BIZNES

Dokma önümleriniň elektron söwda binýady dörediler

Milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagyny dörebap derejede ösdürmek babatda hem-de bu pudakda öndürilýän önümlerini giň alyjylar köpçüligine ýetirmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Bu babatda dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek babatda işler ýola goýulýar. Häzirki wagtda elektron binýat döretmek işleri dowam edip, onuň sahypalarynda dokma nyşanlary, marketing hyzmatlary babatda degişli maglumatlary ýerleşdirmek, şol sanda çykarylýan dokma önümlerini satyn almak üçin elektron görnüşdäki sargytlary resmileşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem birinji tapgyrda sargyt edilen dokma önümlerini ýurdumyz boýunça eltilmeginini, geljekde bolsa daşary ýurtlara iberilmegini guramak meýilleşdirilýär. Elektron söwda binýady ýörite programmalar bilen üpjün ediler. Geljekde bu söwda binýadynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy söwda ulgamlary we ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu taslamany Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” harytşynaslyk merkezi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Dokma önümleriniň elektron söwda binýady döredilmegi baradaky hasabatlar Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär