TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dokma önümleriniň täze dükany

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde döwlet Baştutanyna Aşgabatda dokma önümleri boýunça täze dükanlary açmaga taýýarlyk görülýändigi habar berildi. Türkmen paýtagtynda şeýle dükanlaryň biri eýýäm işe girizildi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmahyzmat» kärhanasynyň binýadynda açylan täze söwda dükany paýtagtymyzyň Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Köçäniň 3-nji jaýynda ýerleşýän dükan alyjylara dokma önümleriniň «Nusaý», «Gala», «Bürgüt», «TG Aýakgap», «Altyn asyr» ýaly brendlerini hödürleýär.

Dünýä bazarynda hem müşderisi barha artýan bu brendleriň önümleriniň Aşgabatdaky täze dükanda elýeterli bahadan hödürlenilmegi esasy aýratynlykdyr. Şonuň üçin hem eýýäm ilkinji günlerden müşderisi ýetik.

Ýakynda paýtagtymyzda ýene birnäçe nokatda şeýle dükanlary açmak meýilleşdirilýär. 

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Teswirle