TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dokma pudagy: eksport artdyrylar we milli brendler dörediler

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow içerki we daşarky bazarlarda dokma önümleriniň ýerlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleri ýerli sarp edijilerde we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan milli nyşanlary döretmek boýunça işler amala aşyrylýar. Hususan-da, «Bedew» nyşanly jinsi önümleri, «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, «Gala» nyşanly tikin-örme önümleri, «Ýeňiş» nyşanly erkek köýnekleri giň meşhurlyga eýe boldy.

Şunuň bilen birlikde, «Goza» hem-de «Wada» nyşanly harytlaryň önümçiligini we ýerlenilişini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa önümiň görnüşleriniň mahabatlandyrylmagyna, giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň eksportynyň artdyrylmagyna ýardam berýär.

Sarp edijileriň barha artýan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, çagalar we ulular üçin niýetlenen tomus-güýz möwsümi üçin egin-eşikleriň hem-de aýakgaplaryň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Her bir ýokary okuw mekdebiniň aýratynlygyny nazarda tutup we milli nagyşlaryň görnüşlerini ulanmak bilen, talyplar üçin sport lybaslarynyň täze nusgalary taýýarlanyldy. Bu önümleriň ýerlenilişini has-da giňeltmek üçin paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýöriteleşdirilen birnäçe täze dükanlary açmak teklip edilýär.

Dokma kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, birnäçe maýa goýum taslamalaryny, hususan-da, olary döwrebaplaşdyrmak hem-de öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda dokma senagatynyň okgunly ösdürilmeginiň, Diýarymyzyň hem-de dünýäniň iň oňat tejribesiniň peýdalanylmagynyň netijesinde, türkmen dokmasynyň diňe bir içerki däl, eýsem, halkara bazarlarda hem bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýandygyny nygtady.

Dokma senagatynyň ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň depginli ösdürilmeginiň nusgasy boldy. Döwlet Baştutanymyz pudagyň önümçilik binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, munuň bolsa öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeltmäge hem-de daşary ýurtly öndürijileriň önümlerinden pes bolmadyk taýýar önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen bezegçileri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur alyp, egin-eşikleriň dünýä derejesindäki döwrebap biçüwli täze önümçiliklerini we beýleki harytlary çykarmagy ýola goýmalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Dokma önümleriniň daşarky bazarlarda has işjeň ilerledilmegi üçin degişli mahabat-maglumat goldawy hem zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem söwdany guramak hem-de alyjylaryň amatlylygy üçin şertleri döretmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: parlament ugry boýunça ylalaşyga gol çekildi

“Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn sammiti Awazada geçiriler

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Teswirle