly edip, olaryň gizlin maglumatlaryny almak üçin niýetlenen bolsa;
  2. b) domen atlary şol adyň üsti bilen girilýän internet-resurslaryndaky üçünji şahslaryň maglumat ulgamlaryna rugsatsyz girmek üçin ýa-da bu ulgamlary wirus geçirmek üçin ýa-da şeýle programmalary dolandyrmak üçin niýetlenen bolsa;

ç) belli bir ýaş derejelerindäki çagalaryň arasynda ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda çäklendirilen maglumatlary özünde saklaýan bolsa;

  1. d) Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de şu Tertibe garşy gelýän ýagdaýlar ýa-da hereketler ýüze çykarylan bolsa;
  2. e) domen atlary fişingiň netijesinde üçünji şahslary ýalňyş pikir eder ýaly edip, olaryň gizlin maglumatlaryny almak üçin, zyýanly programmalary ýaýratmak maksady bilen ulanylýan bolsa;

ä) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda;

3) şu bölekde göz öňünde tutulan ýüze çykarylan ýagdaýlar 1 (bir) aý möhletiň dowamynda düzedilmedik halatynda togtadylan domen atlaryny ýatyrmaga;

4) “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, üçünji şahslaryňý azmaça ýüz tutmasy boýunça, domeniň administratorynyň ady we onuň ýerleşýän (ýaşaýan) ýeri barada doly maglumat bermäge;

5) domen adyna we domen adynyň administratoryna degişli bolan Peýdalanyjy tarapyndan berilýän maglumatlaryň ýa-da maglumatlar gorunda saklanylýan maglumatlaryň dogrudygyny, şol sanda Peýdalanyjydan tassyklaýjy we (ýa-da) anyklaýjy maglumat almak bilen, barlamaga;

6) şu Tertibiň kyrk bäşinji böleginiň ýedinji tesiminde görkezilen ýagdaýlary anyklamagyň başga ýoly bolmasa, bellige alyş möhletiniň dowamynda bellige almak üçin saýlanyp alnan domen atlarynyň saýlama barlagyny islendik wagtda geçirmäge;

7) saýlama barlagyň dowamynda Peýdalanyjy tarapyndan domen adynda jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine, ynsanperwer we ahlak esaslaryna (şol sanda paýyşmanyly, adamzadyň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen häsiýetli, adamyň  hormatyny we mertebesini, dine bolan garaýyşlaryny kemsidiji we ş.m.) garşy gelýän sözler ýüze çykarlan halatynda, domen adyny bellige almakdan ýüz döndermäge ýa-da bellige alnan domen adyny ýatyrmaga. Bu ýagdaýda Milli bellige alyjy domen adyny bellige almakdan ýüz dönderip ýa-da bellige alnan domen adynyň bellige alnyşyny ýatyryp, bu domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrlandygy barada Milli utgaşdyryja habar berýär;

8) Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň nyrhnamasyny, şertlerini we tölegiň möhletini üýtgetmäge;

9) Peýdalanyja domen atlary bellige almak hyzmaty boýunça berlen hasap-fakturalar öz wagtynda tölenmedik halatynda ýa-da sebäpsiz töleg geçirmekden ýüz öwürse, akseptsiz tertipde töleg talapnamalary inkasso goýmak bilen Peýdalanyjynyň hasaplaşyk hasabyndan pul serişdeleri almaga hem-de baglaşylan şertnamany ýatyrmaga.

  1. Milli bellige alyjy şu aşakdylara borçludyr:

1) Peýdalanyjynyň ýüztutmasy esasynda, maglumatlar gorunda (reýestrde) saklanylýan Peýdalanyja degişli domen ady barada hemme maglumaty bermäge;

2) Peýdalanyjy tarapyndan berlen maglumatlar gorundaky (reýestrdäki) maglumatlary üýtgetmek barada arza we onuň ýanyna goşulan resminamalar gelip gowşan pursatyndan başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda maglumatlary üýtgetmäge;

3) Peýdalanyjynyň başlangyjy boýunça Şertnama ýatyrylan ýagdaýynda, onda domen ady baradaky maglumatlary ýöretmeklik üçin maglumatlar goruna girizilen bellige alnyşy ýatyrlan domen atlarynyň maglumatyny maglumatlar gorundan (reýestrden) aýyrmaga;

4) boşan domen atlary we olary bellige almaklygyň nyrhlary, arzalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmekligiň gaýry şertleri barada maglumatlar soralan ýagdaýynda, Peýdalanyjynyň dykgatyna ýetirmäge;

5) Türkmenistanyň GOV.TM, EDU.TM, COM.TM, NET.TM, MIL.TM, CO.TM we beýleki ikinji derejeli milli domenlerinde domen atlaryny bellige almak we hostingiň internet-hyzmatlaryny amala aşyrmaga.

  1. Milli utgaşdyryjy şu aşakdylara borçludyr:

1) domen atlary bellige almak üçin ulanylýan programma-tehniki serişdelerine wagtynda hyzmat etmäge, olaryň üznüksiz işlemegi üçin şol enjamlarda näsazlyk çykyp işlemedik ýagdaýynda, maglumatlary we hyzmatlary ýerine ýetirýän programmalary ätiýaçlandyrylan, işletmäge taýýar görnüşde bolmagyny üpjün etmäge;

2) domen atlary bellige almaklyk üçin ulanylýan programma-tehniki serişdeleriniň, maglumat gorunda ýerleşdirilýän maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

3) domen atlary bellige almaklyk üçin ulanylýan programma-tehniki serişdeleriniň gurnalan ýerlerine girilende we çykylanda anyklaýyş (identifikasiýa) ýa-da tanadyş (autentifikasiýa) ulgamy bilen üpjün etmäge;

4) öz gözegçilik çäginiň daşynda internet ulgamynyň tehniki aýratynlyklary bilen bagly bolup biljek DNS serweriň işleýşiniň bozulmalaryna jogapkärçilik çekmeýär.

 

VI bap. Domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrylmagy

 

  1. Domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrylmagy şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

1) domen adynyň bellige alynýan pursatlarynda, şu Tertibiň on birinji böleginde görkezilen domen atlary boýunça bellenilen tehniki talaplaryna laýyk gelmedik domen atlarynyň bellige alnan halatynda;

2) domen adynyň bellige alyş möhleti tamamlanan ýagdaýynda;

3) Peýdalanyjy tarapyndan domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrylmagy barada ýüz tutma berende;

4) bellige alnan domen adyny ýatyrmak barada kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda;

5) domen adynda jemgyýetiň we döwletiň hukuklaryna hem-de bähbitlerine, ynsanperwer we ahlak esaslaryna garşy gelýän sözleri (hukuk kadalarynyň bozulmalaryny amala aşyrmaga meçew berýän, bihaýaçylykly hereketleri wagyz edýän, ýaşlaryň ruhy we ahlak terbiýesine, milli däp dessurlarymyza ters täsir edýän ot açýan we sowuk ýaraglary, partlaýjy jisimleri, neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, prekursorlary, akyl-huşa täsir edýän maddalary taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary hakynda maglumatly materiallar,şol sanda paýyş manyly, döwletiň howpsuzlygyna garşy gönükdirilen häsiýetli, şahsyýetiň hormatyny we mertebesini, dine bolan garaýşyna bagly duýgularyny kemsidiji we ş.m. sözleri) öz içine alýan bolsa;

6) domen atlary meňzeş bolsa;

7) domen atlary nädogry resmileşdirilen bolsa;

8) domen atlary fişingiň netijesinde üçünji şahslary ýalňyş pikir eder ýaly edip, olaryň gizlin maglumatlaryny almak üçin niýetlenen bolsa.

  1. Peýdalanyjynyň domen adynyň bellige alnyşyny ýatyrmak baradaky ýüz tutmasy esasynda, ýüz tutmanyň gelip gowşan gününden başlap, 5 (bäş) iş gününiň dowamynda Milli bellige alyjy tarapyndan domen adynyň bellige alnyşy ýatyrylmalydyr.
  2. Peýdalanyjynyň domen adynyň bellige alnyşyny ýatyrmak baradaky ýüz tutmasy hasaba alnan gününden başlap, Milli bellige alyjy tarapyndan maglumatlar gorunda (reýestrde) saklanylýan Peýdalanyjynyň maglumatlary doly seljerilmäge degişlidir, 5 (bäş) iş gününiň dowamynda seljerme işlerini tamamlamak mümkin bolmadyk halatynda bu möhlet  10 (on) iş gününe çenli uzaldylýar.
  3. Peýdalanyjy tarapyndan domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrylmagy barada ýüz tutma berlende, aşakdaky ýagdaýlarda domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrylmagyndan ýüz dönderilýär:

1) domen adynyň bellige alyş möhleti tamamlananda;

2) domen adynyň bellige alyş möhleti tamamlanan gününden başlap 30 (otuz) senenama gün geçenden soň domeni dolandyrmak başga bir şahsa berlende;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de şu Tertibe garşy gelýän ýagdaýlar    ýa-da hereketler ýüze çykarylan halatynda;

4) domen adynyň bellige alnyşyny ýatyrmak boýunça maglumatlar gorunda saklanylýan Peýdalanyjynyň maglumatlarynyň seljerilýän mahalynda ýetmeýän maglumatlar Milli bellige alyja berilmedik halatynda.

  1. Domen adynyň bellige alnyşy ýatyrlan gününden başlap 30 (otuz) senanama gün geçenden soň, domeni dolandyrmak başga bir şahsa berilmedik bolsa, Peýdalanyja degişli bolan öňki domen adyny bellige almak isleg bildiren halatynda, Peýdalanyjynyň arzasy boýunça umumy esaslarda amala aşyrylýar.

 

VII bap. Domen atlarynyň delegirlenmesi

 

  1. Domen atlarynyň delegirlenmesi, Peýdalanyjynyň domen adynyň delegirlenmesi baradaky arzasy we onda görkezilen maglumatlaryna hem-de arzanyň ýanyna goşulan resminamalardaky maglumatlara laýyklykda, Milli bellige alyjy tarapyndan maglumatlar goruna (reýestre) girizilen DNS serwerleri, IP-salgylary baradaky we beýleki maglumatlary aýryp, başga täze DNS serwerleri, IP-salgylary baradaky we beýleki maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmek arkaly amala aşyrylýar.

Domen adynyň delegirlenmesi baradaky Peýdalanyjynyň arzasynda DNS serwerleri we/ýa-da IP salgylanmasy barada maglumatlar hökmany görkezilmelidir.

Domen atlarynyň delegirlenmesi diňe Milli utgaşdyryjy tarapyndan tehniki mümkinçilikleri boýunça geçirilen barlagynyň netijesinde rugsat edilýär.

  1. Delegirlenýän domen adynyň işlemegi üçin Peýdalanyjy delegirlenýän domen adynyň bir hakyky IP-salgysynyň, 2 (iki) sany berk birikdirilen we gije-gündiz işleýän DNS serwerleriniň bolmagyny hem-de olaryňdaşky goraglylygyny we gözegçilik astynda bolmagyny üpjün etmelidir.
  2. Delegirlenjek domen adyny  dolandyrmak üçin hukuk alan şahs tarapyndan ulanyljak programma-tehniki serişdeleriniň gurnalan ýerlerine girilende we çykylanda anyklaýyş (identifikasiýa) ýa-da tanadyş (autentifikasiýa) ulgamy bilen üpjün edilmelidir.
  3. Domen adynyň bellige alnyşy ýatyrlanda, togtadylanda ýa-da onuň bellige alnyş möhleti tamamlananda domen adynyň delegirlenmesi bes edilýär.
  4. Peýdalanyjy tarapyndan maglumatlaryň öz wagtynda berilmedik halatynda, domen adynyň delegirlenmesine rugsat edilmeýär.
  5. Milli utgaşdyryjy maglumatlar gorunda domeniň administratory barada nädogry maglumatlary ýüze çykaran halatynda ýa-da Milli bellige alyjynyň soramagy boýunça bu maglumatlary tassyklaýjy resminamalary Peýdalanyjy tarapyndan bellenilen möhletlerde berilmedik halatynda, domen adynyň delegirlenmesine rugsat edilmeýär.
  6. Milli utgaşdyryjy domen adynyň delegirlenmesiniň bes edilmeginiň sebäplerini görkezip, Peýdalanyjynyň elektron poçta salgysy boýunça habarnama ibermelidir.
  7. Milli utgaşdyryjy Peýdalanyjynyň we üçünji şahslaryň öňünde şu Tertibiň talaplaryna laýyklykda, domen adynyň delegirlenmesiniň bes edilmegi bilen bagly bolup biljek maliýe-ykdysady ýitgileri üçin jogapkärçilik çekmeýär.

 

VIII bap. Tölegler

 

  1. Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlary tölegli amala aşyrylýar. Bu tölegler Milli bellige alyjynyň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär. Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň we hostingiň internet-hyzmatlarynyň tölegleriniň nyrhnamasy “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan tassyklanylýar.
  2. Milli bellige alyjy Peýdalanyja töleg resminamalaryny eltip bermek boýunça borjy öz üstüne almaýar.

 

IX bap. Jemleýji düzgünler

 

  1. Domen atlary bilen baglanşykly jedeller ýüze çykan ýagdaýynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de şu Tertibiň kadalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
  2. Milli bellige alyjy bilen Peýdalanyjynyň arasynda ýüze çykyp biljek jedeller özara gepleşikleri geçirmek ýoly bilen  çözmäge çalyşýarlar. Eger Milli bellige alyjy we Peýdalanyjy özara ylalaşyga gelip bilmedik ýagdaýynda,ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
  3. Şertnama boýunça islendik maglumat, Şertnama laýyklykda diňe Peýdalanyja ýa-da bellenen tertipde resmileşdirilen ynanç haty bar bolan adama berlip bilner.
  4. Türkmenistanyň çäginde halkara aragatnaşygy babatdaky iş bilen baglanyşykly gatnaşyklar Türkmenistanyň aragatnaşyk babatdaky halkara şertnamalary, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şu Tertip we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

«.TM» ýokarky derejeli milli domende

domen atlaryny we internet saýtlaryny

bellige almagyň Tertibine

1-nji goşundy

 

Domen adyny bellige almak, domen adynyň bellige alnyş möhletini uzaltmak

ýa-da domen adyny bellige alnanda berlen maglumatlary üýtgetmek barada

ýüz tutma

 

Türkmenistanyň

“Milli utgaşdyryjy domen merkezi” hojalyk jemgyýetine

 

Domen adyny bellige almak, domen adynyň bellige alnyş möhletini uzaltmak ýa-da domen adyny bellige alnanda berlen maglumatlary üýtgetmek (degişlisini görkezmeli) barada goşundyda görkezilen arzany kabul etmegiňizi Sizden haýyş edýäris.

 

 

      Goşundy: arza

 

«.TM» ýokarky derejeli milli domende

domen atlaryny we internet saýtlaryny

bellige almagyň Tertibine 1-nji goşundy Görnüş №1 (ýuridik şahslar üçin)

 

Domen adyny bellige almak, domen adynyň bellige alnyş möhletini uzaltmak

 ýa-da domen adyny bellige alnanda berlen maglumatlary üýtgetmek barada Arza

(degişlisini görkezmeli)

 

  1. Ýuridik şahsyň maglumatlary

1) ady

2) guramaçylyk-hukuk görnüşi

3) eýeçiliginiň görnüşi

4) döwlet edarasy bolsa maliýeleşdirilişi

5) hukuk salgysy

6) poçta indeksi  7) e-mail

8) telefon belgisi  9) faks

  1. Domen administratory barada maglumat

1) ady we familiýasy

2) telefon belgisi e-mail

  1. Tehniki jogapkär barada maglumat

1) ady we familiýasy  2) telefon belgisi 3) e-mail

  1. Domen ady barada maglumat

(mysal üçin nusga: www.domen.com.tm (website record) and doc.domen.com.tm)

1) domen ady

  1. Web saýt (aşakdakylardan birini saýlaň)

IPv4 salgym

  1. Töleg barada

1) kartyň görnüşi

2) kart belgisi  4) CVN/CVV

3) kartdaky ady  5) möhleti

  1. Domen adyny bellige almagyň maksady 

Web-saýtyň maksatlaryny we kontentlerini beýan etmeli

  1. Arza beriji

 

ady we familiýasy

 

güni. aýy. ýyly

goly we möhür ýeri                                                           senesi

 

«.TM» ýokarky derejeli milli domende

domen atlaryny we internet saýtlaryny

bellige almagyň Tertibine 1-nji goşundy Görnüş №2 (fiziki şahslar üçin)

 

Domen adyny bellige almak, domen adynyň bellige alnyş möhletini uzaltmak

 ýa-da domen adyny bellige alnanda berlen maglumatlary üýtgetmek barada  Arza

(degişlisini görkezmeli)

 

  1. Fiziki şahsyň maglumatlary

1) ady

2) öý salgysy

3) pasport maglumatlary  4) e-mail

5) telefon belgisi  6) faks

  1. Domen administratory barada maglumat

1) ady we familiýasy

2) telefon belgisi 3) e-mail

  1. Tehniki jogapkär barada maglumat

1) ady we familiýasy

2) telefon belgisi 3) e-mail

  1. Domen ady barada maglumat

( Mysal üçin nusga: www.domen.com.tm (website record) and doc.domen.com.tm )

1) domen ady

  1. Web saýt (aşakdakylardan birini saýlaň)

IPv4 salgym

  1. Töleg barada

1) kartyň görnüşi

2) kart nomeri  4) CVN/CVV

3) kartdaky ady  5) möhleti

  1. Domen adyny bellige almagyň maksady 

Web-saýtyň maksatlaryny we kontentlerini beýan etmeli

8.Arza beriji

 

ady we familiýasy

 

güni. aýy. ýyly

goly we möhür ýeri                                                                                                   senesi

 

 

«.TM» ýokarky derejeli milli domende

domen atlaryny we internet saýtlaryny

bellige almagyň Tertibine

2-nji goşundy

 

Domen atlaryny bellige almak hyzmatlaryny bermek barada

ŞERTNAMA №________

 

«____» ___________2020 ý.                                                 Aşgabat şäheri

 

Bir tarapdan Türkmenistanyň “Milli utgaşdyryjy domen merkezi” hojalyk jemgyýeti, mundan beýläk – Milli bellige alyjy diýip atlandyrylýan, onuň adyndan Tertipnamanyň esasynda hereket edýän direktory _________________, beýleki tarapdan_____________________________________________________________

mundan beýläk – Peýdalanyjy diýip atlandyrylýan, onuň adyndan Düzgünnamanyň esasynda hereket edýän_________________________________bilelikde Taraplar diýlip atlandyrylyp, şu Domen atlaryny bellige almak hyzmatlaryny bermek barada

şertnamany (mundan beýläk-şertnama) aşakdakylar barada baglaşdylar.

 

  1. Şertnamanyň mazmuny we bahasy

 

  1. Milli bellige alyjy, şu şertnama laýyklykda Peýdalanyjynyň “______________________” domen adyny bellige almak hyzmatyny amala aşyrýar.
  2. Milli bellige alyjy, şu aşakdaky bellige almak hyzmatlaryny edýär:

1) domen adyny 1 (bir) ýyllyk möhlet bilen bellige almak;

2) domen ady, onuň administratory hakynda we gaýry maglumatlary degişli tertipde maglumatlar goruna (reýestre) girizmek;

3) domen ady, onuň administratory hakynda we gaýry maglumatlara üýtgetmeler girizmek;

4) maglumatlar gorunda (reýestrde) bellige alnan domen adynyň möhletini uzaltmak baradaky maglumatlary girizmek.

  1. Peýdalanyjy, şu şertnamada kesgitlenen şertlere hem-de tertibe laýyklykda domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almak hyzmatlaryny kabul etmäge we Milli bellige alyjynyň ýerine ýetirýän hyzmatlary üçin 1 (bir) ýyllyk ______(_____) manat möçberde tölegleri geçirmäge borçlanýar.

 

  1. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

  1. Milli bellige alyjy şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň nyrhnamasyny, şertlerini we tölegiň möhletini üýtgetmäge;

2) Peýdalanyjydan domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlarynyň tölegini öz wagtynda tölenilmegini talap etmäge;

3) “.TM” ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibinde bellenilen ýagdaýlarda, domeniň delegirlenmesini hem-de bellige alnan domen adyny togtatmaga we (ýa-da) ýatyrmaga;

4) Peýdalanyjy tarapyndan domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrylmagy barada ýüz tutma berlende, “.TM” ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibinde bellenilen ýagdaýlarda domen adynyň bellige alnyşynyň ýatyrylmagyndan ýüz döndermäge;

5) Peýdalanyja domen atlary bellige almak hyzmaty boýunça berlen              hasap-fakturalar öz wagtynda tölenmedik halatynda ýa-da sebäpsiz töleg geçirmekden ýüz öwürse, akseptsiz tertipde töleg talapnamalary inkasso goýmak bilen Peýdalanyjynyň hasaplaşyk hasabyndan pul serişdeleri almaga hem-de baglaşylan şertnamany ýatyrmaga.

  1. Milli bellige alyjy şu aşakdakylara borçlanýar:

1) Peýdalanyjynyň ýüztutmasy esasynda,  maglumatlar gorunda saklanylýan Peýdalanyja degişli domen ady barada hemme maglumaty bermäge;

2) Peýdalanyjy tarapyndan berlen maglumatlar gorundaky maglumatlary üýtgetmek barada arza we onuň ýanyna goşulan resminamalar gelip gowşan pursatyndan başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda maglumatlary  üýtgetmäge;

3) Peýdalanyjynyň başlangyjy boýunça Şertnama ýatyrylan ýagdaýynda, onda domen ady baradaky maglumatlary ýöretmeklik üçin maglumatlar goruna girizilen bellige alnyşy ýatyrlan domen atlarynyň maglumatyny maglumatlar gorundan (reýestrden)   aýyrmaga;

4) boşan domen atlary we olary bellige almaklygyň nyrhlary, arzalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmekligiň gaýry şertleri barada maglumatlar soralan ýagdaýynda, Peýdalanyjynyň dykgatyna ýetirmäge;

5) Türkmenistanyň GOV.TM, EDU.TM, COM.TM, NET.TM, MIL.TM, CO.TM we beýleki ikinji derejeli milli domenlerinde domen atlaryny bellige almak we hostingiň internet-hyzmatlaryny amala aşyrmaga;

6) domen adynyň bellige alynmagyny, Şertnama baglaşylan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda amala aşyrmaga;

7) Peýdalanyjynyň domen adyny bellige almak, onuň möhletini uzaltmak ýa-da domen ady bellige alnanda berlen maglumatlary üýgetmek baradaky arzasyna seretmekligi, arzanyň  Milli bellige alyja gelip gowşan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda amala aşyrmaga.

  1. Peýdalanyjy şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) domen atlaryny özbaşdak saýlamaga;

2) ýüz tutma esasynda, maglumatlar gorunda saklanylýan özüne degişli domen ady barada hemme maglumaty almaga;

3) Şertnamany ýatyrmaga. Milli bellige alyjy bilen ylalaşyp Şertnama üýtgetme, goşmaça girizmäge;

4) boşan domen atlary we olary bellige almaklygyň nyrhlary, arzalary kabul etmegiň we ýerine ýetirmekligiň gaýry şertleri barada maglumatlary soramaga;

5) bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän web saýtynda öz eýeçiligine degişli maglumatlary, ýerine ýetirýän işleri, hyzmatlary, garamagyndaky eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar, edaralar we guramalar baradaky maglumatlary hem-de okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlarynyň habarlaryny ýerleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga, täze maglumatlar çykan ýagdaýynda ony täzeläp durmaga.

  1. Peýdalanyjy şu aşakdakylara borçlanýar:

1) Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlary üçin töleglerini öz wagtynda tölemäge;

2) saýlanan domen ady boýunça we bu domen ady bilen baglylykda üçünji şahslar tarapyndan ýüze çykan düzgün bozulmalary üçin jogapkärçilik çekmäge;

3) maglumatlar goruna (reýetre) girizilen, Peýdalanyjy ýa-da onuň administratory tarapyndan berlen maglumatlaryň dogrulygyny anyklamak üçin talap edilýän resminamalary we şunuň bilen bagly beýleki maglumatlary, maglumatlaryň  talap edilen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda  Milli bellige alyja bermäge;

4) maglumatlar gorunda (reýestrde) saklanylýan maglumatlaryň üýtgän halatynda, haýal etmän 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda Milli bellige alyja habar bermäge;

5) domen adynyň administratoryny we tehniki jogapkäri bellemäge, şeýlehem ol jogapkärler barada gerekli maglumatlary Milli bellige alyja bermäge;

6) domen adyny bellige almaga arzasyny bermezden öň “.TM” ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibi bilen tanyşmaga;

7) bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän web saýtynda öz eýeçiligine degişli maglumatlary, ýerine ýetirýän işleri, hyzmatlary, garamagyndaky eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar, edaralar we guramalar baradaky maglumatlary ýerleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga, täze maglumatlar çykan ýagdaýynda ony täzeläp durmaga;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda domen atlary bilen bagly bellenilen talaplary ýerine ýetirmäge.

 

III. Hasaplaşyklar we töleg şertleri

 

  1. Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlary bilen bagly tölegler Milli bellige  alyjynyň  hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.
  2. Peýdalanyjy bilen hasaplaşyklar “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan tassyklanylan Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlarynyň we hostingiň internet-hyzmatlarynyň tölegleriniň nyrhnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  3. Milli bellige alyjy tarapyndan berilýän hasap-fakturalar 1 (bir) ýyl üçin hasaplanylýar.

Domen atlary bellige almak hyzmatynyň tölegi, Peýdalanyjy bilen Milli bellige alyjynyň arasynda şertnama baglaşylyp, Peýdalanyjynyň ygtyýarly wekili tarapyndan hasap-faktura alnan senesinden soňra 5 (bäş) iş günüň dowamynda Peýdalanyjy tarapyndan 1 (bir) ýyllyk yzyna gaýtarylmaýan öňünden töleg edilmelidir. Töleg resminamalarynda tölenen hyzmatlaryň görnüşi, şertnama we hasap-faktura belgileri görkezilmelidir.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edaralar, kärhanalar, guramalar üçin ýerine ýetirilen hyzmatlaryň delilnamasy esasynda her aýma-aý töleg geçirilip bilner.

  1. Domen atlary bellige almak hyzmaty üçin tölegini Peýdalanyjy karz almak arkaly amala aşyryp biler.
  2. Peýdalanyjyda ýeterlik möçberde pul serişdesiniň ýoklugy, Peýdalanyja edilen hyzmatlar üçin töleg tölemekden boşatmaýar.

 

  1. Taraplaryň jogapkärçiligi

 

  1. Milli bellige alyjy şu şertnama boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilik çekýär.
  2. Milli bellige alyjy şu aşakdakylar üçin jogapkärçilik çekmeýär:

1) Peýdalanyjynyň öňünde domen atlary bilen bagly bolan hereketlere çäklendirmeleriň girizilendigi üçin;

2) Peýdalanyjynyň adyna bellige alnan domen adynda ýerleşdirilen maglumatlaryň mazmunyna.

  1. Peýdalanyjy şu aşakdakylara jogapkärçilik çekýär:

1) şu şertnama boýunça  borçlaryň we Türkmenistanyň kanunçylygynda domen atlary bilen bagly bellenilen talaplaryň ýerine ýetirilmegine;

2) bellige alnan domen adynyň üsti bilen girilýän internet-resurslarynda urşy, milletçiligi, teniniň reňki boýunça, jynsy ýa-da dini ýigrenji, agzalalygy we duşmançylygy wagyz etmeklige gönükdirilen maglumatlar bar bolsa;

3) Peýdalanyjy tarapyndan domen adyny dolandyrmak üçin berkidilen Administratoryň hereketsizliginden ýa-da nädogry hereketlerinden gelip çykýan ähli töwekgelçilikler (maddy we maddy däl ýitgiler, çykdaýjylar) we bozulmalar üçin;

4) saýlanan domen ady boýunça ýüze çykan düzgün bozulmalar üçin.

  1. Peýdalanyjy, administratiw we tehniki jogapkärler özleri barada maglumatlary, ýagny olaryň adyny, familiýasyny we aragatnaşyk maglumatlaryny hem-de domen adyny bellige almak bilen bagly beýleki maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmeklige we “WHOIS” hyzmatynda aýan etmeklige razylyk berýär. Bu maglumatlar (belli bir şahsa degişli bolsa) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, “şahsy maglumat” bolup durýar.
  2. Peýdalanyjy tarapyndan administratiw we tehniki jogapkär hökmünde bellenilen adamyň öz maglumatlarynyň maglumatlar goruna (reýestre) girizmekligine razylygy ony bellän Peýdalanyjy tarapyndan alynýar. Maglumatlar goruna (reýestre) girizilmäge degişli maglumatlar hem-de Peýdalanyjy tarapyndan alnan bu maglumatlaryň maglumatlar goruna (reýestre) girizilmegine we “WHOIS” hyzmatynda aýan edilmegine Peýdalanyjy tarapyndan Milli bellige alyja razylyk berilýär. Şu şertnamanyň baglaşylmagy, Peýdalanyjy tarapyndan Milli bellige alyja agzalan razylygyň berlendigini ykrar edýär.
  3. Peýdalanyjy, administratiw ýa-da tehniki jogapkärler maglumatlar goruna (reýestre) girizilýän käbir şahsy maglumatlarynyň, ýagny adynyň, familiýasynyň aýan edilmegini gizlemek üçin “WHOIS” hyzmatlarynyň üsti bilen gizlemek (konfidensiallyk) hyzmatyny saýlap alan halatynda, onuň  ady, familiýasy gizlinleşdirilip bilner.

 

  1. Şertnamanyň hereket ediş möhleti

 

  1. Domen adynyň bellige alnyş möhleti, şu şertnama Taraplar tarapyndan gol çekilen gününden hasaplanylýar.
  2. Domen adynyň bellige alnyşynyň möhleti bir ýa-da 2 (iki) ýyl bolup durýar.
  3. Şertnamada bellenilen öňki möhleti tamamlanýança Şertnamanyň taraplarynyň haýsy hem bolsa biri tarapyndan Şertnamanyň ýatyrylmagy barada isleg bildirilmese, Şertnama ilki baglaşylan möhletine uzaldylan hasaplanylýar, şunda möhletini uzaltmak üçin arzanyň berilmegi talap edilmeýär. Şu ýagdaýda Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlary bilen bagly tölegler Peýdalanyjy bilen Milli bellige alyjynyň arasynda baglaşylan öňki şertnamanyň möhletiniň gutaran gününden başlap hasap-faktura laýyklykda 5 (bäş) iş gününiň dowamynda Peýdalanyjy tarapyndan 1 (bir) ýyllyk töleg edilmelidir. Bu töleg şertnamanyň möhleti gutarmazyndan öň hem tölenilip bilner.
  4. Peýdalanyjy şu şertnamanyň möhleti tamamlanmazdan öň, şertnamany ýatyrmak barada hat üsti Milli bellige alyja ýüz tutan ýagdaýynda, şu şertnama ýatyrylyp bilner. Bu ýagdaýda Peýdalanyjy tarapyndan geçirilen tölegler yzyna gaýtarylmaýar.

 

  1. Şertnama üýtgetmeleri girizmegiň tertibi

 

  1. Şu şertnama üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada meseleler ýüze çykan ýagdaýynda, Taraplaryň razylygy boýunça goşmaça ylalaşyk baglaşylyp bilner.

 

VII. Jedelleri çözmegiň tertibi

 

  1. Şu şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmek bilen bagly Taraplaryň arasynda ýüze çykan düşünişmezlikler we jedelli meseleler gepleşikler arkaly çözmeklik üçin Taraplar tarapyndan ähli çäreler görülmelidir.
  2. Taraplaryň arasynda düşünişmezlikler we jedelli meseleler gepleşikler arkaly çözülip bilinmedik halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde çözülmäge degişlidir.

 

VIII. Jemleýji düzgünler

 

  1. Şu şertnamada göz öňünde tutulmadyk galan gaýry meseleler ýüze çykan ýagdaýynda olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülmelidir.
  2. Şu şertnama bilen baglanyşykly ähli üýtgetmeler we goşmaçalar Taraplar tarapyndan ýazmaça görnüşinde amala aşyrylmalydyr.
  3. Şu şertnama bilen baglanyşykly ähli üýtgetmeler we goşmaçalar şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
  4. Şu şertnama döwlet dilinde 2 (iki) asyl nusgada düzüldi, Taraplaryň her birisi üçin 1 (bir) asyl nusga we olaryň ikisiniň hem deň hukuk güýji bardyr.

 

  1. Taraplaryň hukuk salgysy we bank maglumatlary
 

“Milli bellige alyjy”

 

Türkmenistanyň

“Milli utgaşdyryjy domen merkezi”

hojalyk jemgyýeti

 

“Peýdalanyjy”

 

________________________________

(fiziki şahsyň/ýuridik şahsyň ady)

Hukuk salgysy: Aşgabat şäheri

Oguzhan köçesi  217-nji jaý.

Hukuk salgysy: ____________________
Bank: “TDYDB” Aşgabat ş. Bank: ____________________________
S/k:  101 511 006 020 S/k: ______________________________
MFO:   390 101 201 MFO: ____________________________
H/h: 23 202 934 120 182 400 126 000 H/h: _____________________________
Direktor

________________________

(ady,familiýasy)

__________________________

(goly, möhür ýeri)

 

(fiziki şahsyň ýa-da ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň ady, familiýasy)

______________________________

(goly, möhür ýeri)

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda 1359 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Çeşme : minjust.gov.tm

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle