TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dokma pudagynyň ýeňil senagatdaky orny

Dokma senagaty  – ýeňil senagatyň bir bölegi bolup durýar. Ýeňil senagatda köp sanly oba hojalyk önümleri gaýtadan işleneilýär. Şeýle hem emeli we sintetik ýüplükleriň hem gaýtadan işlenilmegi ýeňil senagatyň düzümine girýär.

Ýeňil senagatyň has giňden ýaýran ugurlarynyň biri bolan dokma senagatynda pagta gaýtadan işlenip, dürli önümler öndürilýär. Bu senagat birnäçe ugurlara bölünýär. Şeýle hem soňky döwürlerde dokalmaýan senagat ugruna hem giň orun berilýär.

Global dokma senagatynda bäş esasy sebit bar: Gündogar Aziýa, Günorta Aziýa, GDA, Ýewropa we ABŞ.

Dokma senagatynda matalaryň ähli görnüşleriniň önümçiliginde öňdebayrjy ýurtlar:Hytaý (35 mlrd, м2); Hindistan (20 mlrd, м2); ABŞ (10 mlrd. м2). Ähli matalaryň önümçiliginde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Russiýam Germaniýa, Italiýa, Fransiýa we Braziliýa ýaly ýurtlar hem bar. Ösen ýurtlar matalaryň ähli görnüşlerini öndürýärler, ösüp gelýän ýurtlar bolsa 90 göteirm nah mata önümçiligine ýöriteleşendir. Nah mata önümçiliginde hem Hytaý, Hindistan we Indoneziýa öňdeligi eýeleýär. Deri önümçiliginde Hytaý, Italiýa we Ýaponiýa, ýüpek önümçiliginde Hytaý, Ýaponiýa we Hindistan öňde barýar. Himiki süýümlerden mata önümçiliginde ABŞ, Hindistan we Ýaponiýa öňdeligi eýeleýär.

Dokma senagatynda Türkmenistan döwletimiz hem uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda «Goza», «Wada», «Bedew», «Nusaý», «Gala», «Arwana», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Ak pamyk» haryt nyşanly önümler öndürilýär. Bu günki gün türkmen dokma önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanan ugurlaýyn senagatyň çalt ösmegi, iň oňat içerki we dünýä tejribesiniň ulanylmagy esasynda, daşary ýurtlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar.

Geçen ýyl gurlup ulanmaga berlen Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan häzirki zaman dokma toplumlary hem kuwwatly senagat düzümleri bolup, ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatyna täze güýç goşdy.

Nurgeldi Annamyradow, TOHU-nyñ talyby.

 

Söwda ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar ýurduň geljegi : Baýragyň gutly bolsun!

Baş Redaktor

Oba hojalygy ösüşli menzillerde

Garaşsyzlyk we halkara hukugyň dabaralanmasy

Teswirle