TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Domen atlary: gov.tm, edu.tm, com.tm we beýlekileri kim ullanyp bilýär?

Ýadyňyzda bolsa ýaňy-ýakynda  “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda çykaran 63 belgili buýrugy bilen kabul edilen  «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň Tertibini www.atavatan-turkmenistan.com saýtynya ýerleşdiripdik. Şol tertipde TM ýokary derejeli milli domende domen atlarynyň peýdalanyşynyň haýsy niýetler üçin kesgitlenendigini görkezilýär.

«.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlarynyň paýlanylyşy şu aşakdakylar üçin niýetlenilendir:

1) “GOV.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň domen atlaryny bellige almaga;

2) “EDU.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan Türkmenistanyň çäginde ýerleşen ähli bilim edaralarynyň domen atlaryny bellige almaga;

3) “COM.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, telekeçilik işi amala aşyrýan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän fiziki we ýuridik şahslarynyň domen atlaryny bellige almaga;

4) “NET.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Internet hyzmatlaryny üpjün edijiler we beýleki IT kompaniýalary ýaly tor tehnologiýalary bilen meşgullanýan guramalarynyň domen atlaryny bellige almaga;

5) “MIL.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň domen atlaryny bellige almaga;

6) “CO.TM” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlete degişli bolmadyk, täjirçilik däl hem-de şu bölegiň 1-5-nji bentlerinde göz öňünde tutulmadyk şahslaryň domen atlaryny bellige almaga.

Şol tertibi dolulygyna okamak üçin Domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibi tassyklandy habaryny okaň!

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle